Monday, July 23, 2007

Oguz Hanyn Dogasy

Oguz Han
Uly Tañry, gözel Tañry, tap Tañry!
Sen Türki, Türk ýurduny gora. ganym odundan sakla.
Türki ýigitlikde baky et. Türki ärlik namysy bilen ýaşat. Türki hakykatçyl et. Türküñ köñlüne her zatdan öñ, hatta gursagyna nan goýmazdan öñ, Türklük söýgüsini guý. Türki arzulary bilen yaşat. Däplerini janlary ýaly saklat. Türki aýşa-eşrete bermän, zähmete alyşdyr, zähmet bilen ýürekleri, süñleri demir ýaly bolsun. Türke işlemäge uly güç ber. Türk pespäl bolsun. Oña üýtgemeýän oñat gylyk ber. Döwür üýtgese-de ol degişmesin, diñe kämilleşsin.
Uly Tañry, Gök Tarñry!

Türke namys, ahlak, berk we sagdyn niýet ber. Ýurt söýerlik, ylym, senagat, düzgün, güýç-kuwat we baýlyk bilen utgaşan barlygy ber. Türkde ogurlyk, namyssyzlyk dörese gargyş et. Ruhy baýlyk bolar ýaly Türke uly bir menlik, özüne ynanmaga doly güýç ber. Türki saýgarjy, çynlakaý adamlar ýarat. Türk duýgularyna gapylyp, gahar bilen joşmasyn. Birden-ikä däri ýaly partlamasyn. Mydama sowuk ganly bolsun. Türki her milletden köp batyr ýarat.
Ey Tañry!
Arsyz-namyssyz ýekje Türk ýaratjagyña, düýäni ýyk, ol oñatdyr. Näçe gorkak Türk bolsa baryny gyr. Türk her zady synlap, deñäp, tejribesi bilen saýlasyn. Türki diñe akyl hem logika bilen çäklendirme, gerek ýerinde joşsun. Ol sabyrly, derde dözümli bolsun. Tutan işine polat ýaly ýapyşsyn. Dönük Türk ýaratma. Türkleri açgöz, maýmyn işdäli etme. Türk mydama garanjañly ädim ädsin. Hiç kimiñ süýji diline ynanmasyn. Durmuşy akyl hem işeññirlik bilen geçsin. Oña mydama işlemek söýgüsini ber, ylaýta-da agzybirlik bilen işlemegi endik etsin. Ýalta Türki derröw öldür. Türke hemmelerden köp, üstün akyl ber. Akyl bilen işlemek, ikisi bir bolsa, Türküñ öñüni alyp bolmaz.
Ýatlara garşy-her il bähbidini gorasyn. Hak näçe köp öñe sürülse, ahyrynda hasyl bolar. Türk beren sözünde tapylsyn.
Beýik Tañry!
Türküñ başyna bir doñ ýüregi oturtma. ili onuñ eli bilen birleşdirmek niyrä ýetirer? Soñunda bir gün il dargar. Şoña görä eý Tañry! Türkleri sen öz eliñ bilen birleşdir, her zatdan öñ ruhlaryny birleşdir. Olary bir ten, bir jan ýaly birleşdirji däbe eýe et. Türki ýatlardan gora. Türki mydama oýa sakla. Türk, Türklük üçin, namys üçin, ölüme gorkman atylsyn. Türki däplerine wepaly kyl. Tañrym bilgin ki, Türk barlygy, Atalar däbi, asyrlaryñ jümmüşinde dörändir, olarda hatta aklymyzyñ ermedigi hakykatlar bardyr. Tañry! Sen meni däplere dopulmakdan sakladyñ we saklgyn.
Tap Tañry!
Türk milletini boş söz däl, ellerinden iş geler adamlar kyl. Gury söz bilen iş bitmez. Muny olaryñ beýinlerine sok!
Gözel Tañry!
Saña her zatdan ozal ýalbardygym şudur: Türki ýaranjañlykdan gutar. Ýaranjañlyk ýollar bilen baýamakdan gora. Türke erbet ýoldan baýlyk ýygmak hyrsyny berme. Ýaranjañlygy ýok et. Türke mydama birleşik duýgusyny we oña ymtylyş tamasyny ber. Türki seresaply bolmaga we her zady ýorup biljek güyje eýe et. Oña batyrlyk ber.
Aman Tañry!
Türk, maşgalasynda däp-düzgünini her zatdan öñ gorsyn. Türk maşgalasyndan atanyñ, atalarça güýjüni egsildme. Türk, topragynda erkin yaşasyn. Adalatdan başga zat höküm sürmesin. Sen Türke tebigaty söýmek söygüsini ber. Türk ýurdunda ýoksuzlyk şeýle bir ýogalsyn, her kim garyyplygy uly suç saýsyn.
Ýaradan beýik Tañry!
Türk her zatdan öñ Türk ulusyna, iline-gününe oýlansyn. Aldawaçlaryñ adamkärçilik diýenleri göz boýagçylykdyr. Adamkärçilik maskasyny dakýanlar bar, ol maskanyñ astynda ýyrtyjy haýwanlar ýaly ýaşaýarlar. Adamkärçiligi gören bolmady.
Goja Tañry!
Türke saglyk, sürekli niýet ber! Agyr ýagdaýlarda sabryny, çydamyny, gaýratyny artdyr. Ýagşy gylyk bolar yaly oña iş söygüsini we ile borçlulyk dugusyny ber. İle borçlulygy Türk ýurdundan egsik etme. Uly güýç bolan Türklük yşkyny oña öwret.
Tañryym!
Türkçe sözleyän, Türk bolan topraklary dünýäñ soñuna çenli Türküñ elinde saklat!
«Türk Dünýäsi dergisinden» Türkmençä öwren:

Akmyrat Gürgenli

No comments:

Post a Comment