Thursday, January 29, 2009

Alp Arslanyń gubyrynyń tapylmagy üçin tagalla başladyldy

Taryh Arasdyrmasynyn Baskany Y.Halej
Beýik Seljuk döwletiniń belli hökümdarlaryndan Soltan Alp Arslanyń gubyrynyń tapylmagy üçin tagalla başladyldy. Türkiýeden giden topar, bu çäkde Türkmenistanda barlag geçirdi.
Toparda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrişniń birinji orunbasary İsmet Ýylmaz, Türk taryh guramasynyń başlygy Ali Birinji we Gazi uniwersitediniń mugallymy prof. Ýusuf Halaçoglu hem ýer aldy.
Türkmen ýolbaşçylar bilen bolan duşuşykda toparyń adyndan çykyş eden Medeniýet we syýahatçylyk ministriniń birinji orunbasary İsmet Ýylmaz, Soltan Alp Arslarynyń türk halkynyń atasy bolandygyny nygtady.
Ýylmaz, Alparslanyń gubyrynyń tapylmagyny we şol ýerde türbediń gurulmagyny maksat edinýändiklerini aýtdy.
Web chemesi: TRTTURKM

No comments:

Post a Comment