Thursday, July 11, 2013

TüRKMENIŇ SAÝRAK BILBILI MAGTMGULY HAKYNDA SöZLER....

M. Pyragy-H. Ownukyň işlän eseri
ERTIR:
Didar: Magtymgulynyn bir golýazmasy Kümüşdepeli Ownuk atly bir söwdegär tarapyndan bir rus ofiserine satylýar. WE şol golýazma häzir Beýik Biritan muzeýinde saklanýar we şol golýazmada jemi 23 sany goşgusy bar.

XVIII – asyrda  Etrek-Gürgen sebitlerinde ýaşap geçen akyldar, aryf,  şahyr Magtymguly Pyragy  hakynda dünýäniň belli şahsyýetleri, alymdyr, ýazyjylary  öz  şahyrana ýüreklerindäki şahyra hormat sözlerini, şeýle dile getiripdirler. Ine ol sözler....
**********
Magtymgulynyň aýdymlaryny iki tarly tamdyrasyna goşup aýtmak, türkmen üçin aňrybaş hezillikdir.Magtymguly türkmenleriň gökleň urugyndan bolup... ol dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlar döredipdir, örän manyly goşgulary ýazypdyr.Onuň kitaby Kurandan soň türkmenleriň arasynda uzak wagtlap ikinji orny eýelejekdir...

GERMAN   ARMENIÝ  WAMBERI- (Gündogary öwreniji professor )
 Magtymgulynyň eserleriniň biziň üçin gymmatlygy,onda türkmen diliniň örän sap nusgalarynyň barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuň at, ýarag hakynda we ş.m. temalara bagyşlap ýazan şygyrlarynda görmek bolýar. Munuň ýaly ýagdaý gündogar halklarynyň edebiýatynda juda seýrek duş gelýär.
Toý-tomguda ýa-da ýönekeý bir üýşmeleňde Magtymgulynyň aýdymlaryndan aýdýan bagşyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda asla ýitmejek täsir galdyrdy. Biz Etrekdekäk şonuň ýaly bagşylaryň biri biziň öz çadyryny gurdy. Günlerde bir gün ol özüniň dutary bilen agşamara biziňkä geldi. Az wagtyň içinde ýaş ýetginjekleriň bir topary onuň daşyny gurşap alany üçin haýsy-da bolsa gahrymançylyk hakyndaky aýdymlaryň birini aýtmaly boldy. Ol ilki bada dutaryň taryna ýuwaş we sallamly kakyp, bogazyna salyp hiňlenmäge başlady, bu aýdym däl-de hor çekmäge meňzeýärdi. Emma gyzyşandan soňra, dutaryna örän batly kakyp, sesi örän çasly çykmaga başlady. Tarypy edilýän söweş gazaplaşdygy saýyn, bagşynyň we töweregindäki diňleýjileriň gitdigiçe ruhlary barha göterilip başlady. Soňra ýaş çarwalar agraslyk bilen dem alyp, telpeklerini ýere urup, öz-özleri bilen söweşe giren ýaly boldular.
Professor A. Wamberi
Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.
 
Professor E.E. Bertels -  Magtymguly ---  Jemşidiň jamydyr.
 
Professor E.E. Bertels - Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir. Bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galypdyr..
 XVIII – asyr türkmen şahyry  Mämmetweli Kemine
Magtymguly  umumy milli şahyrdyr...

Agafangel  Krymskiý - Magtymgulyny ähli türkmenler aýratyn sylaýarlar... Magtymgulynyň  öwlüýä mukaddesligine  türkmenleriň arasynda şek şübhe eden birje adam tapylmaz. Türkmenler onuň ähli ýazan we geljek hakdaky aýdan pikirleri iru-giç berjäý bolmalydyr diýýärler.

 Fedor Abramowiç Bakulin - Magtymguly türkmenleriň -- şol sanda türki halklaryň hem milli şahyrydyr.
  
W.W . BARTOLD - Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimizde terjime etmek bilen poeziýa äleminde şeýle ägirt, beýik  ynsanyň türkmenleriň arasynda bardygyna göz ýetirdim.
Resul Gamzatow (Dagystan ýazyjysy)- Türküstanda    XVIII –nji asyr,  Magtymgulynyň poeziýasynyň asyrydyr. Magtymguly ähli dünýäniň poeziýasynyň genji hazynasyna giren şahsyýetdir- şygyr bilen gürlän akyldardyr.

Çingiz Aýtmatow (Gyrgyz ýazyjysy) - Magtymguly meniň hem şahyrym , onuň dili meniň hem dilim ....
 
Nazym Hikmet  (Türk şahyry) - Men Magtymgulydan köp zat öwrenýärin, ol meniň ussadym. Ýöne onuň öwreden bir zadyny –öz halkyň azatlygy üçin göreşmegi öwredýändigini has hem nygtasym gelýär...
Nazym Hikmet       (Türk şahyry) - Men Magtymgulynyň şygyrlaryny okanymda duýgulanyp ``Şahyr Magtymguly atly saz eserini  döretdim.Magtymguly meniň ýürek törümde ýaşaýar. Ol meniň ylham çeşmäm.

Gilbert Biberýan ( Angliýa.kompozitor) - Magtymgulyny okamda,
Aýdar idim her zamanda,
Nogsan barmy begler anda,
Sözün togap kylar idim.

Berdimyrat Berdak (19 asyr garagalpak şahyry) - Biziň halklarymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elburs dagy bilen deňeşdirilýär.Men Magtymgulyny we onuň poeziýasyny şol belent dag bilen deňeşdirýärin. Magtymgulyny men diňe türkmen poeziýasynyň däl-de, eýsem dünýä poeziýasynyň-da Elbursy hasap edýärin.
  
Kaýsyn Kulyýew( Kabardin-Balkar şahyry) -  Bu ajaýyp edebiýatda diňe Magtymguly Pyragynyň adyny tutmakda ýeterlikdir.
 
Ýuriý Olýoşa - Türkmenlerden bolan  beýik Magtymguly azerbaýjan halky üçin iň bir eziz senetkäriň biridir.

Süleýman Rüstem -  Magtymguly meniň döredijilik dünýäme berk ornaşdy.Men hemişe Magtymguly bilen ýaşaýaryn.Ol meniň döredijiligimiň baş temasyna öwrüldi.
 
 Aýhan Hajyýew ( türkmen hudojnigi) -  Beýik Pyragynyň şöhraty indi bütin ýer ýüzüne doldy.
 
Nikolaý Tihonow (rus ýazyjysy) - Magtymguly .... dünýä örän seýrek gelýän akyl we zehin pälwanlarynyň biridir.
 
Zylyha Muhammedowa(Magtymgulyşynas. Türkmen alymy) - Türkmen Magtymguly , gazak Abaý,  garagalpak Berdak – bular Orta Aziýanyň üç sany parlak ýyldyzydyr....
 
Gafur Gulam - Iňlislerde  meşhur Wilýam Şekspire deňelen ýekeje şahyr bar.
Ol hem Magtymgulydyr.
 
Braýan Aldiss(Magtymgulyny iňlis diline Terjime eden iňlis ýazyjysy) -  Biz her sapar Magtymgulyny okanymyzda –ol biziň üçin ähtibarly maslahatçy we beýik halypadygyna göz ýetirýäris.

Aleksandr Aborskiý -  Magtymgulyny rus diline terjime edip başlanymda, men şahyry öz döwrüniň ýagdaýlarynda  göz öňüme getirmäge synanyşdym.Rus şahyrlary Lermontowyň şygyrlarynyň hyjuwlylygyny, Deržawiniň eserlerindäki dabara-tantanany, Týutçewiň goşgularyndaky çuňňurlygy, Puşkiniň poeziýasynyň heňdarlygyny başga dillerde nähili berip bolar? Bu elementleriň hemmesi-de belli derejede Magtymgulyda  bar ahyry.
 
Tarkowskiý ( rus  terjimeçi) - Magtymgulynyň sözleri –özbeklerde aýdym  bolup ýaňlanýar.
 
Askat Muhtar - ... Onuň täsirli sözleri asyrlar boýy saklanyp galdy.Häzirki wagtda men Magtymgulynynyň sözlerini Şekspiriň  hem-de  beýik ukraýin kobzary Taras Şewçenkonyň ölmez ýitmez döredijiligi bilen hakly deňeşdirip bilerin.
 
Iwan Draç (Ukraýina) - Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň häsiýetnama kitabydyr.
  
Aşyr Oraz.( Türkmen alymy) -
Adyň mukaddesdir Türkmenistanda,
Eýrandyr, Türkiýe, Owganystanda,
Türkmen öwladyna jümle jahanda,
Fezilet nuruny saçan Pyragy.»

 Şirmuhammet Ýeňiş (Owganystan)

No comments:

Post a Comment