Sunday, January 13, 2013

Taryhyň çuňlugyndaky Kümüşdepe şäheri-تاریخینگ چونگلوغینداقی کومیشدپه شهری

The First 3 floor building in Kumishdepe
The Rirst 3 Floor Building in Kumishdepe
کومیش دپه (گمیشان سابق) شهری از اعماق تاریخ
مقاله ای که در این پست ذیلاً بدان پرداخته شده، به زبان ترکمنی با الفبای لاتین نگارش یافته است. این مقاله بخـشی از پایان نامه تحصیلاتی ام می باشد که در آن به تشریح اماکن و مساکن ترکمنهای ایران در ترکمنصحرا می پردازد. در حال حاضر جهت معرّفی منطقه وبلاگها و وب سایتهائی فعال می باشند که مایه امیدواری مردم ترکمن می باشد. هر چند که کوچک و نارسا هم باشد، حداقّل مطالبات و مشکلات ملتمان و سرزمینمان را به سمع جهانیان میرساند. امیدواریم که در آینده بر تعداد اینگونه از فعالیّتهای سالم و مفید ارتباط جمعی افزوده شود. از جمله وبلاگهائی که مربوط به کومیش دپه (گمیشان) راه اندازی شده است: وبلاگ "کمیش دپه چی"، "نخبگان کومیش دپه"، "کلوب گمیشان(کوموش دپه)"، "گمیشان شهر دریادلان"، "پایگاه اطلاعرسانی گمیشان" و ... می باشد که در آن اطلاعاتی از تاریخچه و اوضاع منطقه داده شده است. برای نمونه در این وبلاگ ها به بافت شهری این مکان با عنوان "بافت قديم و عمارت هاي تاريخي كميش تپه" اشاره شده است. هر چند این معلومات حجیم نیست، با این حال برای کسانی که به دنبال پژوهش و تحقیقات علمی در پی کسب معلومات هستند، می تواند مورد استفاده قرار بگیرد. اگر شهرستان گنبد کاووس را به لحاظ بافت قدیمی شهری که در نزدیکی "جرجان قدیمی" در اوایل قرن بیستم بنا شده است در نظر نگیریم، مثلاً: - "گمیشان(کومیش دپه) دومین شهری است در استان گلستان بعد از شهر گرگان دارای بافت قدیم شهری می باشد. این شهر به لحاظ شهرسازی مجموعه ای از عناصر شهری را در بر می گیرد که بر اساس نیازهای اجتماعی و منطبق با اقلیم آب و هوایی منطقه بوجود آمده است. ابنیه های زیبا در بافت قدیم کومیش دپه ادامه سنت معماری و ساخت ابنیه دوره قاجار است.". مقاله زیر در مورد شهرستان کمیش دپه بزبان ترکمنی با الفبای لاتین ترکمنستانی همانطور که در رساله ام تحریر شده است، درج گردید. این مقاله در نشریات کثیرالانتشار جمهوری ترکمنستان نیز به چاپ رسیده است. جهت مطالعه نظرتان را به آن جلب میکنیم:
Suratda XIX asyr we XX asyryň
birinji
ỳarymynda Kümüşdepe şəherinde
yasalyan halkara türkmen gämileri
.

*Türkmensährada has irki döwürlerden bäri Etrek-Gürgen türkmenleriniñ japarbaỳ taỳpasynyñ köpüsini ozünde ỳerleşdirip Türkmensähranyñ merkezi hasaplanỳan Kümüşdepe şäheri hakda henize çenli ỳeterlik maglumat ỳok . Hazar deñziniñ gündogar-günorta çüñkündäki ỳerleşen Bendertürkmen port şäheriniñ 18 kilometr demirgazygynda ỳerleşen Kümüşdepe şäheri XX asyryñ başlarynda Reza Pählewi hökümeti eỳelän döwründe oña “Gomişan” diỳlen at goỳulypdyr. Eỳranda Yslam Respublikasy döränden soñ ỳene-de, öñki adyny oña gaytaryp berildi. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyñ günorta-günbatar çüñkünde ỳerleşen Esenguly etrabynyñ göni günortasynda 40-50 kilometrlikde ỳerleşen Kümüşdepe şäheri giñ ỳatan tekiz düzlükde bina bolup, ondaky jaỳlar, köçeler ençeme taryhy wakalary başdan geçiripdir. ...

Gülistan welaỳatynyñ Demirgazyk-Günbatarynda ỳerleşỳär. Günorta tarapy Hojanepes we Bendertürkmen şäherine, Demirgazykda Garaşsyz Türkmenistanyñ serhedine, Gündogarda Akgala şäherine we Günbatary bolsa Hazar deñzi bilen serhetleşỳär. Onuñ ỳerşarynyñ grafiki bellikleri boỳunça 5 prima 54 gradus gündogar uzynlygyna we 6 prima 37 gradus demirgazyk iỳnligine Angliỳadaky Griniwiç şäherindäki ỳerşary ölçeginiñ başlangyç tarapyndan aralygy bar. Açyk deñiz ölçegi boỳunça 22 metr suw ỳüzlüginden pes derejede durỳar.
Это Фотографии были сделаны в 1951 году. с одна русскии фотограф.
здесь один из древни город туркмены ирана. Это город называется Кумушдепе
Kumushdepe in 1951 year - This picture taken by a Russian photographer.
ایران, ترکمن صحرا در سال 1951 توسط یک عکاس روس گرفته شده
Kümüşdepäniň günorta bölekleriniň howasy Hazaryň ýyly howasyndan gözbaş alýar. Demirgazyk bölekleri Garagum çölüniň täsiri sebäpli ýarym düzlükden ybarat. Ýerleriň az bölegi ekin-dikin üçin ýarasa, köp bölegi şor meýdanlary öz içine alýar. Gürgen derýasynyň boýlaryny göz öňünde tutmasak beýleki nokatlarynda ekerançylyk köplenç düme görnüşinde alnyp barylýar.
GyzylalangDashlaryBilenSalynanJay Bu şäheriň adam sany 50,000 bolup, olardan 30 göterimi şäherde ýaşasa, galany oňa tabyn obalarda ýaşaýarlar. Umuman Kümüşdepä tabynlykda durýan 53 sany oba bar.
Kümüşdepe şäheriniň binýat bolan çägi Ahamenitleriň döwründe “Girkany” ýa-da “Hirkany, Werkany” diýlip atlandyrylypdyr. [ ] 67
Bu oazis Sasanitleriň döwründe iňňän medeniýet merkezi hasaplanypdyr. Ol Maşatmisriýan we Dehistan ýaly medeniýetleriň ýakyn gatnaşyklarynyň bir bölegi bolupdyr. Kümüşdepäniň demirgazygynda ýerleşen “Kiçijik Kümüşdepe ýa-da Kümüşdepejik” depesinden tapylan gymmatly tapyndylaryň mälim edişine görä, ol ýerde ösen medeniýet bolup geçipdir. Bu depe Sasanitleriň patyşalary tarapyndan Turanlylaryň çozuşyndan aman galmak üçin saldyrylypdyr. “Gyzyl alaň” diwarlarynyň harabalarynyň soňky eteklerinde ýerleşipdir. Bu diwarlar Kümüşdepäniň Gyzylalang diwarlarynyn dörtgyrang kerpiçleridemirgazyk eteklerinden başlanyp 180 klm uzynlygy bilen Güllidag daglyklaryna çenli dowam edýär. Oňa pars dilinde “Sedde Iskänder” hem diýipdirler. [ ] 68
Bu diwaryň kerpiçleri gyzyl reňkli dört gyraň (dört burç)kerpiçlerden bolany üçin, ol häzirki döwürde-de gyzyl depejikler ýaly bolup görünýär. Şonuň üçin oňa halk “Gyzylalaň” diýipdir. Henize çenli bu ýerde hiç hili gazuw-agtaryş işleri ýa-da oňa degişli arheologik barlaglar geçirilmäni üçin ol harabaçylyga öwrülip adamlar onuň kerpiçlerini öý salynmak üçin peýdalanypdyrlar. Kümüşdepe, Hojanepes ýa-da oňa tabyn oba-etraplarda irki salynan jaýlaryň köpüsiniň kerpiçleri gyzylalaň diwarlarynyň kerpiçleri bolup durýar. Bu diwaryň deňze tarap çümüp gidýän eteklerinde ýerleşen depejik bolsa bir zamanlarda ada bolupdyr. Horezmşalaryň patyşasy Soltan Jelaleddin Horezmşanyň atasy Soltan Gütbetdinmuhammet Horezmşa, Çingizhanyň çozuş döwründe bu adany gaçybatalga edip saýlapdyr. Onuň öňki ady "Abesekun" adasy bolupdyr. 
Belli orta asyr alymy Hojanasretdin Tusynyň Abesekun baradaky wakany belläninde berýän geografiki ýerlik belliginiň, şoňa gabat gelýändigi gös göni görnüpdur. Aslynda Kümüşdepe adynyň goýulmagy hem bu depeden kümüşdir- bürünç ýaly şaý-sepleriň çykmagy sebäplidir. Şeýlelik bilen bu diwar “Sul” (Suwlyhan) atly türkmen patyşalary tarapyndan türkmenleriň gol astyna geçýär.
Bu diwaryň gapysy Turanylalara (Türkmenlere) açylmagy bilen Abesekun adasynda kem-kemden türkmen ilaty otutumlaşyp başlaýarlar. Birinji gelen ilat Oguzlaryň musulman bolan türkmenleri bolupdyr. Türkmenler bu adany bir bada oturumlaşmak üçin peýdalanman, eýsem gyş aýlarynda oturylýan “Gyşlyk” hökmünde peýdalanypdyrlar. “Köresuw” ýa-da “Abesekun” hakda gysgaça jemleýiji maglumaty “Kümüşdepe Taryhy” websahypada-da käbir maglumatlary berilipdir.
Nebit Kompaniyalarynyn eden bellikleri1850-nji ýylda Abheri atly alym üç hepdelik Kümüşdepede ýaşan mahaly şeýle ýatlaýar: “ Kümüşdepe esasan gyş aýlarynyň ýaşaýyş mekany bolupdyr. Onuň sebäbi beýleki pasyllarda ol ýerlerde ýokanç keselleriň köpelmegi bilen az sanly adam onda galypdyr. Kümüşdepe Gürgen derýasynyň uly agzyna çenli dowam edýär. Ol ýerlerde derýanyň ini hem çuňlygy artyp, balyk awlamaga ilat üçin amatly şert döredilipdir”.
Emma kem-kemden Orsýet bilen alyş satyş söwdalarynyň ýola goýulmagy, awçylyk işleriniň ösmegi, gümrükhana enjamlarynyň gurulmagy bilen, Kümüşdepe şähere öwrülip, onda ösüş başlanýar. Birinji gezek Hojanepesbaý atly uly täjir patyşa Russiýasynyň huzuryna baryp, wekilçilik edýär.
Kümüşdepäniň 6-7 kilometr gündogarynda Nebitilje gor guýusynyň ýerleşmegi Eýranyň nebit companýalarynyň ünsini oňa çekýär. Bu ýerde ýerasty nebit gorlarynyň Demirgazykdan Günorta oazislerine tarap syrykmagy welin, döwlet aralarynda geopolitika ähmiýete eýe bolup durýar. Soňky ýyllarda Eýranyň “Köwser” atly Nebit Companiýasy bu ýerde ýörite plan-proýektleri düzgünleşdirmegiň ugurynda iş alyp barypdyrlar. Geljekde beýle alynyp baryljak nebit onümçiligi, ol ýerde ekologiýa bozgunlykary emele getirjekdigini, ekologiýa arassaçylygy edaralarynyň iş alyp barýan işöwürleriniň ünsini özüne çekip, gerekli çäreleri ýerine ýetirýärler. Bu ýeriň köl we kölçelerine dünýäniň dürli ýerlerinden belli pasyllarda tebigy guşlaryň gel-gitleri we ol ýerlerde örňemegine nibit companiýalaryň alyp barjak planlary, yzyna getirip bolmajak ziýanlary ýetirjekdigini belleýärler.
Nebit Kompaniyalarynyn eden bellikleri
1320-nji h.k. ýylda Mämmedaly Gurhançy Sulatnyzam öz göýberen habarnamasynda şeýle belleýär: “Kümüşdepe (Gomişan) oturymlaşan türkmenleriň ýomut taýpasynyň japarbaý ilaty ilkinji arassa, tämiz we baý taýpalarynyň biridir. Olar ruslar bilen gel-gitleri bolany üçin egin-eşik hem içeri şay-esbaplary taýdan has ýokary derejede durýar. Ir bilen turanlarynda ählisi isli sabyn bilen ýuwunýarlar. Gyşlarda galoş, putinka we gysgaça palto geýinip gezýärler.
Şu günüň özünde Orsýetden 150 sany agaç magazynlary getirildi. Olar örän owadan ýasalypdyr. Rowaç bazarlary bar. Orsýediň çaýy, şekeri, samawary, matalary, Hajytarhynyň gap-gaçlary, uny hem geýim-gejimleri onda satylypdur”.
Şeýle hem Eýran türkmenleriniň taryhçysy Eminylla Güli, Rezahanyň Mazenderana eden saparnamasy hakyndaky ýazgylaryna salgylanyp, Kümüşdepe barada şeýle ýazýar: “Kümüşdepe kasabasy (etraby) agaçdan salyhatly ýasalan iki mertebe jaýlar hem garsak öýler bilen hatarlanyşyp dur. Öýleri köçeden aýratynlaşdyrýan agaçdan ýasalan diwarlaryň ortasynda daş dökülen köçe geçýär. Öýleriň agajyna, otaklaryň diwarlaryna we amaratyň bamyna çalynan reňkler bu kasabanyň owadanlygyna gözellik goşýar. Ilatyň arasynda gedaýçylyk we zat soramak aýyp hasaplanyp, etrapda hiç hili gedaý görünmeýär. Kümüşdepede 3000 sany öýli raýat ýaşap, 11 mähälle (kwartal) bölünýär.” [ ] 69 we [ ] 70
Kümüşdepe şäherinde ilkinjiler salynan 3 gat jaý (tam)
* Kümüşdepe şäherinde ilkinjiler salynan 3 gat jaý (tam)
Kümüşdepede medeniýet edarasy Reza hanyň döwüründe açylýar. Häzirki zaman Kümüşdepe welaýat bölünşiginde “Demirgazyk japarbaý” etraby ady bilen Türkmen şäheristanynyň tabynlygynda durýar. Bu şäher özünde Ussat Niýazmuhammet Niýazy, Hajymeretdurdy Gazy, Nurmuhammet Muttagy, Professor Rahman Rahmany, Doktor Sapar Ensary (Sapar ahally), Professor Nurmuhammet Aşyrpur Meredow, Ahmet Ahundow Gürgenli, Arazmuhammet Şaeri (Aram), S. Gökleňi, ýaly alym ulamalar we beýleki Annageldi Aç, Kyýathan, Hojanepesbaý, Abaserdar, Gurbandurdy Jerdeki, Amanjan Abaýy, Osman Ahun, Rejep Ahun, Allaguly Saýatly ... ýaly şahsyýetleri dünýä inderdi.
“Eýran ýazyjysy etnogrof Agaýe Apbas Şowgy, Kümüşdepäniň adajygynyň üstünde ilkinji oturumlaşan ilat hökmünde türkmenleriň ýedi sany taýpasyny (tiresini) sanap geçýär. Olar Kör, Kötük, Kelte, Kenan, Burkaz, Tumaç we çükgän ýaly tirelerden ybarat bolýar”.
 Kümüşdepe şéherinin Metjidi“Elbetde Apbas Şowgynyň Kümüşdepäniň ilkinji ilaty hakynda bellände bir ýalňyşlygyny-da ýatlap geçmek zerur bolýar. Ýagny ol bu ýedi tirä Düýejileri goşmandyr. Bu tire hem bu ýerde ilkinji oturumlaşanlaryň biri bolup durýar.” [ ] 71
Taryhy çeşmeleriň rowaýat etmegine görä, “türky kowmyň Oguz diýlip atlandyrylýan bir topary Horezm, Etrek we Gürgen jülgeleriniň hasylly düzlüklerine tarap süýşýärler. Bu toparlar VI hijri asyrda yslam dinine meýletin boýun egip, soň ‘türkmen’ diýlen ada meşhur bolupdyrlar.”- dyilip bellenilyär.
Dünýädäki ähli türkmenler yslam dininiň sünni musulmanlaryndan ybarat bolýar. Şolar bilen bir hatarda Kümüşdepäniň hem ilaty sünni musulmanlaryň Abuhanyfa Ymam Agzama degişli bolup durýar. [ ] 72
Türkmenleriň yslam dinine boýun egmegi Ýewropa ilçihanasynyň wekili Riçard Fraý VI asyr alymy Şerefezaman Merweziniň kitabyndan şeýle setirleri getirýär: “Haçanda olar (Oguzlar) musulmanlaryň serhetlerine girip başlanlarynda şol wagt musulman bolanlara “Türkmen” diýipdirler. Bularyň arasynda musulman bolmadyklar bilen näsazlyk hem döräpdir. Şeýlelik bilen Oguzlaryň arasynda musulman bolanlaryň sany köpelip yslam dinine wepadar adamlar döräpdirler.
Orsỳetden getirilỳän tagtalar bilen örülen jaỳ
* Orsỳetden getirilỳän tagtalar bilen örülen jaỳ
Olar kapyrlardan üstün çykyp olary daşary kowupdyrlar.”... Türkmenler yslam ýurtlarynyň ählisine ýaýrapdyrlar. Olar ähli ýerli ilatlar bilen oňyn aragatnaşyk saklap, olary hormatlapdyrlar. Şeýlelik bilen türkmenler yslam ýurtlarynyň ählisine eýe bolup patyşalyga ýetipdirler. Olar haýsy bir ýurtda hökümdarlyk sürseler hem, ýerli ilatyň dap-dessurlaryna, dili hem medeniyetlerine hormat bilen seredip, olaryň öz erkinligini ödäpdirler.Kümüşdepede ýaşaýan ilat arassa türkmen dilinde gürleýärler. Ykdysadyýet taýdan olaryň kärleri daýhançylyk, maldarçylyk, awçylyk, ussaçylyk we dokma hem halyçylyk ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Kümüşdepede esasy ekerançylyk önümleri arpa, bugdaý hem pagtadyr.
Ýer şorlygy hem suw gytymçylygy sebäpli ekerançylykda gerekli ösüşleri gazanyp bolmaýar.
Maldarçylyk meýdanynda bolsa, bu ilatyň iňňän gadymdan meşgullanyp gaýdan kärleriniň biridir. Olar goýun, sygyr, gäwmiş hem düýe ýaly mallary saklapdyrlar. Goýun sürilerini gyş paslynda Kümüşdepäniň demirgazygynda ýerleşen giň öri meýdanlarynda “gyşlaga” sürýärler “Ýaýlak” üçin hem tomuslarda sürileri şäheriň ýakyn töwereklerine getirýarler. Bu ýerlerde goýun ýüňi hem eti üçin ulanylýar. Onuň süýdünden peýdalanmaýarlar diýen ýaly.
Kümüşdepe ilatynyň esasy meşgullanýan işleri biri hem Hazar deňzinde awçylyk etmek bolupdyr. Bu ýerde uzynburun, bekre, tirana, göwrüç, pil balyk, akbalyk, azatmahy, kepir, takgaz, çapak, kefal, garabalyk, kilka, ... ýaly balyklary awlanylýar.
Kümüşdepäniň her bir türkmen maşgalasynda bolşy ýaly, zenanlaryň meşgullanýan kärleri dokmaçylyk bolup durýar. Olar gadymdan galan ähli göl nagyşlaryndan peýdalanmak bilen “Hojaýyngöl” atly täze göl hem döredipdirler.
DaýhanKümüşdepäniň taryhy-arhiologik gymmatlyklarynyň biri gyzylalaň diwarlary hakda ýatlap geçipdik. Gyzylalaň diwarlary taryhda dürli alymlaryň ünsini özüne çekipdir. Bu diwar hakda içeri we daşary arheologiýa hünärmenleri yzygiderli derňewleri geçirýärler. Dürli syýahatçylar öz seýil-syýahatlarynda bu diwary ýatlap geçipdirler “Şäheristanhaýe Iran” atly kitapda bu diwar hakda şeýle diýilýär: “Gürgende Dehistan atly şäheristanyny “Nersi Aşkany” atly patyşa binýat edipdir. Bäş sany galaly Kümüş şäheristany jadygöýleriň ýolbaşçysy Azydahak (Gadymy pars dilinde aždarhanyň ady) gurdurypdyr. Şapuryň ogly Ýezdgerd öz eýýamynda “Çöl” tarapdan bolýan çozuşlaryň öňüni almak üçin, şol taraplara didewan saldyrypdyrlar. Ol şeýle diýipdir: Ol ýerde 180 k.m. (parsang) uzynlygy we 25 arş (75 sm) boýy hem bir köşk bilen saklaw göründi”. [ ] 73
300-nji hijri ýylda “Mesalek wel-memalek” atly kitapda şeýle bellik bar: “Enewşirwanyň zamanasynda Türkmenleriň çozuşlarynyň öňüni almak üçin Gürgende kenarýaka begleriň goraýyş diwarlary guruldy, Hek bilen dört gyraň bişen kerpiçlerden mäkämlenen bu diwarlary türk patyşalarynyň biri “Sül” atly hökümdar oňa üstün çykdy we soň bolsa musulmanlar ony açdylar. [ ] 74
“Hudud-el älem” atly kitapda bu diwar hakda şeýle ýazylypdyr: ”Dehistan örän ekerançylykly, abadan we önümli ýerdir we söwda alyş-satyş rowaçlygy üsti-üstünedir.”.
Elbetde Dehistan, Gyzylalaň diwarlaryndan has demirgazykda ýerleşýär. Ýazgyny ýazan serhedi Dehistana çenli diýip düşünipdir. Ony Dehistana degişli edip goýupdyr. Öňler eger Dehistan Etrek derýasynyň demirgazygynda ýerleşen bolsa, Gyzylalaň onuň günortasynda ýerleşýär. Dehistan we Maşatmissirýan yslam dini Orta Aziýa ýurtlaryna ýaýramazdan öň, Eýran patyşalygyna tabynlykda durman Turan patyşalyklarynyň merkezi medeniýetleri hasaplanypdyr.[ ] 76 

Kümüşdepäniň köçeleriniň biri
V hijri asyrda alymlaryň ýene birisi şeýle ýazýar: “Kuwadyň (Gobad) ogly Enewşirwan Sasany Hosrow bir Gürgende sul derwezesi hem bäş parsang uzynlygy bilen mermer daşdan bir diwar saldyrypdyr.”.
443-nji hijri ýylda Gerdizi atly bir alym şeýle ýazýar: “Enewşirwan adyl, Ýezdjerd ibn-e Bähramyň saldyryp başlan diwaryny, Gürgene baryp onuň binasyny tamamlapdyr” [ ] 77 
we [ ] 78
Şäher meýdançasy
Şäher meýdançasy* Kümüşdepäniň köçeleriniň biri
605-nji hijri ýylda Nejib ibn-e Bekran atly geografiýaçy hem bu diwar hakda şeýle belleýär: “Gürgeniň serhetlerine dört gyraň bişen kerpiçden çekilen diwar, Ulýabat daglygynyň başyndan başlap, Syýawoşek owazislerine we ondan hem Abesekuna çenli dowam edip her kerpiç 30 menden (90 kilo) 40 mene (120 kilo) çenli (her “men” 3 kilo) agramy, uzynlygy bolsa, 50 parsang bolupdyr. Bu diwar Deregez we Bawartdan (Abiwerd) Dýebefudanyň ýakynyndan geçip Bawerd şäheriniň eteklerinden çöllüge geçip Sarahsa tarap çümüp gidýär. Bu şol diwarlygy mälim däl, ýöne Gürgendäki diwary “Tejenbar” diýip atlandyrypdyrlar.”.
“Jeografiýaýe taryhyýe Lesterenç” atly eserde we Rabinonyň Saparnamasynda hem Grişmeniň “Iran äz agaz ta eslam” atly eserinde-de ýokardaky matlaplara meňzeş faktlara gabat gelýäris.[ ] 79
Orsỳetden getirilỳän tagtalar bilen örülen jaỳ
Belli Eýran alymy Seidnefesi bu diwaryň täzeden gurulşy hakda şeýle ýazýar: “Mämmedaly Gurhançy (Suletnyzam) ony 20 parsah özi hem 224-nji hijri ýylda Täbäristanyň hökümdary Maziýaryň tarapyndan täzeden gurulyş çärelerini görüpdirler.” -diýip şeýle belleýär: “Bu böwediň uzynlygy bütinleýin 20 parsahdyr. Jürjän şäheriniň harabaçylygynyň ýakynyndan Gürgen derýasynyň agzyna çenli dowam edýär. Her parsahda salnan gala we garawulhanalar Senirsowanyň ýakynyndan Gojugabet hem Kümmede çenli dowam edýär. Bu böwedň ini 5 metre ýetýär”.
Kümüşdepe şäheriniň balykçylarynyň iş esbaplary
A. Wamberi, Gyzylalaň diwarynyň ady barada şeýle ýazypdyr: “Dört garyň şekilli salnan jaýyň içinden tyňsykdan ýasalan bir uly küýze tapylýar. Bu küýzäniň ýognasynyň näzikligi kagyzdan inçe we onuň içinden mawy reňkli kül hem näçe sany altyn zikge we birnäçe gymmatly şaýlar çykypdyr. Şonuň üçin bu diwaryň hemme ýerini hem “Gyzyl alaň” ýagny “Altyn tapylyan depejikler” diýip atlandyrypdyrlar.” [ ] 80
Elbetde türkmen dilinde “alaň” ýagny depejik manyda bolsa, Wamberiniň pikiri boýunça oňa “ gyzyl alan (gyzyl tapylan)” manyda gidyar. ...Şu temanyň dowamy dissertassýanyň düzümine girýär!...
==============
----------------------------  Çykgytlar we Edebýat: 
==============
Pars dilinde goşmaça käbir maglumatlar:
ساختار معماري 40 قلعه ديوار تاريخي گرگان بررسي مي شود
سومين فصل كاوش و بررسي ديوار تاريخي گرگان با هدف بررسي ساختار هاي معماري 40 قلعه مسكوني و فضاهاي صنعتي موجود در امتداد اين ديوار از سوي هيات باستان شناسي سازمان ميراث فرهنگي آغاز شد.
در اين راستا محوطه باستاني قيزلر قلعه به عنوان يك مكان مركزي در امتداد ديوار مورد كاوش قرار مي گيرد تا با ايجاد برش لايه نگاري در اين قلعه توالي فرهنگي آن با قلعه هاي متصل به ديوار نيز مورد بررسي قرار گيرد. ( اين قلعه در دهه هاي 1310 و 1350 به ترتيب از سوي فرانسويان و ژاپني ها مورد بررسي قرار گرفته است.)
ديوار دفاعي گرگان به طول 200 كيلومتر و عرض 6 تا 10 متر يكي از بزرگترين و برجسته ترين آثار معماري دشت گرگان در دوره تاريخي محسوب مي شود.
* Kümüşdepe şäheriniň belliklenen kosmosuraty.
كارگران بقاياي ديوار را درآورده اند و آجرهاي سفالي رنگ ۴۰×10 آن كاملا مشخص است. «قربانعلي عباسي» مسؤول كارگاه ديگري در روستاي يسا قليق واقع در ۳۳كيلومتري جنوب شرقي شهر كلاله، مي گويد، در اينجا بقاياي ديوار در عرض ۲‎/۴۰متر و ارتفاع ۱‎/۲۰كاملاً مشخص شده است .د ر ديوار ۱۰رگه آجر سالم وجود دارد كه ملاط آن مخلوطي از گل و آهك است. علت ساخته شدن ديوار در قسمت كوهستاني با توجه به وجود موانع طبيعي دفاعي شايد نوعي نمايش قدرت سياسي بوده است. خانم «حسين زاده» مسؤول كارگاه سوم در جنوب رودخانه گرگان رود بر روي دامنه كوه نيز گفت، شكل ديوار در اين قسمت بسيار قابل توجه است چرا كه در داخل آن فضاي خالي وجود دارد. در پايه ديوار سه رج سنگ قرار داشته كه در بالاي آن آجر چيده شده است. بهترين نقطه اي كه مي توان شكوه اين ديوار تاريخي را ديد، همين نقطه است. «سامان حيدري» باستان زمين شناس، در اين باره گفت، ما در اين مرحله از كاوشها در جست وجوي پاسخي براي مشخص شدن جنس آجرها واينكه از چه درجه حرارتي براي پخت آجرها استفاده شده است، هستيم.ه
***************
«فريدون اونق» صاحبنظر در تاريخ منطقه مي گويد، در اين مرحله به دنبال شناسايي تاريخ و جغرافياي منطقه و قوم شناسي اطراف ديوار هستيم. اما در كنار باستانشناسان، تيمهاي طراحي، گرافيست و... نيز مشغول هستند تا مطالعه و پژوهش اين مرحله كامل باشد. چنانچه آنان به ترميم آثار مكشوفه و طراحي آنها مشغول هستند. شايان ذكر است، مورخان قدمت اين ديوار را به دوران حكومت انوشيروان ساساني نسبت مي دهند. به طوري كه «ابن خرداد» كه در سال۳۰۰هجري قمري درگذشت، در كتاب «مالك و الممالك» درباره اين ديوار مي نويسد: «ديوار دفاعي زمان انوشيروان كه درخشكي گرگان در برابر تركان ساخته شد، ديواري استوار از آجر و گچ بود تا اينكه يكي از پادشاهان ترك كه صول ناميده مي شد بر آن چيده شد و سپس مسلمانان آن را گشودند.» اين ديوار همچنين به ديوار دفاعي اسكندر نيز معروف است. ..
Sonky suratlar

جبرئيل نوكنده سرپرست هيات باستان شناسي با اعلام اين خبر شروع مطالعات سنجش از راه دور ، قوم باستان شناسي، زمين شنــاســي و ساماندهي كاوشهاي فصول گذشته را از ديگر اهداف هيات باستان شناسي بر شمرد.
به گفته جبرئيل نوكنده اين اثر شگفت انگيز كه در متون تاريخي و علمي به نامهاي سد اسكندر، سد انوشيروان، سد فيروز، قزل آلان و ديوار دفاعي مطرح شده داراي تاسيسات وابسته همچون سد، قلعه، كانال، خندق و ... و بناهاي غير وابسته قلعه و تپه مي باشد.
شناسايي وضع موجود ديوار، مستند سازي و شناسايي سفال هاي باستاني در اطراف ديوار و رودخانه كرگانرود و شناسايي طول ديوار از 155 به 200 كيلومتر از دستاوردهاي فصول گذشته بررسي هاي باستان شناختي اين ديوار به شمار مي رود.
به گــزارش واحد اطلاع رساني سازمان ميراث فرهنگي كشور، اين ديوار از محلي به نام خواجه نفس شروع و پس از عبــور از شمال گنبد قابوس به طرف شمال غرب ادامه يافته و در كوههاي "پيش كمر" محو مي شود.
بررسي پيمايشي باستان شناسي اين ديوار در 1378 با توجه به مشكلات پروژه هاي عمراني بويژه سد گلستان كه تمامي مساحت شبكه آبياري آن در مسير ديوار قرار داشت انجام شد.
در اين سال همچنين با گمانه زني باستان شناسي در دو نقطه تقاطع ديوار و زهكش سد گلستان آثار معماري از بقاياي ديوار كشف شد. اين ديوار در بخشي داراي 6 متر و در قسمتي ديگر داراي 10 متر عرض مي باشد كه اين امر نشاندهنده آن است كه عرض ديوار در نقاط مختلف بنا به وضع طبيعي و زمين ساختي منطقه متفاوت بوده است.
در فواصل مختلف قلعه هايي در سمت جنوب اين ديوار ساخته شده كه كمترين فاصله قلعه ها 50 متر و طولاني ترين آن به ده كيلومتر مي رسد.
دومين ديوار بزرگ جهان در گرگان كاوش مي شودگرگان، «رحمت الله رجايي»: يك تيم كامل باستانشناسي، كار كاوش باستانشناسي ديوار تاريخي گرگان را كه دومين ديوار بزرگ جهان محسوب مي شود، آغاز كرده است. اين تيم باستانشناسي شامل: ۶باستانشناس و گروه كاري ۱۰نفره زمين شناس، معمار، جغرافيدان، مورخ، متخصص هنرهاي دستي، گرافيك و طراح به همراه ۵۰كارگر است. بررسي هاي ميداني اين كار سال۱۳۷۹ انجام شده است. به گفته «جبرييل نوكنده» سرپرست هيأت كاوش، سه كارگاه جداگانه به كاوش ديوار تاريخي گرگان مشغول هستند. «ماهفروزي» سرپرست كارگاه در روستاي «قره سير» مي گويد، كارگران كاوش از همين روستا انتخاب شده اند و محل كاوش در جنوب رودخانه گرگان رود با آب زلال آن قرار دارد.