Sunday, June 17, 2007

Şu gün türkmen bedew aty şeyle hümmürdeyər!......



Bir wagtlar Türkmen hanynyň ganatydym.
Bir Mahal duşmanyň eline düşmez ýaly eýäm Görogly begi Çandybile aşyrypdym,
Bir mahal toýlarda ýel ýaly çapyp, aýlawlarda biniji orny eýeläp dosty, duşmany aňk edipdim.
Bir mahal.....
Ýöne bu gün ...
Bu gün hem eýämiň hem-de meniň aýagyma badak atyldy.
Bu gün edil eýäm ýaly meniň-de boynum bükük.
Bu gün edil eýäm ýaly üstüme namartlaryň biri münüp, birsi düşýär.

Ýöne men tapdan düşemok sebäbi Kerim şahyr aýdypdyr:

«Dünýä mallryndan bir döwlet düzseň,
Prezidenti Türkmen bedöwi bolar.»

Ýollan: A. Gürgenli - Praga

No comments:

Post a Comment