Monday, October 22, 2007

Edebiyat we Sungat - - - - - - ادبّیات و صـونـغـات - - - - - عبدالراحمن


Bir agaç kök urman boý aljak boldy.
Tokaý agajyna boýaljak boldy.
„Gurçuklar ýanynda, palçyga çümüp,
Beýle pes däl,“ – diýdi „gömülip ýatyp.“
Köküni sogurdy palçygyn kakyp.
Palçygyny ýuwdy bir ýagyş ýagyp.
Bäş ýapragy ýyldyrapjyk begendi,
Boýdan baş suw damjasyna bezeldi.
Arassa boýuna guwandy agaç.
Iki gün geçende ökündi agaç.
Bir gün arassalyk, tiz ösmek pikir,
Onuň ýerini edip goýdy çukur.
Abdyrahman, 2007.
*************************

"Gelin jan, gel!" - diýip güldiň mylaýym,
Ýassyga ýan berip gök çaý başynda.
Utançly sorady: "Gülýäňmi gaýyn?"
"Begenýärin." - diýdiň ol jaýlaşanda.
Göwresin synlansoň pikriňe saldyň
"Agtykly bolýaryn, saýlaýyn bir at ...
"Köçeden ses geldi penjirä bardyň
Geçip barýar uly bir tazahorat.
"Hak aý, hak aý" - diýip, eliň alnyňda
Gelniňi çagyryp hak aý etdirdiň.
"Bagtymyz bir bolsun!" - diýip aýdaňda
Göze ýaş tegeläp bir dem kütdirdiň.
Ýumrugyny düwüp elin, bulaýlap,
Oglun-da barýardy jem arasynda.
Oturýar sesleri kalbyňda oýnap,
Muny bilýäň diňe jana siňende. ....


Goşgynyn Dowamy ...

1 comment:

  1. Näçe aý geçmändi uruş başlandy.
    "Halkymy goraýyn hoş ezizlerim,
    Indi hökümetden ara daşlandy"-
    Diýip ýakdy seniň ýuka ýüregiň

    "Emen süýdüň halal etdim jan ogul!
    Ömrüň uzak bolsun ýoluň hem ýagty.
    Ýeňsäňden arkaýyn ugra han ogul.
    "Wah, ýöne çüwmedi enäniň bagty ...

    Gözýaşly gelniňe utançly aýtdyň:
    "Sepaýdym-da yssy çaýy bir gezek."
    Bükeldip biliňi jaýyňa gaýtdyň
    "Gaýdyp gelmez, ökünmeden ne derek."

    Özüm gören kimin ýadymda düýşüň.
    Ertesi aýtdyň: "Düýşi göremde,
    Emdi guzy goýny." Bildim köýüşiň
    Dogylmadyk çaga ogul diýeňde.

    Düýşüňi ýorup-da aýdyp otyrkaň,
    Ýaşmagny aýyryp gelniň gelipdi
    "Görüň çaý çommalýar, görsene gaýyn!"-
    Diýip ýeňläp gelin bir dem gülüpdi.

    Çaýy hem dökmän saklap ýör gelin.
    Bir çaga iki ene ogul diýjekdir.
    Ikisi hem ýarman gezip ýör dilin.
    Çagalar ertesi gülüp geljekdir.

    Dikelmän galmaz baýdak ýykylsa.
    Geler gider adamlar ýitdirmez ýatlar.
    Soralmany durmaz ganlar dökülse.
    Söweş köşär welin göterler atlar.

    Abdyrahman, Aşgabat 1988.
    Weblog Turkmen Canada"

    ReplyDelete