Barak Hosseýn Obama, kasam edip, wezipesine başlady/Sewim Babaýigit
********
Bütin dünýäniń ünsi ońa gönügipdi. Çünki bu, ýylyń wakasy hökmünde häsýetlendirilip bilinjek özgerlişikdir. Waşingtonda, millionlarça adamyń gatnaşmagyndaky dabrada İnjile elini goýup kasam eden Obama, ABŞ-nyń 44 we ilkinji garaýagyz Prezidenti hökmünde Amerikan taryhyna girdi. Saýlaw kampaniýasynda özgerlişikden söz açan Barak Hosseýn Obama, hakykatdan-da özgerlişip etdi. Dabarada eden çykyşynda şeýle diýdi: “Biz hristiýanlardan, musulmanlardan, musaýylardan we hindulardan ýa-da ateistlerden ybarat bolan milletdiris. İndi milletleriń, dilleriń tapawutlylygynyń dolylygy ortadan aýrylyp, birleşjek günlerimize ýetdik. Täze parahatçylyk döwrüne gadam basýarkak, Amerikanyń öz üstüne aljak roly ińńän möhüm. Musulman dünýäsine ýüzlenýärin: Biz siziń bilen täze döwrüń başyny başlatmak isleýäris. Bu gatnaşygy iki taraply bähbitlerimize we sylag-hormata laýyklykda başladalyń. İndi, galplyk bilen, ýalan bilen güýç gazanyp biljekdidigini pikir edýänlere, uruş we çaknyşyk bilen güýçlenip biljekdigi barada pikirlenýänlere ýüzlenýärin; siz taryhyń ýalńyş tarapyna seredýärsińiz.” ... i
No comments:
Post a Comment