Wednesday, June 18, 2008

“Jemile” ýetim galdy - جمیله یتیم غالـــدی

Dünýä belli gyrgyz yazyjy Çingiz Aýtmatow aradan çykdy. Ençeme romanlaryň awtory dünýä belli gyrgyz yazyjy Çingiz Aýtmatowyň aradan çykandygy habar berildi. Gyrgyzistan Döwlet Baştutanlygynyň metbugat sekretary Dosaly Esenaliýew Germaniýanyň Nünberg şäherinde bejergi alýan Aýtmatowyň ölümi bilen baglanşykly habaryň Döwlet Baştutany Kurmanbek Bakiýewe berlendigini mälim etdi.
Geçen günlerde hassahananyň renomasiýa bölüminde saklanan ýazyjynyň saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi habar berlipdi.
Aýtmatow 16-njy Maýda bir rus telewideniýesiniň dokumental film düşürülişi üçin Tatarystanyň paýtagty Kazana gidende böwregindäki ýarawsyzlyk sebäpli hassahana ýerleşdirilipdi. 79 ýaşyndaky gyrgyz ýazyjy 18-nji Maýda bolsa tiz kömek uçar bilen Germaniýa äkidilipdi. Ýazyjy Aýtmatow Gyrgyzistanyň Talas welaýatynyň Şeker obasynda 1928-nji ýylyň Bitaraplayk aýynyň 12-sine doglupdy. Gyrgyzistanda 2008-nji ýyly Çingiz Aýtmatow ýyly yglan edilipdi.

1 comment:

  1. Cingiz Aýtamatow we eserleri
    Germaniýanyň Nünberg welaýatynda bejergi alýan günlerinde aradan çykan dünýä belli ýazyjy we döwlet adamy Çingiz Aýtmatowyň eserleri 150-den gowrak dile terjime edildi. Gyrgyzistanyň Talas welaýatynyň Şeker obasynda 1928-nji ýylyň Bitaraplayk aýynyň 12-sine doglan Aýtmatow Gazagystanyň Jambul Weterinariýa Tehnikumyny tamamlady. Soňra Gyrgyzistanyň paýtagty Bişkekdäki Oba hojalyk insitutynda ýokary okuwa dowam etdi. Aýtmatow 1956-58-nji ýyllar aralygynda bolsa Moskwadaky Maksim Gorkiý adyndaky edebiýat institutynda okady.
    Edebiýat dünýäsine ilkinji ädimini Moskwa ýyllarynda äden Aýtmatow şol ýyllarda Prawda gazetinde işledi. Gysga wagt soňra ýazan eserleri bilen tanalan Çingiz Aýtmatow 1957-nji ýylda SSSR Ýazyjylar Bileleşiginiň agzasy boldy.
    Gyrgyz ýazyjy 1963-nji ýylda bolsa iň abraýly baýraklardan biri bolan Lenin Baýragynyň laureaty boldy. Käbir eserleri Orsýetde we Türkiýede kino düşürildi.
    Eserleri 150-den gowrak dile terjime deilen Aýtmatowyň eserleriniň arasynda “Jemile”, “Ilkinji Mugallymym” “Ak Gämi” “Çagalygym” “Gyzyl Alma” “Gün bolar asra çeker” “Ýüz-yüze” “Fuji dagynyň depesi” “Dar agajy ” “Çingiz Handan öýkelän bulut” “Baky nyşanly” ýer alýar.
    Meşhur fransuz şahyr Louis Aragon, ýazyjynyň meşhur eseri “Jemile” üçin “iň gowy söygi romanı” diýipdi.
    Aýtmatow Sowet Soýuzynyň dargamagy we Gyrgyzistanyň garaşsyz bolmagy bilen edebiýatyň iýşiniň daşyndan ýurdyna Lýuksemburg, Belgiýa we Gollandiýada ilçi hökmünde wekilçilik etdi.
    Ýanýoldaşy 3 ogly we bir gyzy häzirki günde Gyrgyzistanda ýaşaýan Aýtamatowyň jynazasy ertir Gyrgyzistana äkidiler. Aýtmatowyň jynazasanyň hepdäniň Ruh günü jaýlanmagyna garaşylýar.
    Web Çeşmesi:TÜrkmenpress - تــورکـمـن پــرس

    ReplyDelete