Monday, January 26, 2009

BARAK OBAMA -(2009-01-20)

B. Obama

Ak tama ilkinji garaýagyz prezident dabara bilen girdi! Eýse, bu garaýagyzlaryñ akýagyzlaryñ üstünden gazanan ýeñşimi? Elbetde, ýok! Bu akýagyzlaryñ hem garaýagyzlaryñ yzagalak, könemöwrit düşünjeleriñ üstünden bilelikde gazanan şöhratly ýeñşi!
Bu ýeñiş geljekde dünýäniñ keşbini düýpli özgerdip biler. Çünki amerikan halky, Amerikanyñ Birleşen Ştatlary häzirki zaman dünýäsinde könemöwrit düşünjelere orun bolmaly däldigini görkezdiler. Bu wakanyñ täsiri we taryhy gymmaty bir ýurduñ çägine sygardan uly. ABŞ adaty bir döwlet bolanlygynda, Barak Obamanyñ ýeñşi ýurduñ öz çäginde galardy. Emma Amerika – dünýäniñ syýasy, ykdysady we harby taýdan iñ kuwwatly döwleti. Muña göz ýetirmek üçin iñ bärkisi bir fakty bilmek ýeterlik. ABŞ-yñ öz döwlet budjetinden okuwa, ylmy-tehniki gözleglere hem-de harby goranyşa goýberýän ýyllyk serişdeleri dünýäniñ galan ähli beýleki döwletleriniñ bu ugurdan bilelikdäki çykdajylaryna deñeçer....
Onsoñ Amerikanyñ prezidentiniñ iş ýüzünde bütin dünýäde wakalaryñ ösüşine gös-göni täsirni ýetirip bilýänligini geñ görmeli däl. Diýmek, Barak Obamanyñ ABŞ-yñ presidenti saýlanmagy adamzat taryhynda öwrülişik pursatyna barabar diýse bolar.
Amerika kadaly össe, bütin dünýä öz oñaýly täsirini, kynçylyga uçrasa-da, tersine, erbet täsirini ýetirýär. Çünki onuñ ykdysadyýeti bütin dünýäniñ ykdysadyýetiniñ başyny çekýär, ösüş depginini kesgitleýär. Edil häzir Amerikanyñ ykdysadyýeti örän agyr ýagdaýda. Ozalky president Jorj Buşuñ tekepbir syýasaty, Yrakdaky we Owganystandaky uzaga çeken uruşlar, şeýle-de amerikan banklarynyñ soñky ýyllarda süýthorçulyga aşa ýykgyn etmegi netijesinde dünýäniñ bu iñ baý hem kuwwatly döwleti agyr krizise batdy.
Barak Obama ýurdy bu çuññur ykdysady hem-de syýasy krizisden alyp çykmaly. Bimöçber kynçylyklara uçran Amerika ähli dogmalardan el çekip, taryhda ilkinji gezek garaýagyz kişini president saýlady. Diñe bu-da däl, Barak Obamanyñ kakasy, asly Keniýaly Barak Huseýn Obama, öz gelip çykyşy boýunça musulman. Diýmek, Barak Obamany president saýlamak bilen amerikan halky bir zarbada iki sany çüýrük hem könemöwrit düşünjeden, ýagny jynsy hem dini dogmalardan el çekdi! Dogrusyny aýtsañ, diñe kynçylyklaryñ tutuş halky beýle progressiv ädimlere itekläp biljegi ikuçly. Meniñ pikirimçe, Barak Obamanyñ president saýlanmagy Amerikan halkynyñ mundan eýläk köneden gelýän köne dogmalara görä ýaşamakçy däldigini görkezýär. Edil häzir Barak Obamany amerikanlylaryñ 80 prosenti goldaýar. Bütin dünýäde-de oña ynam örän uly. Bu goldawy, ynamy Barak Obama ödärmi ýa-da ýok – bu entek belli däl. Ýöne şeýle uly, deñsiz-taýsyz syýasy ýeñşi gazanmagy başaran adamynyñ agyr işe hötde gelip, dünýäniñ ykbalyny özgerdip biljekdigine ynanasyñ gelýär.
Barak Obamanyñ ýeñşinden biz, türkmenler, nämeleri öwrenip bileris? Ilki aýtmalysy – hak iş üçin göreşde maksada okgunlylygy! Özüñe hem adamlara çäksiz ynamy! Galyberse-de, gaýduwsyzlygy. Barak Obamanyñ göreldesine eýerilse, türkmenler gysga wagtda öz topraklarynyñ ykbalyny öz ellerine alyp bilerler. Adam durmuşda ätiýaçly we eserdeñ bolup biler, ýöne hak iş üçin orta çykan, demokratik, hukuk döwleti ugrundaky mukaddes göreşe baş goşan adamlara ýöwsellik ýaraşmaz. Türkmenlere halk hökmünde göwnüçökgünlikden, owarramçylykdan we syýasy ýataşäriklikden el çekmäge çen boldy. Barak Obamanyñ taryhy ýeñşi – çynyñ bilen ýapyşsañ, bu dünýäde bitirip bolmajak iş ýokdugyny görkezdi. Beýik türkmen şahyry Gurbannazar Eziz öz döwründe bu pikiri şahyrana görnüşde şeýle teswirläpdi – “Kynçylyk ýok, Ejizlik bar dünýäde!”
Ak Welsapar, ýazyjy
******
B. Obama

No comments:

Post a Comment