Sunday, January 06, 2008

Eỳranda Türkmen ildeşlerimize bolan pajygaly wakalar barada

Täze ỳylyñ öñỳanynda 27.12.2007 dañdan irden Eỳran deñizi goraỳjy gulluklarynyñ kateri bilen Türkmen balykçylarynyñ gaỳyklary çakyşma netijesinde 19 ỳaşly milleti Türkmen bolan Hesammetdin Hydyver heläk bolypdyr.
Geçen ỳylyñ güỳzinde hem 29 ỳaşly milleti Türkmen bolan Neman Nyỳazy ỳörite deñizy goraỳjylar gullugy tarapyndan atylyp öldürilỳär. Ondan başga hem näçe gezek şol gullygy tarapyndan atylyp öldürilenler bar.
Kaspy deñizinde bikanun balyk tutmaklyk hemme Kaspy deñiziñ ỳakasynda ỳerleşỳän döwletlerinde bir meñzeş problema, sebäby hem köp deñiz boỳunda ỳaşaỳan obalarda balykçylyk ỳeketäk aỳ-gün geçiriş ỳoly bolup durỳar we obalaryñ ỳaşaỳjylary asyrlar boỳunça balykçylyk bilen günlerini geçirỳärler. Ýöne beỳleki deñiz ỳakasynda ỳerleşỳän döwletlerde bikanun balykçylary atyp öldürmeklik hadysa ỳok, ỳa-da örän az sataşỳar, gynansak hem goñşy Eỳran Yslam Respublikasynda kanunda bikanun balykçylara 11 günden 2 aỳa çenli tussag astyna almaklyk we jerime salmaklyk gözöñünde tutulỳan bolsada, Türkmen deputaty Muhammetguly Iry Eỳranyñ Mejlisinde yzygiderli çykyş edip Eỳran Yslam Respublikasynyñ Prezidentine ỳörite hat ỳazyp şol meselelery duỳduranam bolsada, ỳenede balykçylary atmaklyk, olary öldürmeklik wakalar yzygiderli gaỳtalanyp durỳar.
Biz şu wakalaryñ Eỳran goñşy ỳurdynda bolup durmagyna aladalanỳarys we şu meseleleri yzygiderli yzarlaỳarys. Bender Turkmende bolan wakalaryñ gaỳtanlanmasyzlygy üçin biz Eỳran Yslam Respublikasyndan:

1. 27.12.2007 bolan wakalaryñ sebäpkärlerini kanun boỳunça jeza bermekligini isleỳäris.

2. Halkyñ gahar-gazap bilen Çapakly obasynda we Bender Turkmende bolan hadysydan soñ tussag astyna alylanlary tussagdan boşadylmagyny haỳyş edỳäris.

3. Deñiz goraỳjy gullugynyñ strukturasyny uỳtgedip, profesional kadrlary taỳarlap, öz hukuklar-jogapkärçiliklerini doly bilỳän we tejribeli kadrlaryndan düzülen gulluguny döretmegini maslahat berỳäris.

WATAN ỳ Jemgyỳetçilik Syỳasy Hereketi şol hadysada wepat bolan Hesametdin Hydyvering maşgalasyna öz gynanjyny bildirỳär we olar sabyrly, tagatly bolmagyny arzuw edỳär.

06-01-2008

No comments:

Post a Comment