Thursday, May 01, 2014

Taryh ylymlarynyň Akademigi Prof. Myrat Annanepesow Dünýäden gitdi
تاریخ علئملارئنئنگ آکادمیگی پروفسور مئرات آنا نفس اف آرادان چئقدی

Myrat Aga Konferensya
Dr. OWNUK Hangeldi (ОВНУК, Хангелди)
Академик Профессор по исторических наук АННАНЕПЕСОВ, Мурад АННАНЕПЕСОВИЧ ушли.

* Вице-президент АН Туркменской ССР. декабре 1989
* декабре 1991-член Комитета Конституционного Надзора СССР.
**********
Ara uzak, dünýä boýunça habarlaryň tizara gelip gowuşmagyna garamazdan, Türkmenistanda ýaşaýan ylym atamyz, professor Myrat Annanepesowyň 2013-nji ýylyň 19-njy Sentýabrynda aradan çykmagy, bizi matamda oturtdy welin, näme üçin taryhy dogruçyl ýazan, äleme şeýle meşhur alymyň habary esli wagt üstünden geçenden soň, dünýä ýayraýar?
Eýsemde, dünýäniň gowgaly syýasatlarynyň gapma-garşylyklary netijesi bolsa, biri-birine mähriban duran adamlaryň arasyny üzňe bolmagyna sebäp bolýar, disek ýalňyşmarys.

Professor Myrat Annanepesow, 1988-89-nji ýyllarda, SSR döwriniň taryhynda gapma-garşylyk we galplyk döretýän “Roslýakow (Росляков)” ýaly biorokrat taryhçylaryň garşysyna jeddelli gürriňleriň üstüni açdy we netije berdi.
Ol 1881 82-nji ýyllrda ýüze çykan Gökdepe uruşynyň esasynda Türkmenleriň meýletin Orsýediň tabynlygyna geçmedigini beýan etdi. Orsýediň goşunlarynyň Türkmenistany basyp alandygyny yglan etdi. Roslýakow ýaly galp taryh bilen geljekki nesillerimiziň aňyny-düşünjesini tersine çöwürip üýtgetjek bolýan biorokrat taryhçylaryň teorýalarynyň puçdygyny görkezdi we öňüni aldy. Ol wagt professor Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyn witse prezidentlik ornuny saklaýardy.
Aşgabatdaky geçirilen konferensýa-2000 ý.
Myrat Annanepesowyň işi prof. Dr. Söhrat Kadirow [1] ýaly milli aktiwal ýaş alymlaryyň hem ünsüni özüne çekdi we giňden açyklama ýaýradyldy. Halkymyzyň taryhyny ýazmakda bir uly galplygyň öňüni alyndy. Ana şunuň ýaly hakykatyň üstüni açan türkmen milli alymymyz Professor Myrat Annanepesow, taryha wepadar we dogruçyl alym bolmalydygyny özünden miras galdyrdy. …

Professor Myrat Annanepesowyň aradan çykmagy onuň şägirtlerini matamda oturtdy.

2005-nji ýyl Kanada ýurduna gaýtmazymyň öňisyrasy, professor Taryh Institutynyň Dünýä Türkmenleri öwreniş bölümüne gelip, biziň ýurdy terk edip daşary çykjak bolýandygymyza örän gynandy. Onuň sebäbini özi hem bizden gowy bilýärdi.
Akademik Myrat Annanepesowyň ilkinji şahsyýet hökmünde Eýran türkmenleriniň 1984-den ta 1990-njy ýyllara çenli dowam eden syýasy göçhä-göçliklerinde, olara arka durup eýe chykandygyny köpler bilýän bolsa gerek. Ol Eýran türkmenleriniň intelligensýasynyň öz türkmen topragy üçin janpida bolup göreşendiklerini eşidip guwanýardy we ähli gelen türkmen ildeşlerini, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynda ýa-da, beýleki ylmy edaralarda iş bilen üpjün etýärdi. Onuň ogly Ahmet Annanepesow, [2] biz bilen bir ýerde bilelikde iş alyp barýardy. Egindeşlerimiziň biridi. Professoryň özi hem-de, ogly Ahmet Annanepesow Eýran türkmenleriniň ykbaly ugurundaky bolup geçen wakalar hakda has gyzyklanmalar döretýärdiler hem şu babatda öz ylmy işleriniň esli göwrümini, Eýranyň tabynlygynda bölünip galan “Etrek-Gürgen” sebitlerindäki ildeşlerine niýetlendirýärdiler. …
Professor Myrat Annanepesowyň gyzykly işleriniň biri hem belli meşhur Kyỳat hanyň ogly Ýagşymämmet şahyr hakyndady. ..."Ýagşymämmet şahyr, XIX asyrda günbatar Türkmenistanda, Hazar deňziniň kenar ýakalaryndaky obalarda ỳaşap geçipdir. Ol şahyrçylyk bilen hem meşgullanypdyr. Onuň eserleriniň köpüsi “Bendilikde ỳazylan goşgular” bolup, şol at bilen hem tanalýar. Onuň bu eseri öz döwrüniň ýüzüni doly açyp görkezmäge ỳardam edýär. Belli taryhçy alym Myrat Annanepesowyň bu baradaky materiỳallary Ýagşymämmediň döredijilik ugrunyň esasy alamatlaryny aỳdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berỳär.” ...[3]
Egerde Myradaganyň işleriniň biri “Bendilikde ýazylan Goşgular” atly eseri bolsa, Ahmet Annanepesowyň ylmy işi “Борьба юго-западных туркмен против каджарских властей в первой половине XIX в. (XIX asrda Günorta-Günbatar Türkmenleriniň Gajar hökümdarlarynyň garşysyna alyp baran göreşi)” [4] - Etrek-Gürgen türkmenleriniň ykbaly bilen baglanşykly bolup durýardy.
Șeýle hem professor Myrat Annanepesowdan, mukdary köp sahypaly bolan arhiw materiallardan agyr göwrümli ylmy işler miras galdy. Olaryň arasynda esasan:

1. Аннанепесов М., “Бендиликде язылан гошгулар”, Ашгабат – 1977 й.
2. Aннанепесов М., «Укрепление русско – туркменских взаимоотношений в XVIII-XIX вв.», Изд., « Ылым » , А. : 1981 г., с. 229 – 230.
3. Aннанепесов М., “Русско – Туркменского отношенния, в XIX – XVIII вв. ( До происведения к Россия),
4. «Хозяйства туркмен в XVIII-первой половине XIX в», издана в 1968 г.,
5. «Хозяйство туркмен в XVIII-XIX вв», издана в 1972 г.,
6. Сборник архивных документов , АНТ ССР , Ашхабад – 1936 г., 256 -301 стр. ...
7. Dürli gazýet-jurnallarda çykan köp mukdarda makalalar we oçerekler. akademiki barlag işleri ýatlasa bolar. …

Akademik Professor Myrat Annanepesowyň aramyzdan gitmegi onuň goldaw ganatynyň astynda ylmy derejelere eýe bolan şägirtlerini örän gynandyrdy we matam tutdylar. Myrat aganyň ýatan ýeri ýagty we ady halkymyzyň ýadynda we Türkmenistanyň hem Dünýä Türkmenleriniň taryhynda müdimelik ýaşasyn! ...

Некоторые информация о Аннанепесов Мурад Аннанепесовича:

АННАНЕПЕСОВ, МУРАД (1932-). Род. 14 дек. 1932 в Мары.
- Окон. ист. ф-т ТГУ.
- Доктор ист. наук, акад. АН ТССР,
- Во второй половине 1980-х – первой пол. 1990-х - вице-президент АН ТССР.
- Длительное время рук. отд. истории до Октябрьского периода ТССР в Ин-те истории АН ТССР.
- Автор монографии «Хозяйство туркмен в XVIII-XIX вв.»,
- Ведущий спец. по истории росс.-туркм. отношений 18-19 вв.
- В 80-е стал одним из инициаторов введения в науч. оборот тезиса о «добровольном вхождении Туркменистана в состав России» (М. Гапуров, А. Аннанепесов, А. Росляков, Братство Навеки, Ашхабад, «Туркменистан», 1985).
- В годы перестройки опубл. крупные статьи в Московскии Академическии журналах, в кот. показал несостоятельность тезиса о добровольном вхождении туркменов в состав России в конце третьей четверти 19 в.
- В наст. вр. на пенсии. См. Аннанепесов М. О двух концепциях в изучении хозяйства туркмен в XVIII-первой половине XIX в. // Известия АН ТССР, сон, 1968, № I. С. 80-90;
- Аннанепесов М. Хозяйство туркмен в XVIII-XIX вв. Ашхабад: Ылым, 1972;
- Аннанепесов М. Укрепление русско–туркменских взаимоотношений в XVIII–XIX вв.
- Ответ. ред. А.А. Росляков. Ашхабад: 1981; 268 с.;
- Аннанепесов М. Юго-западные туркмены в первой половине XIX века. Под ред. Н.А. Кузнецовой. Ашхабад: 1995 и мн. др. ...
Çykgytlar:
1. Кадиров Шохрат, “Становление и эволюция этнополитической организации у туркмен”, Москва – 2004 г.
2. Аннанепесов А., “Борьба юго-западных туркмен против каджарских властей в первой половине XIX в. – Ашгабат – 1992 г.
3. Овнук Х., «История культуры туркмен Ирана (ХIХ-ХХ вв.),» - Ашгабат – 2005 г.
4. Аннанепесов А., /görk. iş/, ...
Dr. Ownuk, Hangeldi Arazgeldi ogly:
Canada – Toronto – 01-Maý-2014
================

No comments:

Post a Comment