Osman ahun (1925) |
1924-nji ýylyň Ulug Gurultoýy esasynda türkmenleriň Başbakan
ýolbasçylygyna saýlanan Osman ahunyň portreti hakynda gysgaça bellik -
20-nji asryň 3-nji on ýyllygynyň ortalarynda, Eýranda ýüze çykan syýasy gapma-garşylyklar; ýagny, bir tarapdan Meşruteçilik Ynkylabynyň özgerişlikleri, ikinji bir tarapdan Gajar soltanlyklarynyň döwlet dolanyşygynda näbelet alyp baran syýasatlary esasynda, Eýranda türk däl bir döwleti dikmek maksady bilen, uly güýçleriň tarapyndan Rza han Mirpenjiň ilkinji döwlet agdaryş prowokatsiýasyny amala aşyrmaga şert döredi.

Gajar türkmenleriniň hökümdarlygy synandan soň, Türkmensähra
türkmenleri öz ykbalyny özleriniň çözmekligi, zerur ýüze çykdy. Şeýle
şertiň döremegi esasynda, Türkmen ýaşulylarynyň tarapyndan
Türkmensähranyň Omçaly şäherinde “Ulug Gurultaý” ady bilen ýygnanşyk
geçirilmegi karara gelindi. Ulug Gurultaýyň Mejlisiniň gidişinde, Hywa
we Buhara şäherlerinde ýokary bilim alan Kümüşdepeli ruhany alym
tagsyr Osman ahun Türkmen milletiniň başbakan ýolbaşçylygyna
(prezidentlik wezipesi) bellenildi. Bu waka Mammedaly şanyň Orsýede
gaçyp atmagy we yzysüre Gajar hanedanlygynyň synmagy hem Rza han
Mirpenjiň döwlet başyna dikilmegi bilen, barabar düşdi.
Osman ahun ýakyndan (1925) |
Rza hanyň Omçaly Gurultaýynda çykarylan kararlaryny ykrar edendigine
garamazdan, ol güýçli döwletleriň kömegi bilen ožüne goşun toplap,
1925-nji ýylda Türkmensähralaryna hüjüm etýär.
Ol ilki Hojanepes bilen Kümüşdepe şäherlerini basybalyp,
Türkmensähranyň uly hojalygy bolan Sallah obasyna ot berýär. Şunlukda
Eýranda Türkmen Milli Döwleti synýar we Rza han Türkmensährany awtomat
ýaraglarynyň güýji bilen basyp alýar.
Prezident Osman ahun öz ähli öwlady bilen täze döredilen Sowet
Turkmenistana bosgunýar. SSSR-iň tarapyndan ynsan hukuklaryny goraýan
konwanisýon kararyny ykrar edýändigine garamazdan, Osman ahuny türmä
basyp, Sibir ýaly çet ýurtlara surgun etýärler.
Häzirki döwür türkmen taryhynyň bu beýik şahsyýetiniň ýeke-täk galan
surety, şol serhet geçelgesinde olary, senedleşdirmek üçin alynan
gadymy surat galypdyr. Bu surat Internet sahypalarynda
ýerleşdirilipdir. Suratyň gadymylygyna garamazdan, onda bu beýik
şahsyýetiň ýüz-keşbi anatomiýasy doly mälim bolup durýar. Görkezilen
kartynada şol suraty ülňü hökmünde gözöňüne tutulyp, 95x62 ölçegde
ýagly reňk bilen işlenen işdir.
No comments:
Post a Comment