Saturday, January 12, 2008

T A R Y H - - - - - - - تــــا ر یــــخ

GÖKDEPE GALASYNYÑ SYNMAGYNYÑ WE TÜRKMENISTANYÑ KOLONIAL GARAŞLYLYGA DÜŞMEGINIÑ ÝAS GÜNI
********
Gökdepe galasy 1881 ýylyñ 12-nji ýanwarynda weýran edilýär. General Lomakiniñ baştutanlygyndaky birinji çozuşlary şowsuz gutaran rus basybalyjylary bu masgaraçylykdan çykmak üçin 1880 ýylda ikinji gezek Türkmen topragyna çozup girýärler. Bu gezek rus goşunlaryna rus-türk urşunda agressivlikde we rehimsizlikde ýakasyny tanadan, şöhratparaz we gedem general Skobelev baştutan bellenilýär. Ol öz basybalyjy, ganhor patyşasynyñ ynamyny ödemek üçin hiç zatdan gaýtmajakdygyny entek Peterburgdaka belli edipdir. Döwürdeşleriniñ bellemegine görä, general Skobelev türkmenleriñ hemmesiniñ Gökdepe galasyna ýygnanyp, goranyş urşuny alyp barmaklaryny Hudaýdan diläpdir. Sebäbi ol ors goşunlarynyñ türkmenleriñkiden has gowy ýaraglananlygyny oñat bilipdir we uzaga atýan agyr toplaryny ulanmaga mümkinçilik alsalar, onda hökman ýeñjekdiklerine ikirjiñlenmändir. ...

Dowamy ... دوامـــی

1 comment:

  1. Döwürdeşleriniñ şaýatlyk etmeklerine görä, general Skobelev Gökdepe galasyny gana gark etmegi we şeýdibem ruslaryñ milli gahrymanyna öwrülmegi arzuw edipdir. Şonuñ üçinem ol türkmenleriñ gaça uruş, ýagny partizançylyk taktikasyny däl-de, gala gaplanyp, goranyş usulyny saýlap almaklaryny isläpdir. Çünki rus goşunlary özleriniñ ýarag taýdan artykmaçlyklaryny diñe galanyñ garşysyna ulanyp biljekdiler. Eger-de türkmenler gaça uruş taktikasyny saýlap alsalar, onda süýräp gelen köpsanly agyr toplarynyñ ruslara peýdasy degjek däldi. Üstesine-de türkmenler öz ýurtlaryna belet, gaça urşa-da ökdediler.
    Gökdepe galasynda geçirilen Uly Halk maslahatynda parasatly Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet serdaryñ öwüt-ündewleri geçmän, rus goşunlary bilen uruşmaly diýlen karara gelnensoñ, galany goramagyñ baştutanlygy dört sany serdara ynanylýar. Emma uruş başlanyp, gündelik durmuş harby ýagdaýa tabyn edilensoñ, Gökdepe galasynyñ goragynyñ serkerdeligi iş ýüzünde diñe bir adamynyñ – alamançy Dykma serdaryñ elinde jemlenýär.
    Harby sungatyñ nukdaý nazaryndan garanyñda, bu şowsuzlykdy, alaman serdaryna galanyñ goragyny ynanmak – betbagtlyga el bulamakdy. Sebäbi Dykma serdaryñ uruş we serdarlyk tejribesi diñe duýdansyz çozuşlardan hem yzyndan gelýän kowgulardan gaçyp gutulmakdan ybaratdy. Ol şondan öñ hiç haçan gala gorap gören adam däldi.
    Netijede Dykma serdar Gökdepe galasynda ilkibaşdan işanlaryñ täsiri astynda kabul edilen ýalñyş uruş taktikasyny iñ soñuna çenli üýtgewsiz dowam etdirýär. Ol taktika – galada jemlenip, goranmakdan hem galany gabap ýatan duşmanyñ üstüne duýdansyz we yzygiderli çozuşlary geçirmekden ybarat bolupdyr. Galada uzaga atýan güýçli toplar bolmansoñ, bu meselede goraýjylar basybalyjylar bilen bäsleşip bilmändirler. Galany goraýjylryñ elinde diñe ýekeje top, ýagny Marydan gelen kömekçi goşunyñ getiren saryja topy bar eken. Ol 1869-njy ýylda Marynyñ üstüne çozup gelen Eýran goşunlaryndan üstün çykylanda, Gowşut hanyñ Hemze Mürzeden olja alan toplarynyñ biri eken. Gökdepe galasynda şol saryja top ulanylypdyr, ýöne kiçeñräk bolany üçin ondan atylan oklar hiç haçan duşmanyñ üstüne ýetmändir, has bärde ýere gaçypdyr. Şonda-da galany goraýjylar onuñ barlygyndan ruhlanypdyrlar. Gökdepe urşuna gatnaşanlaryñ galdyran ýatlamasyna görä, her gezek saryja top atylanda türkmenler ”jana-a-a-a!” diýşip gygyrýan ekenler.
    Öz üstlerine gije-gündiz ok ýagdyrýan döwrebap duşman artilleriýasynyñ garşysyna goýmaga galany goraýjylarda başga serişde bolmandyr. Türkmenleriñ gündizki çozuşlary-da basybalyjylar üçin ullakan bir howp döretmändir. Sebäbi ruslaryñ elindäki ýaraglar türkmen esgerleriniñkiden onlarça esse kämil eken.
    Gökdepe urşunda ruslar üçin iñ gorkulysy – türkmenleriñ gijeki duýdansyz çozuslary bolupdyr. Duýdansyz çozuşlara kim ökde? Elbetde, alaman serdary Öwezmämmet Dykma. Çünki alamançylyk büs-bütin duýdansyzlyga esaslanýan söweş taktikasy. Hut şol sebäpdenem uruş hereketleri güýjäp ugransoñ, Gökdepe galasyny goramagyñ Baş serkerdeliginiñ öz-özünden Dykma serdaryñ elinde jemlenmegi geñ däldir. Bu kimiñdir biriniñ islegine görä bolup geçen zat däl-de, eýse tebigy zerurlygyñ getiren şowsuz netijesidir.
    Baş serkerdelik ikinji Gökdepe urşunyñ öñ ýanynda örän gümürtik ýagdaýda wepat bolan parasatly Nurberdi han, galyberse-de, Orazmämmet serdar, Hanmämmet atalyk ýaly has öñdengörüji kişiniñ elinde bolup, Dykma serdar hem duşmanyñ üstüne diñe duýdansyz çozuşlary gurnamak bilen meşgullanan bolsa, onda Gökdepe galasynyñ gahrymançylykly goralyşynyñ soñy agyr ganly tragediýa öwrülmese-de öwrülmezdi.
    Geljekde şeýle ganly tragediýalaryñ türkmen topragynda gaýtalanmazlygy üçin biziñ Gökdepe galasynyñ gahrymançylykly goralyşynyñ we tragiki ýeñlişiniñ taryhyny jikme-jik öwrenmegimiz, bu taryhy türkmenleriñ ýaş nesillerine dogruçyl öwretmegimiz gerek.
    Ahal topragynda, Gökdepe galasynyñ eteginde we basybalyjylar tarapyndan gana gark edilen galanyñ içinde XIX asyryñ soñunda bolup geçen söweşlerde türkmenler halk hökmünde köpçülikleýin gahrymançylyk görkezipdirler. Bu uruşda türkmenler özleriniñ gaýduwsyz hem edenli, başarjañ hem örän batyr halkdygyny subut edipdirler. Türkmenleriñ haýran galaýmaly söweşjeñlik we beýik ahlak sypatlary hakda birinji Gökdepe urşunda rus goşunlaryna serkerdelik eden general Lomakin 1879 ýylyñ 15-nji sentýabrynda şeýle ýazýar: ”Bir zady hökman bellemeli, tekeleriñ ajaýyp gylygy bar – näçe pul berseñ-de, olaryñ arasyndan hakynatutma dönük tapjak gümanyñ ýok. Olarda öz halkyna wepalylyk şeýle bir güýçli welin, hiç hili sowgat, hiç hili haýbat bilen olary syrlaryny açmaga mejbur edip bolanok, şonuñ üçinem bar bilýänimiz diñe öz goşunlarymyzyñ bilip bilen zatlary. Tekeleriñ güýjüne we ýeñilmezekligine berk ynanýandyklary üçin goñşy ýomut-gökleñlerden hem içaly tutup, tekeleriñ arasyna ibermäge içaly tapyp bolanok.”
    Şol hatynda general Lomakin ýene-de şeýle ýazýar: ”Bu gün tekeler bize görülmedik, iñ gowy Europa goşunlaryna laýyk garşylyk görkezdiler.” Öz hatynda Lomakin türkmen esgerleriniñ mergenligini-de boýun alýar: ”Tekeleriñ mergenligini gözden salmak mümkin däl – olaryñ atan oky boş geçenok, bizden ölenleriñ köpüsiniñ döşünden ok degendigi we ýaralylarymyzyñ hem köpüsiniñ döşünden ýa-da garnyndan ok degendigi – munuñ subutnamasydyr; olaryñ sowukganlylyk bilen gowy çenäp atýandyklary görnüp dur.”
    Şol gün Diñli depäñ töwereginde we onuñ alkymyndaky harazda bolup geçen aldym-berdimli söweşi ýatlap, rus generaly ýene şeýle ýazýar: ”Galadan hem onuñ golaýyndaky harazdan tekeleri naýzalaryñ güýji bilen kowup çykarmaly boldy. Harazyñ goragçylaryndan çen tutup, türkmenleriñ nähili berk durmagy ýüreklerine düwendiklerini añsa bolýardy, diñe ölüm olary atyşmagyny bes etdirip bilýärdi.”
    Gökdepe urşunda türkmenler gürrüñsiz ahlak ýeñşini gazanýarlar, olar öz ýurtlaryny gorap janlaryndan geçmäge taýýardyklaryny subut edýärler. Basybalyjylaryñ üstünligini üpjün eden faktorlar: olaryñ öñdebaryjy ýaraglary we döwrebap harby tälim alan nyzamly goşunlary hem harby sungatdan gowy baş çykaran serkerdeleriniñ bolanlygy.
    Bu meselede Gökdepe galasyny goraýjylaryñ üpjünçiliginiñ basybalyjylaryñkydan has pesde bolmagynda ýönekeý halkyñ, türkmen esgerleriniñ günäsi ýok. Olar galanyñ etegindäki çaknyşyklarda we gala ýykylan güni onuñ içinde öz topragy, maşgalasy, bala-çagasy, öý-öwzary, mal-mülki üçin mertlerçe durup, soñky demlerine çenli söweşipdirler.
    Gökdepe urşunda türkmenleriñ ors basybalyjylaryndan ýeñilmeginiñ sebäbini türkmen jemgyýetiniñ ösüşde ors jemgyýetinden has yza galanlygyndan gözlemeli. Orsýet öz wagtynda Europanyñ iñ ösen ýurtlaryndan ylym-bilim öwrenipdir, dürli ugurlar boýunça, şol sanda harby ugurdan-da, europaly hünärmenleri çagyryp, Europa derejesindäki öñdebaryjy armiýany döredipdir, ony döwrebap ýaraglandyrypdyr. Türkmenler bolsa bu kuwwatly harby maşynyñ garşysyna diñe öz şahsy gahrymançylygyny hem gaýduwsyzlyklaryny, fiziki tälimlerini goýup bilipdirler. Netijede galany goraýjylaryñ köpçülikleýin gahrymançylygyna garamazdan, ahyr netijede uruş harby üpjünçilik taýdan uly artykmaçlygy bolan basybalyjylaryñ peýdasyna gutarypdyr.
    Emma bu ýeñliş türkmenleriñ Gökdepe urşunda görkezen deñi-taýy bolmadyk köpçülikleýin gahrymançylygynyñ ähmiýetini birjik-de peseltmeýär. Tersine, harby üpjünçilik taýdan has rüstem, dişine çenli ýaraglanan duşman bilen bolan söweşlerde görkezileni üçin bu gahrymançylygyñ taryhy ähmiýeti has-da artykdyr.
    Bur uruşdaky gyrgynçylygyñ jogapkärçiligi basybalyjy rus patyşasynyñ hem onuñ Skobelev tetelli ganhor generallarynyñ, şeýle-de galanyñ goragyna deñli-derejeli baştutanlyk edip bilmedik türkmen serdarlarynyñ, galyberse-de, harby işlerden, şol döwürdäki degişli syýasy ýagdaýdan asla baş çykarmaýan hallaryna urşuñ harby taktikasyna we syýasata gödeklik bilen gatyşan işanlaryñ üstüne düşýär.
    Hut şol dar düşünjeli işanlaryñ güýçli täsiri astynda serkerdeler bu uruşda ilkibaşdan ruslaryñ üstün geljek taktikasyny saýlap alýarlar, Dykma serdar bolsa ony iñ soñky logiki nokadyna ýetirýär. Dykma serdar işanlaryñ maslahatyna uýup, galadan çykmaly däl, soñky damja ganymyza çenli galany goramaly diýip buýruk berýär. General Skobeleve-de, başda belleýşimiz ýaly, geregi-de şol eken. Ol uzaga atýan agyr toplaryny edil galanyñ alkymynda gurup, galany yzygiderli top okuna tutýar. Netijede galadaky urşujylardan we parahat ilatdan birnäçe müñüsi irginsiz ýagdyrylýan top oklarynyñ astynda gurbany bolýarlar. Gyssagara-da gazylan tümler (ýer döleler) parahat ilaty top okundan asla gorap bilmändir.
    Agyr ýitgilere garamazdan, türkmenler galany goramagy dowam etdiripdirler. Olaryñ gijeki duýdansyz hüjümleri bolsa, basybalyjylaryñ hatarlarynda dowul döredipdir. Şol hüjümlere erkekler bilen bir hatarda türkmen aýal-gyzlary-da gatnaşypdyrlar. Olaryñ käbiri bu söweşlerde gahrymanlarça wepat bolupdyr.
    Gündizki aýgytly hüjümde türkmenler bir gezek duşmany agyr aljyraññylyga salýarlar. Şonda olar ruslaryñ garymda ýatan birinji hataryny çym-pytrak edip, gaçmaga mejbur edýärler. Bu söweşde türkmenler köp sanly ýarag olja alyp, üstesine-de Apşeron polkunyñ söweş baýdagyny-da ele salýarlar. Söweş baýdagyñy aldyrmak uruşda ýeñilmek bilen barabar görülýän masgaraçylyk hasap edilýär.
    Onsoñ ýüzbe-ýüz uruşda türkmenlerden asgyn gelen rus goşunalry galany almak üçin harby hilegärlige ýüz urýarlar. Olar assyrynlyk bilen garym gazyp, galanyñ diwarynyñ düýbünde ummasyz köp mukdarda däri goýýarlar. Galanyñ goragyna serkerdelik eden Dykma serdar duşmanyñ bu harby mekirligine düşünmändir, bu hilegärligiñ üstüni açyp, wagtynda onuñ öñüni alyp bilmändir. Netijede 1881 ýylyñ 12-nji ýanwarynda basybalyjylar galanyñ diwaryny partladyp, onuñ içine çozup giripdirler.
    Söweş aýylganç hem örän gandöküşikli bolupdyr. Basybalyjylar ululara-da, çagalara-da, aýal-gyzlara-da, garry-gurtulara-da rehim etmändirler. Galany goraýjylar her bir öý ugrunda söweşip, baş goýupdyrlar. Türkmen ýigitleri edil aç arslan ýaly söweşipdirler. Olaryñ gahrymançylygyna, gaýduwsyzlygyna duşmanlaryñ özleri-de haýran galypdyrlar.
    Gala ýarylansoñ, onuñ içindäki ilatyñ arasynda dowul döräpdir, halk galany taşlap, başly-barat guma gaçypdyr. Duşmanlar çakyr aýazly gyş güni dowla düşüp, gaçyp barýan eli çagaly naçarlary, garry-gurtulary, ýetginjekleri yzlaryndan ýetip, gylyçdan, naýzadan geçiripdirler. Hiç kese rehim edilmändir. Harby taýdan asla zerurlyk bolmasa-da, orslar guma gaçyp barýan eli ýaragsyz, garawsyz ilaty 10-15 kilometr yzarlap, gyryp gidipdirler. Bu wagşy kowga general Skobeleviñ hut özi ýolbaşçylyk edipdir. Onuñ gözi gandan doýmandyr. Gala ýykylan güni ol öz goşunlaryna ”ýesir almaly däl” diýip buýruk beripdir. Skobeleviñ bu wagşy buýrugyna esaslanyp, ors goşunlary şol gün ýaraly esgerleri-de, ýeñijiler üçin asla howply bolmadyk eli ýaragly ýetginjekleri-de gyrypdyrlar. Şonuñ üçinem türkmenler Skobeleve ”gözi ganly general” diýip at goýupdyrlar.
    Gökdepe galasy goralan we soñra onuñ ýykylan günleri aýylganç gyrgynçylygy öz gözleri bilen gören türkmenleriñ hem ynsaply rus ofiserleriniñ galdyran ýatlamalaryndan, şeýle-de Ahal topragynyñ ilatynyñ uruşdan öñki we soñky sanyndan çen tutsañ, Gökdepe urşunda 30 müñe golaý adamynyñ wepat bolanlygyny çak etse bolar.
    Uly gyrgynçylyga garamazdan, türkmenleriñ Gökdepe galasyndaky görkezen gahrymançylygy taryhda ýitmejek yz galdyrýar. Gökdepe söweşi watana wepalylygyñ we gaýduwsyz batyrlygyñ simvolyna öwrülýär we Orta Azyýadan has uzaklara ýaýraýar. Türkmenleriñ rus goşunlaryna berk gaýtawul berendikleri hakyndaky habar hatda Europa çenli-de baryp ýetýär. Şonda alys Europanyñ paýtagtlarynda ilkinji gezek türkmenleriñ gaýduwsyzlygy we gahrymançylygy dogruda gürrüñ edilýär.
    Gökdepe galasy synandan soñ Türkmen topragynyñ doly basylyp alynmagyna giñ ýol açylypdyr. Şondan üç ýyl geçensoñ, türkmenleriñ harby taýdan ikinji güýçli merkezi bolan Mary topragy-da basybalyjylara gutarnykly boýun egdirilipdir. Marynyñ rus patyşasyna uruşsyz boýun egmeginde Nurberdi hanyñ aýaly, Marynyñ hany Güljemal han we ogly Magtymguly han uly rol oýnapdyrlar. Gökdepe galasy goralýarka iñlisleriñ ozalky wadalaryndan dänip, türkmenlere harby kömek bermezligi-de Marynyñ Russiýanyñ düzümine meýletin girmegine sebäp bolan syýasy ýagdaýlaryñ biridir. Türkmen han-begleri iñlisleriñ boş wadalaryna ynanmaklaryny bes edipdirler.
    Hywa we lebap türkmenleri ondan has ozal rus patyşasynyñ gulçulygyna düşüpdirler. Çünki olar Hywa hanlygynyñ we Buhar emirliginiñ düzüminde ruslara tabyn edilipdirler. Netije-de Gökdepe galasynyñ ýykylmagy Türkmen topragynyñ doly kolonial garaşlylyga düşmegine getiripdir. Bu elgaramalyk soñra 110 ýyllap dowam etdi. 1881 ýylyñ 12-nji ýanwary türkmenleriñ halk hökmünde erkinliginiñ syndyrylan günüdir.
    Sovet döwründe Gökdepe galasynyñ ýykylmagynyñ ýasyny tutmak-da, galanyñ gahrymançylykly goralyşyny we onuñ tragediýasyny asla ýatlamak-da bolanokdy. Bu gadagandy. Diñe geçen asyryñ 80-nji ýyllarynyñ ortasynda SSSR-de Üýtgedip gurmak syýasaty başlanansoñ, bu barada dil ýarmak mümkin boldy. Ilkinji bolup bu meseläni Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi gozgady. Gökdepäniñ ýaşululary we ýerli ilat bilen ylalaşyp, ”Agzybirlik” 1990 ýylyñ 14-nji ýanwarynda ilkinji gezek Gökdepe galasynyñ synmagynyñ, türkmen topragynyñ rus patyşasy tarapyndan basylyp alynmagynyñ Ýas gününi belledi. Türkmenistanyñ dikmesi şonda bu çäräni geçirmegi gadagan etdi.
    Emma Türkmenistanyñ kommunistik dikmeleriniñ ”Agzybirligiñ” bu döwletli başlangyjyna diş-dyrnak garşy çykandyklaryna garamazdan, külli türkmen bu başlangyjy goldady. ”Agzybirlik” Gökdepäni halky bilen geñeşip, Ýas gününi 1990 ýylyñ 14-nji ýanwarynda, ýagny dynç güni bellemeli diýip karar etdi. Bu örän dogry çözgütdi, hut şonuñ üçinem şol gün Gökdepe galasyna 10 müñden gowrak adam ýygnandy. Türkmenler şonda sovet häkimýeti ýyllary içinde ilkinji gezek öz gahryman ata-babalarynyñ we türkmeniñ milli erkiniñ syndyrylmagynyñ simvolyna öwrülen gahryman Gökdepe galasynyñ Ýas gününi bütin ýurt bolup bellediler. Türkmen halky dogduk topragy gorap wepat bolanlaryñ we nähak gyrgynçylyga uçradylanlaryñ ruhuna degsin etdi, olara hormat goýdy.
    Soñkusy ýyl Türkmenistanyñ kommunistik häkimýetleri ”Agzybirligiñ” döwletli we batyrgaý başlangyjyna eýe çykyp, bu senäni resmi taýdan bellemegi girizdiler. Olary bu ädime iteren zat – aýaklarynyñ aşagyndan daýançlarynyñ gidip barmagy hem-de ”Agzybirligiñ” il içinde abraýynyñ göterilmegi boldy. Kommunistik häkimýetler bu meselede: ”Eger-de hereketiñ öñüni alyp bolmasa, oña ýolbaşçylyk et!” diýen hilegär syýasatdan ugur aldylar we bu senäni resmi taýdan bellemegi girizdiler.
    Gökdepe galasynyñ synmagynyñ Ýas güni şondan soñ her ýylyñ 12-nji ýanwarynda bellenilýär. Bu sene indi türkmen topragy ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlary hemmesiniñ bilelikdäki hatyra gününe öwrüldi. Biz milli Hatyra güni mynasybetli ýagşy dilegler edýäris: sadakalaryñyz kabul bolsun! Öten gahrymanlaryñ ruhlary şat bolsun! Goý, olar öz nesillerinden razy bolsunlar!
    Ak Welsapar, ýazyjy, Gökdepe galasynda 1990 ýylyñ 14-nji ýanwarynda geçirilen ilkinji Ýas gününi gurnaýjylaryñ biri, oña gatnaşyjy.

    ReplyDelete