Friday, June 13, 2008

Türkmenistanda Internet ulgamlarynyng ösüşi-ترکمنستاندا اینترنت اولغامینئنگ اؤسیشی


MTS Türkmenistanyň kabelsiz GPRS internet hyzmaty başlady.
Web Çeşmesi: TurkmenPress 11 Oguz, 2008
Ýurdumyzyň iň uly müşderi köpçüligine eýe bolan el telefony firmasy MTS Türkmenistan kabelsiz internet mümkinçiligi bolan GPRS serwisini ulanyjylaryň hyzmatyna hödürledi. Hepde başyndan başlan hyzmatdan müşderiler häzirlikçe paýtagt Aşgabatda, Balkanabatda we Türkmenbaşy şäherlerinde peýdalanyp bilýärler. GPRS hyzmaty ýylyň aýagyna çenli has hem giňeltmegi maksat edinýän MTS Türkmenistan türkmen internet ulanyjylaryna ýokary tizlikde baglanmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle hem internet ulanyjylary üçin gysga wagtyň içersinde WAP portaly we MMS hyzmaty beriljek. Bu hyzmatyň edil häzirlikçe hususy korporasiýalar we döwlet guramalary üçin berilýändigi mälim edil edilip häzirki günde GPRS internetten peýdalanmaga başlan 750 hususy kärhana we döwlet edarasynyň bardygy mälim edildi.

No comments:

Post a Comment