Ene Heykeli-Meydan |
Dr. H. Ownuk: Häzirki zaman Bendertürkmen şäherini, umumy
maglumatlara garanyňda şeýle görkezilýär: “ Gülüstan welaýatyna
tabynlykda duran Bendertürkmen şäheri, 19020 inedördül giňligi bilen,
Türkmensähra ülkesiniň has Günbatar çünkinde ýerleşen türkmen
şäherleriniň biri dir. Bendertürkmen şäheri, ýurt tabynlygynda
“Şäheristan” ölçeginde “Türkmen Şäheristany” ady bilen şäheristan
merkezliginde durýar. Bu merkezlige Kümüşdepe şäheri, Siminşäher (öňki
“Gargy” we “ Omçaly şş.)” hem Bendertürkmen ýaly şäherler onuň
tabynlygynda durýar. Onuň şäheristan derejesinde umumy sany 200 müň adam
bolsa, 90% göterimi türkmen kowumlaryndan ybarat bolýar. Bendertürkmen
şäheri 1306 h.ş. ýylynda Reza şanyň tarapyndan düýbi tutulyp, “
Benderşa” ady bilen tanalypdyr. »»»
Bu şäheriň ady 1979-njy ýýl Eýran ynkylabyndan soň,
özünde ýerleýän esasy ilaty bolan türkmenleriň talabyna görä,
“Bendertürkmen şäheri” diýilip atlandyryldy.
Dünýä boýunça demirýol guruluşygy teknologiýalarynyň ösüşi bilen bir
hatarda, Eýranda-da demirýolyň ilkinji gezek başlangyjy demirgazyk tarpy
hökmünde bu şäherden başlanýar. Ol dünýäniň geopolitiki kartasynyň
ähmiýetini göz öňünde tutanyňda, Hazar deňziniň günorta-gündogar
çüňkünde ýerleşmegi bilen, özüne
strategiki häsiýetli mekany eýeläpdir. Bu şäher 2-nji jahan urşuna çenli “port” görnüşini saklap onda, dünýäniň dürli ýerlerinden gel-gitli syýasy, medeni, ykdysady we söwda ugurlarynda deňiz gatnaşyklary bolup durupdyr. Berilýän maglumatlara garanyňda bu şäheriň düýbi [1]
1926-nji m. (1305-njy h.ş.) ýyldan tutulyp, 1930-njy m. (1309-njy h.S.) ýylda ilkinji şäher häkimligini işe goýberilýär. Jemgyýet köpçilik sanawy resminamalary boýunça 2005-nji ýylda, 46900 sany ýaşaýyjysy bar. –diýip maglumat berilýär.

Bendertürkmen şäheri hakda wikipediýada net ulgamynda şeýle maglumatlara
gabat gelýäris; “Bendertürkmen Gülüstan welaýatynyň günbatar gyrasynda
ýerleşip, Eýranyň rewolýutsiýasyndan (ynkylabyndan) öň “ Benderşa”
diýilip atlandyrylypdyr. Bu şäher “Türkmen Şäheristanynyň” merkezi
şäheri hasaplanýar.”.
bolup bilmedi. Onuň bir aýdyň mysallarynyň biri II jahan urşy
ýyllaryndan soň, Bendertürkmen şäheriniň (öňki Benderşhah) Nemsleriň
(Alman–Germaniýa) tarapyndan gurulan demirýol tehnikasyny öwrediji
Tehnikom (Honarestan-e Fanni) Merkezini, Reza şanyň, Eýranyň çägindäki
beýleki etniki halklarayň garşysyna alyp baran şowenistik syýasatlary
netijesinde, şol döwürde bu senagat okuw merkezini Bendertürkmen
şäherinden göçürilýär.
Häzir onuň port enjamlary boýunça az möçberde Gidro Senagatklaryna
goýberilýän çyg nebitiň alyş-çalyşyny agzasak, onda, şäher
ykdysadyýetine derkar 3-4 sany un zawody, kop toplumly 2 sany pagta
arassalaýyjy zawody (Soňky 2 pagta zawod-fabriklary Iran Revoýutsiýasy
amala aşyrylanda, Yslam Döwleti döredilenden beýläk administratiw
näsazlyga uçrap bankrot boldylar.) we olaryň pagta ýag öndüriji
toplumyny bellemek bolar. Beýleki ykdysady dolanşyklary boýunça hem
düşek, kilim, işbil önümleri, awçylyk, daýhançylyk, maldarçylyk we el
senagatyny ýatlasa bolar.
Turizm ähmiýeti boýunça onuň bir kilometrliginde ýerleşen Aşyrada ýarym
adasyny ýatlamak bolýar. Balyk awçylygy uguryndaky işleýän “Şilat”
edarasynyň bu ýerde ýerleşmegi hem onuň ähmiýetini has-da
ýokarylandyrýar. Bendertürkmen şäherinde ilatyň köp böleginiň din
garaýyşy “Sünni” mezhep bolup, onda türkler, gazaklar, parslar hem
az-owlak Sistan welaýatyndan gelen zabyllylar ýaly gelmişek kowumlary
ýaşaýarlar.
Bendertürkmen şäheriniň demirýol we port mekany hökmünde düýbi tutulan wagtynda onuň ykdysady ähmiýetini gözöňüne tutulan bolsa-da, Reza şa we onuň oglunyň soňky tutan syýasatlarynyň netijesinde bu şäher halkara ähmiýete eýe

Dünýä belli taryhy waka Ikinji Jahan urşy ýyllarynda bu şäheriň üsti
bilen, Sowet ýurtlaryna ýol açylmagy bolupdurýar. Bu döwürde öňki SSR-iň
faşistik Germaniýa üstün çykmagynda şu port şäheriň üsti bilen SSR-iň
goşunlaryna Amerikanyň ýaraglaryny ýetirilip durulmagy sebäp bolupdyr.
Şonuň üçin dünýä boýunça Güdürolum geçelgesi bilen bu şähere “Pole
piruze” ýagny “Üstünlik köprüsi” diýlen ady berlipdir.
• BenderTürkmen port şäheriniň demirýol duralgasynyň edarasy
2-nji Jahan urşundan soň dünýä syýasatlarynyň üýtgemegi bilen bu şäheriň
deňiz port häsiýetinden pese düşürildi. Ýöne häzirki zaman onda, dürli
port enjamlary täzeden dikeldilip başlany bäri şäher öz hakyky adyna eýe
bolup başlady. Ýagny, şäher 60 ýyldan soň täzeden janlanmagy talap
etýär.
Bu şäheriň deňiz gyrasyndaky “Iskele”-de, 3 sany port enjamlaryny ýerine ýetirýän gämi duralgalary “priçallar’ gurulypdyr. Häzirki zaman bu enjamlaryň durkuny täzeleşdirmek işleri, has giňişleýin alynyp barylmagyny planlaşdyrylýar.
Eýran döwletiniň emeldarlarynyň biri Razmaranyň dilinden Eýranyň uly Deýjital Yslam Enseklopediýasynda şeýle maglumata gabat gelýäris; “ Bu mekan Esenguly aýlagyndan Gürgen aýlagyna çenli ýaýran çarwa türkmenleri basyp ýatyrmak üçin Eýranyň harby bazasynyň merkezi bolupdyr.” [2]

Eýran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyň hem Garaşsyz
ýurtlaryň aragatnaşyklary açylandan beýläk günsaýyn diýen ýaly bu
şäheriň hem ähmiýeti has ýokarlanýar.
Ilatyň esasy güýmenjeleriniň biri hökmünde at çapyşyk möwsümleri dir. Ýylyň 2 paslynda ( güz we ýaz aýlary) möwsümleýin çapgy ýaryşlary ýerine ýetirilýär. Şäheriň günortasynda ýerleşen ippadrom (at çapgy meýdany) ýeterlik meýdany bilen, Eýranyň dürli şäherlerden gelip ýaryşa goşuluşýan mihmanlary hsa-da gyzyklandyrýar.
Türkmensähranyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, Bendertürkmende-de hepdelik bazary Düşenme güni bellenilipdir. Ol güni uly bazar ýöredilýär. Bu bazarlarda dürli gök önümlerden başga-da, türkmenleriň elsenagaty (haly, halyça, kilim, keçe we ş. m. ýaly, harytlar.) elýeter bahadan satyga goýberilýär.

Bu port şäherinden Gülüstan welaýatynyň deňiz söwda eksportlarynyň
köpüsini Türkmenistan bilen Gazagystana ýollaýar. Şeýle hem bu şäher
balykçylyk Şilat edarasynyň tarapyndan gyzyl balyk işbil önümleriň iň
köpüsi öndürilýär. Bendertürkmen şäheri Orta Aziýa ýürtlaryna iň ýakyn
port şäherleriniň biri hökmünde onda demirýol enjamlary hem regiýon
boýunça eksport göýberiji gurby, nebit we oňa degişli materiallary
tranzit etmäge ähmiýeti has ýokarlanýar. Bendertürkmen şäheristanynyň
welaýat häkimi Agaýe Akberi şeýle diýýär: “Deňziň özegini (uly
gämileriniň gel-gitleri üçin deňziň ýörite çuňlaşdyrylyp belliklenen
Kanal marşrudy) çuňlaşdyrma çäreleri ýerine ýetirilenden soň 500 tonna
agramly gämileriň gel-gidi başlanar”. [ ] 115
1998-nji ýylyň dowamynda (bir ýyl) 9483 daşary ýürtly uly konteýner
maşynlar 190 müň tonna harytlar bilen Inçeburun gümrükhanasyndan tranzit
edilip ýollanylypdyr. Şeýle hem 130 müň tonna haryt 8225 sany Eýranyň
öz içeri uly konteýner maşynlarynyň üsti bilen Inçeburun serhedinden
Orta Aziýa hem Orsýed ýurtlaryna göýberilipdir.
Türkmensähranyň Horasan welaýatynyň Howdan-Bajgiran serhed geçelgesinden üstümizdäki (1998-1999) 8 aýyň dowamynda 89 göterimi Eýranly 10988 sany maşyn ýük haryt geçirilipdir. Şolardan 6568 sany maşyn turist görnüşde, 3693 sanyh maşyn daşary ýurtlardan we 727 sany maşyn ýönekeý gatnaşyklar boýunça geçirilipdir. Şeýle hem şol bir wagtyň özünde 1269 sany ýolagçy awtobus maşynlar, ýolagçy gatnadypdyrlar. Bütin Eýran boýunça Bajgiran geçelgesi, Bezergen, Astara hem Hosrawy serhet geçelgelerinden soň dördünji orna eýe bolýar.” [ ] 116 ...

************************
My Ph. D. Materials: c). BENDERTÜRKMEN 60 ÝYLDAN SOŇ JANLANÝAR:: Häzirki zaman Bendertürkmen şäherini, umumy maglumatlara garanyňda şeýle görkezilýär: “ Gülüstan welaýatyna tabynlykda duran Bendertürkmen...
* Bendertürkmen şäheriniň merkezi meýdançasy |
No comments:
Post a Comment