”Güneşiñ” öz habary
”Mülli Tahyryñ hudaýlygy” romanynda aýal-gyzlaryñ obrazy” diýen temadan internet arkaly geçirilen edebi çekişme örän gyzykly boldy. Bu çekişmede ondan gowrak adam çykyş edip, roman hem türkmen aýal-gyzlarynyñ obrazynyñ çeper eserde şöhlelenişi, kitabyñ gahrymanlarynyñ durmuşdaky prototipleri hakda öz pikirlerini orta atdylar.
Aýratyn hem aýal-gyzlaryñ çykyşlary gyzykly boldy. Kanadadan Gülsenemiñ, Nabadyñ, Eýrandan Maýanyñ roman hem ondaky aýal-gyzlaryñ obrazy dogrudaky pikir öwürmeleri çekişmä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Nabat romanda aýal-gyzlaryñ ynandyryjy obrazlarynyñ döredilendigini, Zylyhanyñ öz ýanýoldaşyna wepaly, edepli, özgeleriñ ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşýän hakyky türkmen zenanynyñ obrazydygyny aýtsa, Maýa romanyñ gahrymanlarynyñ durmuşdaky prototipleri bilen özüne sowet döwründe Türkmenistan Ylymlary Akademiýasynyñ Dil we Edebiýat institutynda bile işeleşmegiñ miýesser edenligini ýatlady. Dowamy bar ...
No comments:
Post a Comment