Sunday, May 29, 2011

Türkmen Kultur Ojagy - Alman - Köln - تورکمن کولتور اوجاغی - آلمان - کلن

Türkmeniň goşgy dünýäsiniň beýik serdary Magtymguly  Pyragynyň 278 ýaşy gutly bolsun!

şol baýramçylykdan birnäçe surat

Beýik Pyragyň 278-nji ýaş toýy, dünýä türkmenleri bilen bir hatarda, Almanyň Köln şäherinde hem uzak ýyllar bäri däp bolup gelşi ýaly, 21.05.2011, şenbe güni uly dabara bilen geçirildi.
Ýöne bu ýylky baýramçylygyň aýratynlygy, onuň dürli we täzelikli bolmagyndady.
Çykyş eden ildeşler dürli-dürli temalary ara atyp, inçeläp we açyklap gürrüň berenlerinden soň, al-elwan saçakda ýerleşdirilen çekdirme, süzme, unaş we börek ýaly türkmen tagamlaryndan kükän ys ähli myhmanlary özüne çekýärdi.

Türkmen Kultur Ojagynyň müdiri hormatly Suwhan Gylyçtagany gelen myhmanlary salam we sylag bilen garşy alyp, olaryň şeýle köp sanly goşulmaklaryna minnetdarlyk bildirip, hormatly agalar Begmyrat Gereý bilen Dr. Berdi Ahangari –ni töre çagyrdy.
Hormatly Dr. Berdi Ahangari ilki gürrüňi başlap, türkmeniň klassik edebiýatyna bir seýr edip, sözüniň soňunda Türkmen Kultur Ojagyna başga klassik şahyrlar üçin hem şeýle şygyr günlerini geçirmäge dalaş edip,erjeşmeklerini teklip etdi.
Hormatly Begmyrat Gereý öňki saýtlarda ýerleşdirilen makalasynyň esasynda, gysga görnüşde, Magtymgulyň şahsyýetiniň dürli taraplaryny öz goşgularyna ýüzlenmek bilen, açyklady.
Şondan soň oturanlar bir agyz-bir dil bolup, Türkmeniň diýen aýdymy aýtdylar.
Hormatly Abdy Myrady uzak ýollardan gelip bu dabara gatnaşdy. Ol öz ýatlama çykyşynda, Türkmensahraň medeni hyzmatkärleri merhum Gurbangeldi Ahunbar bilen Annagurban Gylyçtagany hakda gürrüň berip, olara alkyş aýtdi.
Hormatly şahyr Ibrahym Badahşan öz çykyşynda, Pyragy il we dil elementlerine bil baglapdyr we bu gün hem bu iki element beýik we berk Pyraga bil baglaýar diýdi. Ol, bu gün hem Türkmensahramyzda il we diliň ýagdaýy bizi aladalandyrmalydyr diýip artdyrdy.
Hormatly şahyr Eýýub Gerkeziniň, Pyragyň goşgularynda tankyt we satyra diýen tema bilen eden çykyşyny, ildeşlerimiz köp gülki we iň täsinlik bilen diňlediler.
Holandde ýaşaýan, Owganystanly türkmen uýamyz hormatly Meňli Rahymy hem bu dabarany gutlap, Owganystanda ýaşaýan türkmen çagalaryň okuw ýagdaýlaryndan gürrüň berip, şol hakda ýazylan bir goşgyny okydy.
Azerbaýjanly hossarymyz hormatly Suleýmanogly hem bu baýrama goşulyp, Magtymgulynyň goşgularynda gadym türkçe sapaklary diýen makalasyny gysga görnüşde tanytdy.
Şonuň bilen hem meýlisiň birinji bölümi soňlap, agşamlyk iýlenden soň, ikinji bölüm saz bile başlanyp, aýdym bilen dowam etdi.
Türkmen Kultur Ojagy bu meýlisde hödürlenen saza we duza gatnaşyp, ýardam eden ildeşlerden tüýs köňülden minnetdarlyk edýär!

Türkmen Kultur Ojagy-Alman (Köln)
Müdüriýet topary
25.05.2011

2 comments:

  1. :-)))
    http://nikky-c.blogspot.com/

    ReplyDelete
  2. Hi again ! No, I'm not Russian. I'm from Serbia, Europe. And my native language is Serbian, but it is similar to Russian, as both languages are written in Cyrillic. :) I'm a bit confused though. You said you can speak Russian and your blog is about Turkmenistan... Are you from Turkmenistan ? I find your blog very interesting. Do you have some other Turkmenistan blogs to recommend ? Thanks in advance ! Nikky

    ReplyDelete