Yazyjy: ATAMYRAT ŞAGULY - Zaman gazyeti
Keýmir kör 1712-nji ýylda Antguýuda Hojanepes batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Keýmir gaýtmaz, dönmez, göni, sowulmaz diýen manyny aňladýar ekeni. Keýmiriň oglanka tyg degmegi zerarly gözüne şikest ýetýär. Emma ol soň-soňlar gutulyp gitse-de, yz galanlygy sebäpli onuň oglanlykdaky Keýmir kör lakamy galyberýär.
Aslynda onuň gözi kör bolmandyr. Keýmir at ýüzli, goýungöz, nazarkerde, eginlek, demirbeden, şir ýürekli, akyl-paýhasly, mylakatly, päk göwün, ynanç-ygtykatly, namazly-täretli, pespäl, dogry sözli, şahyrana, dilewar, suhangöý bolupdyr. Ol üzüt ýaly döwmesden-daýaw bolansoň, at üstündekä aýaklaryny üzeňňiden aýranynda-da ýere ýeteňkirleýän eken.
Türkmen halkynyň gaýduwsyz gerçegi Keýmir kör bütin ömrüni il-ýurduň abadançylygyna, ata Watanyň goragyna bagyşlapdyr. Keýmir Döwletmämmet Düýegöz Orazmämmet oglunyň terbiýesinde kämilleşýär. Keýmir ilki öz tireleriniň, soň utamyş urugynyň serdary, soňam Döwletmämmet Düýegöz aganyň baş serdary, orunbasary ýaly wezipelerde halkyna hyzmat edýär. 1728-nji ýylda Döwletmämmet Düýegöz aga ýaşulylygy Keýmire tabşyrýar. Ol tä 1788-nji ýyla çenli, halkyna serdarlyk edýär. Keýmir körüň dilewarlygy, suhangöýlügi, sahypkyranlygy hakda halk arasynda köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Ol sowal bilen ýüzlenene şobada jaýdar jogap gaýtaryp bilýär eken. Onuň manyly-maňyzly gürrüňleri köp hanlary, şalary pikire batyrar ekeni. Ol syrçasy synmaz mähir suwy berlen söze, suhangöýlige hemişe sarpa goýupdyr. Bu onuň Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Zenuby ýaly akyldarlar bilen ençeme gezekler duşuşyp, pikir alşandygynyň täsirindendir diýmäge-de esas berýär. Türkmeniň nusgalyk edebiýatynyň görnükli wekili Zenuby şahyr: ...Dowamy - دوامي

No comments:
Post a Comment