Thursday, May 24, 2007

Prezident Berdimuhammedowyn ylmy kitaby neşir edildi


Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhammedowyň "Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslar" kitaby Ylym neşirýaty tarapyndan neşir edildi। Prezident Berdimuhammedow ýurdumyzda saglyk pudagyndaky ösüşleri we özgerişlikleri ylmy kitabynda giňişleýin ele alýar. Ylmy kitapda soňky 16 ýylda Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Türkmen döwletindäki özgerişlikler suratlandyrma arkaly beýan edilýär. Kitapda ýurdumyzda gurlan saglyk merkezleri, anyklaýyş merkezleri we dürli görnüşdäki saglygy saklaýyş we goraýyş pudagynyň desgalary, enjamlary kitapda görkezilipdir. Saglygy saklaýyş pudagynda ençeme ýyllap işlän Döwlet Baştutany Berdimuhammedowyň bu kitaby saglyk okuwy mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda , şeýle hem bu pudakda işleýän işgärler tarapyndan möhüm bir çeşme hökmünde ulanylar.

No comments:

Post a Comment