“Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň ikinji sany Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynyň resmi materiallary we Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň “Mahmyt Zamahşary we Gündogaryň ylmy-edebi galkynyşy” atly Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlagy bilen açylýar. Žurnalyň “Umumy we ylmy meseleler” bölüminde syýasaty öwreniji J.Garajaýewiň “Täzelenmeler arkaly hil taýdan täze türkmen jemgyýetine tarap” atly makalasy we filogiýa ylymlarynyň doktory A.Aşyrowyň “Mahmyt Zamahşary we Gündogar ylmy-edebi galkynyşy” diýen makalasy ýerleşdirilipdir.
Professor Ö.Gündogdyýew türkmen halyçylygynyň gadymy kökleri barada ýazýar – onuň makalasy žurnalyň “Täze açyşlar we işläp düzmeler” diýen bölüminde ýerleşdirilipdir. Şu bölümde okyjylar tatarystanly professor A.A.Burhanowyň Lebap welaýatyndan tapylan kuşan we kuşan – sasany teňňeleri baradaky makalasy bilen tanşyp bilerler. Okyjylar žurnalyň täze sanynyň ahyrynda özünde Prezident muzeýini, Mukamlar köşgüni, Milli kitaphanany birleşdirýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkezi,. Türkmenistanyň Milli medeniýet “Miras” merkeziniň al-Majid medeni we miras Merkezi (Birleşen Arap Emirlikleri) bilen hyzmatdaşlygy şu ýylyň Gurbansoltan aýynyň 1-7-sinde bolan “Milli folklor we teatr sungaty” atly Halkara festiwaly baradaky materiallar bilen tanşyp bilerler.
Web Çeşmesi: Türkmenpress
No comments:
Post a Comment