Magtymguly Pyragy-Art Iş.:H.OWNUK |
(Beýik akyldar M.pyragyň 275 –ýyllyk doglan gününe bagyşlaýan ).
Göz açyp göreni
Sözdi, sungatdy.
Göz açyp göreni
Közdi, körükdi.[1]
Şol közli ojakdan
Uçran odlart,
Soň başga ykbala
Çatdy,
Birikdi.
Ol körükde,
ýiti gylyç döredi.
hem gylyçdan yiti,
gylyçdan kesgir , ....
neştere barabar
sungat döredi.
atylan ok
ya-da parran gylyçlaň,
güýjüne barabar
goşgy döredi.
ol sungat öyünde, edep öýünde,
ýonaçyň agtygy
göz açdy dünýä.
bu gowgaly dünýä,
gaýgyly dünýä.
ilki oňa
beýik daglar göründi.
ýasalan gorganlar[2],
Sözdi, sungatdy.
Göz açyp göreni
Közdi, körükdi.[1]
Şol közli ojakdan
Uçran odlart,
Soň başga ykbala
Çatdy,
Birikdi.
Ol körükde,
ýiti gylyç döredi.
hem gylyçdan yiti,
gylyçdan kesgir , ....
neştere barabar
sungat döredi.
atylan ok
ya-da parran gylyçlaň,
güýjüne barabar
goşgy döredi.
ol sungat öyünde, edep öýünde,
ýonaçyň agtygy
göz açdy dünýä.
bu gowgaly dünýä,
gaýgyly dünýä.
ilki oňa
beýik daglar göründi.
ýasalan gorganlar[2],
-----------------
Çykgytlar:[1].Körük: demir ussalaryň
ot ýakmak üçin ýel berýän
sanajy
[2] . Gorgan: koşk /gala
[2] . Gorgan: koşk /gala
***
hem azym hünärler
baglar göründi.
Bu umgaly[1] daglar,
Sowuk çeşmeler ,
Hem salgymly[2] sahra ,
Gumly çägeler,
Ýalaňaç[3] çagany
Gujagna basdy.
bu çagaň damary
yssy-dy yssy.
Topragyň synasy ,
Yssy ýürekleri
Seljerýän eken.
Ol sahara ogluny
Bagryna gysdy.
Şeýdip ýonaçynyň agtygy ösdi.
Daglara daýandy,
Berkeşdi[4] ynam .
Jülgeleriň gursagyna sygyndy.
Çynarlaryň saýasyna söýendi.
Giň asmany goçdy,
Buludy goçdy,
Ol şamak batanda
Aýly asmana ,
Nerdywan diredi
Ülkeri ýakdy.
Ýyldyza baý boldy,
Sogrup neşterlerin
Ýollara[5] dökdi.
Soň golda göterip
Közli şapagy,
Gündize çatdy.
Şeýdibem asmanda,
Bu giň jahanyň
Iň gymmatly zadyn,
Kuýaşy tapdy.
[1].umga:dag keýginiň goçy
[2].salgymly göz ýetimden aňyrda oňat saýgaryp bolmaýan howa bilen emele gelýän (sarab)
[3].ýalaňaç dogduň adamzat (M.P)
[4].berkemek:gitdigiçe pugtalaşmak
[5].ýyldyzdan ýol ýasap aýa sataşdym (M.P
********
Bulut kölgelemän ,
Damja öwrülmän,
Teşne ýatan çöle
ýagmyr dammanda[1],
ol ýagmyr diledi.
soň çabga syňdy,
ezilen köýnegin,
meňliniň hut özi
saç bagyndan serdi,
zülpünden asdy.
Şeýdip ýonaçynyň agtygy ösdi.
Soň bahar serpildi,
Toprak dalandy,
Söýgi wysal tapman
Mallar dargady![2]
Dargady kitaplar,
Reýgan kylyndy[3].
Dargady mekdepler ,
Weýran kylyndy.
Ýöne ýönaçynyň agtygy
Sarsman ,
"Bagyr ýaşyn döküp köňül gözünden " [4]
Köňüli dargamady ,
Hiç dargamady.
Oň söýgisi meňli ,
Söýgedi[5] il-di.
Gözlegi hakykat ,
Ummandy köldi.
Ol jahany gezen
Uzalan saldy.
Hem aşykdy,
Hemem özi wysaldy.
Ol durşuna owaz,
Giden aýdymdy.
Ol aýdym diňmedi ,
Il gulak asdy .
Ine bu aýdymda ,
Azadyň ogly
Beýik oyragymyz
Ulaldy ,
Ösdi.
G.Hoja
13 /maý /08
[1]. Ýagmyr ýagdyr soltanym (M.P)
[2] .bazarymdan zerrin mallar dargady (M.P)
[3] .bäş ýylda bir kitap eden işimiz gyzylbaşlar –gyzylbaşlar alyp weýran eýledi (M.P)
[4] . Bagyr ýaşyn köňül döker gözünden(M.P)
[5]. Söýget : daýanç . direg
No comments:
Post a Comment