Tuesday, July 31, 2007

TÜRKMENISTANDAN HABAR - ترکمنـســتـانـدان خــبر

Aşgabatda BMG-niň prewentiw sebit merkezi döredilýär
Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda prewentiw diplomatiýa boýunça sebit merkezini döretmek baradaky karary bilen baglylykda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan guralan bu duşuşyga ýurdumyza sapara gelen BMG-niň Sekretariatynyň syýasy meseleler baradaky Departamentiniň Aziýa we Ýuwaş okean sebiti boýunça müdirliginiň direktorynyň orunbasary Wladimir Gorýaýew gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşuşygy açyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnuklylygyň hatyrasyna doly möçberli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasy doktrinasyna ýygnananlaryň ünsüni çekdi. ... دوامی بار = Doüamy bar

1 comment:

  1. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistana berlen hemişelik Bitaraplyk derejesi häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň gazanylmagynda möhüm faktora öwrüldi. Wise-premýer bularyň ählisiniň BMG tarapyndan Aşgabatda prewentiw diplomatiýa boýunça sebit merkezini açmak baradaky kararyň kabul edilmegine oňaýly şertleri döredendigini belläp, Wladimir Gorýaýewe söz berdi.

    BMG wekili Aşgabatda prewentiw diplomatiýa boýunça sebit merkeziniň açylmagy barada aýdyp, şu ugurda bilelikde uly işler geçirildi, häzirki wagtda şol işler tamamlaýjy tapgyrdadyr diýip belledi. Türkmen paýtagtynda şeýle merkeziň açylmagynyň özi Türkmenistanyň sebit boýunça öz goňşularynyň uly ynamyna eýe bolup durýandygyny aýdyň subut edýär diýen Wladimir Gorýaýew şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň öňe süren başlangyjyny goldap, Aşgabatda prewentiw diplomatiýa boýunça BMG-niň sebit merkeziniň döredilmegine biragyzdan razylyk berendiklerini aýdyp, sözüni dowam etdi. Täze edaranyň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin ýene-de köp işler edilmeli, ýöne esasy zat, şu ugurda Türkmenistanyň maksatlary we wezipeleri Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýändigini bellän myhman bu barada aýtmak bilen, Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli gatnaşyklarynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de onuň köptaraplaýyn ugur boýunça çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

    Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory Şirin Ahmedowa çykyş edip, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň BMG bilen giňden hyzmatdaşlygy esasy ugur edinendigini belledi we biziň ýurdumyzyň, boýun alan borçlarynyň ählisine ygrarly bolup galýandygyny iş ýüzünde aýdyň görkezip bilýändigini aýtdy. Aşgabatda prewentiw diplomatiýa boýunça sebit merkezini döretmek baradaky karar hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Turkmenistanyn Prezidentinin progressiw syýasatynyň halkara derejesinde has giňden goldaw tapýandygyny hem-de ýurdumyzyň BMG-da uly abraýa eýe bolup durýandygyny görkezýän ýene bir subutnamadyr. Ş.Ahmedowa institutyň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, onuň mandatynda hemmeler tarapyndan kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda adam hukuklary boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň göz öňünde tutulandygyny nygtady we şu ugurda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýandygyny belledi.

    Wladimir Gorýaýew «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyga gatnaşyjylaryň - DIM-iň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň esasy işgärleriniň döredilýän täze edaranyň işine degişli sowallaryna jogap bermek bilen, Aşgabatdaky merkeziň işine BMG-niň tejribeli hünärmenleriniň çekiljekdigini belledi. Merkezi Aziýa uly möçberli hem-de serişdelere baý we strategiýa taýdan möhüm ähmiýetli geosyýasy ýagdaýa eýe bolup durýan sebitdir. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatdaky prewentiw diplomatiýa boýunça sebit merkezi meseleleriň uly toplumy bilen meşgullanmaly bolar, hususan-da, sebitdäki ýagdaýyň monitoringini geçirer we ýagdaýy seljerer, BMG-niň Baş Sekretaryna degişli maglumatlary berer, habarlaryň alşylmagyny utgaşdyrar.

    Ýygnakda Türkmen döwletiniň ylalaşdyrmak babatda hem-de dawalaryň öňüni almak we ýüze çykan dawalary çözmek boýunça baý tejribe toplandygy bellenildi. Türkmenistanyň Täjigistandaky ýagdaýy kadalaşdyrmakda netijeli işleri bitirendigini hem-de täze, parahat durmuşy gurmakda owgan halkyna degerli kömek berýändigini ýatlamak ýeterlikdir diýip, myhman belledi.


    Web resource => Türkmen Press - تــرکــمــن پــرس

    ReplyDelete