Sunday, October 03, 2010

Eýranly türkmenleri gabawda ýaşaýar - ایران ترکمنلری غاباودا یاشایارلار!

Eýranyň Basij milisiýasynyň türkmen agzasy harby paradda, 22-nji sentýabr 2010-njy ýyl
Aleksandr Narodetski
Iki hepde mundan öň Ministrler Kabinetiniň maslahatynda hökümet başlygynyň orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa 29-njy sentýabr bilen 2-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň medeni günlerini Eýranda geçirmegiň planlaşdyrylandygyny habar berdi.
Aşgabadyň şunuň ýaly çärelerine Eýranda ýaşaýan türkmen jemgyýeti abyrsyzlyk bilen garaşýar, Eýrandaky türkmenleriň anyk sany barada takyk statistik maglumat bolmasa-da, ol iki bilen dört million aralygynda çak edilýär. Eýran statistikasy anyk sanlar barada dymýar, onuň sebäbi hemme zatdan ozal ýurtda ýaşaýan milli azlyklar bilen bagly Tähranyň resmi pozisiýasy. Şol pozisiýa bu ýerdäki türkmen jemgyýetiniň peýdasyna däl.
Türkmenleriň beýleki milletler bilen doly gatylyp-garylmagyny nazarlaýan syýasaty Eýran häkimiýetleri uzak ýyllaryň dowamynda ýöretdi, ol häzirem dowam edýär. Jemgyýete girizilen ähli gadaganlyklar hut şol syýasatdan gelip çykýar. Hat-da türkmenleriň gadym eýýamlardan bäri ýaşap otura ýeri - Türkmensähranyň ady üýtgedilip, ol Gülüstan welaýaty atlandyryldy. Onuň maksady - türkmen jemgyýetiniň gündelik durmuşyndan türkmençilik alamatlaryny aýyrmak, ýok etmek.
Şol ýörelge esasynda çagalara türkmen atlaryny dakmak gadagan. Tutuş ýurt boýunça ýekeje türkmen mekdebem ýok. Bu agzalanlar bilen döwlet gadaglyklary çäklenmeýär. Mekdeplerde türkmen çagalaryna öz ene dillerinde gürleşmek gadagan. Eger düzgün bozulsa, maşagala jerime tölemeli. Türkmen milli geýiminde mekdebe gelmegem gadagan.
Umytlar
Gepiň gysgasy, Eýranda türkmen jemgyýeti etnik gabaw şertlerinde ýaşaýar. Şonuň üçin Eýranyň hem Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň islendik duşuşygy bu ýurtdaky türkmenleriň arasynda Eýranda ýaşaýan türkmenlere Aşgabat ýardam eder, olara kömek goluny uzadar diýen umytlary oýarýar. Şol goldawa olar başda özüni külli türkmeniň atasy atlandyran “Türkmenbaşydan” garaşdylar.
S.Nyýazow üçin eýran häkimiýetleri bilen gowy gatnaşyklar ildeşlerinden möhüm bolup çykdy. Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň Eýranda ýaşaýan türkmenleriň ykbaly bilen täze türkmen häkimiýetleri ýakyndan gyzyklanar diýen umytlar döredi. Ýöne ol şu wagta çenli umytlygyna galýar. Ýogsa regionda Türkmenistanyň syýasy-ykdysady pozisiýasy şu günki gün birnäçe ýyl mundan öňki bilen deňeşdirilende berk görünýär.
Şonuň üçin häzir Aşgabat Eýranda ýaşaýan türkmen doganlarynyň goldawy üçin ýumşagragam bolsa haýsydyr bir hereketler edip bilerdi. Eýran häkimiýetleri häzir dünýä izolýasiýasynda otyr. Olara öz goňşusy Türkmenistan arkaly şol üzňeligi has-da pugtalandyrmak, çuňlaşdyrmak islemese gerek.
Bir tarapdan, Eýranda geçiriljek Türkmenistanyň medeni günlerine G.Berdimuhamedow aýratyn ähmiýet berdi. Şol bir wagtda-da Eýrandaky millionlarça türkmenler barasynda ýeke sözem aýtmady. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň ýazyşy ýaly türkmen prezidenti medeni günler aksiýasyny “doganlyk eýran halky bilen dostlukly hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürmek, Eýran bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen baglanyşdyrdy. Ýene-de bir sapar türkmenler gapdalda galdy. Olaryň taryhy watanynda häzirlikçe olar barasynda dymanlaryny gowy görýärler.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Web Resource: Azatlyk Radiosy

No comments:

Post a Comment