Sunday, December 30, 2007

Türkmenistanda dollaryň täjirçilik hümmeti bellenildi!


Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky soňky mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda daşary ýurt pulunda geçirilýän amallary kämilleşdirmegiň meseleleri hakyndaky» Karara gol çekip, amerikan dollarynyň milli manada bolan täze resmi we täjirçilik hümmetini belledi. Merkezi metbugatda çap edilen resminama laýyklykda, 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy (yanwar) aýynyň 1-inden başlap, 1 amerikan dollarynyň ozal 5200 manada barabar bolan resmi hümmeti 6250 manat möçberde bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde gyzyklanma bildirýän taraplaryň daşary ýurt puluny satmagy ýa-da satyn almagy üçin, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ABŞ-nyň bir dollarynyň täjirçilik hümmeti 20000 manatdan ýokary bolmadyk möçberde bellenilýär.
Bu Karar milli ykdysadyýetimizde daşary ýurt pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, oňa gözegçiligi güýçlendirmek we manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetine tapgyrlaýyn geçmäge oňaýly şertleri döretmek hem-de daşary ykdysady gatnaşyklarda işjeňligi ýokarlandyrmak we daşary maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen kabul edildi. Ilatyň daşary ýurt puluna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, alyş-çalyş nokatlarynyň gerimi giňeldiler. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýar berlen banklaryň ählisi bilen bilelikde uly taýýarlyk işlerini geçirmegi netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda 105 sany alyş-çalyş nokatlary, şol sanda: Ahal welaýaty boýunça - 16, Mary welaýaty boýunça - 13, Lebap welaýaty boýunça - 26, Daşoguz welaýaty boýunça - 11, Balkan welaýaty boýunça - 19 we Aşgabat şäherinde 20 sany nokatlar taýýar edildi. Mundan başga-da, ygtyýar berlen banklara, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegindäki kärhanalara, edaralara we guramalara, hususy telekeçilere we ilata daşary ýurt puluny täjirçilik hümmeti bilen satmaga we olardan satyn almaga ygtyýar berildi. Merkezi bankda bu täzeligi teswirlemek bilen, degişli çäreleriň görülmegi netijesinde manadyň daşary ýurt puluna bolan hümmeti kadalaşdyrylar, munuň özi ýurtda walýuta hasaplaşyklaryny tertipleşdirmäge mümkinçilik berer diýip bellediler. Esasy zat, edaralar we şahsy taraplar üçin resmi bank edaralarynda manady walýuta çalyşmaga hem-de hasaplaşyklary geçirmäge oňaýly ýagdaý döredi, bu bolsa ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny ep-esli ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga we önümçilik işini ýaýbaňlandyrmaga degerli ýardam berer.

Web Resource: Turkmen Press

No comments:

Post a Comment