Yazyjy: Kasym Nurbat
Elli ýyla golaý wagt mundan ozal, 1960-njy ýylyň dekabr aýynda Magtymgulynyň Moskwada geçirilen 225 ýyllyk toý dabarasynda balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew şeýle diýipdi: “Biziň halklarymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elburs dagy bilen deňeşdirilýär.
Men Magtymgulyny we onuň poeziýasyny-da şol belent dag bilen deňeşdirýärin. Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl-de, eýsem dünýä poeziýasynyň-da Elbursy hasap edýäris”. Golaýda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanşyp, bu ugurda möhüm taslamalaryň birnäçesiniň ýerine ýetirilişini gözden geçirdi. Şolaryň arasynda Giňdiwardaky Saglyk ýolunyň başlanýan ýerindäki ajaýyp seýilgähi jähekläp oturan dag gerişleriniň birinde türkmen halkynyň beýik ogly Magtymgulynyň ýadygärligini dikeltmek baradaky taslama hem bar. Döwlet Baştutany tutuşlygyna alnanda Magtymgulynyň ýadygärliginiň taslamasyny oňlamak bilen beýik şahyryň keşbini döretmäge döredijilikli çemeleşmelidigini nygtanda, balkar şahyrynyň Magtymgula beren bahasynyň ýene-de bir ýola ýada düşmesi asla ýöne ýerden däldir. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, türkmen edebi diliniň düýbüni tutujy beýik akyldar şahyr Magtymguly öz döwründe, XVIII asyrda türkmenleriň zulum-sütemlerden, tozgunçylyklardan dynmaklary üçin olaryň bir döwlete birleşmekleriniň gerekdigine göz ýetiripdir. Agzalalygy, dagynyklygy ýazgarypdyr, halky agzybirlige, doganlyga, dostluga çagyrypdyr. Şahyr il-ýurt, watansöýüjilik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, öwüt-nesihat goşgularynyň köpüsini şol hakda ýazypdyr. Halk rowaýatynda beýan edilişine görä, gadym zamanda Jemşit patyşanyň, ýüzüne seredeniňde bütin dünýäde bolup geçýän wakalary aýnada ýaly görkezip duran täsin jamy bolupdyr. Gündogar edebiýatyny öwreniji alym professor Ý.E.Bertelsiň Magtymgulynyň döredijiligini Jemşidiň jamyna deňemegi şahyryň döredijiligine berlen adalatly bahadyr. Halk Magtymgulynyň goşgularyny ýat tutmak arkaly dilden-dile geçirip, nesilden-nesle ýetiripdir. Ýigriminji asyryň başlarynda şahyryň eserleri daşbasma usulynda Daşkentde, Buharada, Astrahanda diwan görnüşinde neşir edilýär. Onuň goşgularynyň dürli kätipler, göçürijiler tarapyndan ýazylan golýazmalary Daşkende, Bakuwa, Sankt-Peterburga, Angliýa, Wengriýa we beýleki ýurtlara düşüpdir. Onuň iň gymmatly hem kämil golýazmalary Türkmenistanyň özünde saklanýar. Şol golýazmalar esasynda dürli ýyllarda şahyryň saýlanan eserleri neşir edildi, şol neşirlere esaslanylyp, üç jiltlik “Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi” düzüldi. Mahlasy, Magtymguly bu gün öz ajap dessanynyň arzylanan zamanasyna gowuşdy. Türkmen halky bu gün şahyryň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşap, döwletli döwrana ýetdi. Täze özgertmeler zamanasynda her bir adamyň eşretli ýaşamagy barada ýurtda alnyp barylýan işler, elbetde, beýik Magtymgulynyň ynsanperwerlikli garaýyşlary bilen utgaşyp gidýär. Beýik Galkynyş eýýamynda Magtymgulynyň hatyrasynyň has-da belent tutulmagy, şeýle hem onuň ynsanperwerlige ýugrulan filosofik garaýyşlaryna aýratyn hormat goýulmagy-da hut şonuň üçindir. Döredijilik şahsyýeti belent daglara deňelen Magtymgulynyň döredijiligindäki dag keşbine nazar salanymyzda hem özüniň ajap eserlerini iline-gününe bagyşlan şahyryň her zaman il-gün bilen bile dem alyp, il-gün bilen bile ýaşajakdygyna, onuň hiç haçan öz möwritini ötürmejekdigine, heňňamlaryň hiç bir babatda onuň ähmiýetini öçürmejekdigine – onuň eserleriniň ölmez-ýitmezligine göz ýetirýäris: Serinden dumany gitmez, Eýýam geçip, ýere batmaz, Garryp galmaz, ölmez, ýitmez, Gorganly daglar görüner. Bu gün şahyr ýene-de bir gezek dag belentligine göterildi. Daglar bolsa, şahyryň aýdyşy ýaly, “ýeriň myhydyr”. Alymlaryň kesgitleýşi ýaly, daglaryň ýer astyndaky köki onuň ýer üstündäki belentliginden üç esse artykdyr. Şonuň üçin olar ýere kakylan myhlar ýalydyr. Beýik Ýaradanyň eradasy bilen ýeri saklap duran şol myhlardyr – belent daglardyr.
web Resource

No comments:
Post a Comment