Thursday, March 12, 2009

MINNETDARLYK SÖZLERI - منّتدارلئق ســؤزلري

A. welsapar
Gadyrly ildeşler! ”Gün” neşirýatynda çap edilen kitaplaryñ onlarçasy soñky 2-3 ýylyñ içinde Türkmenistana baryp ýetdi we türkmen okyjylarynyñ eline gowuşdy. Olaryñ arasynda ”Kepjebaş”, ”Böwsülen tümlük”, ”Ak öý”, ”Watanym galdy”, ”Ýolma guşuñ ganatyn!” ýaly kitaplar bar.
Kitaplaryñ ençemesi günorta Türkmenistanyñ üsti bilen ýurda aralaşdy. Bir fakty bellemek gerek… Häzirki döwürde erkin Türkmen edebiýatynyñ merkezi Europa we günorta Türkmenistana süýşdi. Günorta Türkmenistan erkin milli edebiýatymyzyñ ýaşamagy we ösmegi üçin zerur bolan goldaw merkezine öwrülip barýar.
Sebäbi hakyky edebiýatyñ ýaşamagy we ösmegi üçin garaşsyz Türkmenistanda mümkinçilik galmady. Islendik milli edebiýatyñ dowam etmegi üçin howa ýaly zerur bolan şertler soñky ýyllarda ata Watanda rehimsizlik bilen ýok edildi. Gynansagam, biziñ günlerimizde Türkmenistanda diñe ýaranjañ edebiýat ýaşap bilýär. Hakyky ýazyjylaryñ döreden ajaýyp eserleri bolsa, häzirlikçe diñe olaryñ öz iş stollarynyñ çekerinde çañ basyp galýar.
Türkmenistanda çyn edebiýata we öz halkyna, öz hünärine wepaly, durnukly ýazyjylaryñ onlarçasynyñ bardygyny, olaryñ rejime boýun egmän, ýaşamagy we döretmegi dowam edýändiklerini aýtmak gerek. Şol ýazyjylardan biriniñ döreden ”Sünnet oýny” atly gyzykly romany edil häzir ”Gün” neşirýatynda çapa taýýarlanylýar. Bu kitap gysga wagtyñ dowamynda okyjylara gowşar diýip, umyt edýäris.
Garaşsyzlyk döwründe rehimsizlik bilen depgilnen, harlanan we horlanan erkin Türkmen edebiýatyny goramak we ösdürmek, oña goldaw bermek – mukaddes işdir. Bu ugurda alyp barýan işiñiz, goşaýan goşandyñyz üçin men size ”Gün” neşirýatynyñ adyndan ullakan minnetdarlyk bildirýärin!
Elbetde, siziñ her biriñiziñ adyñyzy tutup, her biriñize aýratynlykda sagbolsun aýtmak has hem ýakymly bolardy. Emma milli edebiýatymyzyñ erkinligi ugrundaky göreşiñ entek gutarmanlygy, onuñ dowam edýänligi üçin bu ädimden saklanmaly bolýar. Sebäbi Europada neşir edilýän türkmen kitaplaryny Türkmenistana aşyrmaga degerli kömek edýän adamlaryñ atlary wagtyndan öñ köpçülige ýetirilse, bu geljekde edilmeli örän zerur işlere päsgelçilik döredip biler diýen ünji bar.
Wagt geler, Türkmen edebiýatynyñ ýaşamagy we ösmegi üçin zerur şertler gaýtadan dikeldiler. Şonda kyn günde milli edebiýatymyza zerur mährem goldawy beren adamlaryñ atlaryny minnetdar türkmen okyjylary uly buýsanç bilen ýatlarlar.

2009-03-12

No comments:

Post a Comment