Friday, September 25, 2009

Türkmen edebiýat we sungaty gaty giň bir düýnýädir-ترکمن ادبیّاتی و صونغاتی غاتی گینگدیر

T. Kor - ت. کر
Ol halkyň ýüreginden joşup gaýnap çykan çeper sözler we aýdym-dyr, ýa goşgy, saz görnüşünde , Türkmeniň başdan geçirýän wakalary we şol sanda haýsy ugur bolsa, hem , düýgularyň päk şeklinde beýan edilmegidir.
Türkmen edebiýat we sungaty has güýçli wagty, 18- nji asyrlardan başlanýar.
Şol wagtlar Türkmen halkyň özbaşdak ýaşamak-da we Türkmeniň azat durmuşyny goramak-da köp yzygiderli söweşleri başyndan geçirmeli bolupdyr.
Şol döwrüň şahyrlaryndan Döwletmuhammet Azadi, Magtymguly pyragy,nurmuhammet Andalip, Gurbanaly Magrupy we ýene köp-köp edebiýatçylaryň adyny aýtsak bolýar.
Bu Şahyrlaryň durmuşy, Dogurçylyk beýan etmek, halkyň duýgy- düşünjesini Çeperçilik bilen aňlatmak-da, ýüreklere merhem bolup, dilden –dile geçip bize miras bolup gelipdir.
Asyrlar boýunça , Türkmeniň asuda bir ýaşaýysy bolman, elmydama şol zalym Şahlaryň- hanlaryň özara güýç gazanmakda Türkmen topragyna çozuşlar edip,
Parahat yaşaýan halky öz gününe goýmandyr.
Türkmen diýary, Demirgazakdan, Hiwa hanlaryň talaňçylyk çozuşlaryndan kynçylyk çekip ýörse, Günortadan şol Eýran Şalaryndan yzly-yzyna çozuşlara garşy söweşýärler. ... Dowamy - دووامی

1 comment:

  1. Gündogardan hem ol özbek hanlary gün bermändirler.
    Soňunda hem Günbatardan Russ imperýasy, Türkmen topragy talap basyp almakda, Eýran Şa-sy bilen köp mekirlik we hilegärlik, agyzalalyk we içigaralyk bilen Gökdepe söweşinden soň , basyp alyp, Eýranyň şol wagtky Şasy bilen Türkmen topragy iki bölege parçalap üstünlik gazanyp, höküm sürüp agalyk edip başladylar.
    Şu bolup geçen pajygan wakalaryň her birine degişli , biziň edebiýatymyzda hem sungat öýünde yz galdyran köp döredijiliklere düş gelýäris.
    Mysal : Hiwa hany Türkmenleri ýesir alyp sürgün edende, Türkmen beýik sazandasy GARA DÄLI GÖKLEŇ öz döreden gara däli gökleň ady bilen tanalan we häzirki günlerde Ýandym atly sazy eşidýäris.
    Ýene bir mesal : Gökdepe galasynyň uruşyna bagyşlanyp düzülen saz :
    Gökdepe mukamy we şol galada hiç zady gaýgyrman söweşde öz paýyny uly möçberde iş bitirenleriň biriniň şanyna düzülen Çokaý ýasaýan berkeli türkmene, BERKELI ÇOKAÝ owadan saz hem gulaklarymyza häzirki güne çenli ýaňlanýar.
    Görşümiz ýaly düýnýäniň hemme halklarda bolşy ýaly, edebiýat we sungat aýna ýaly bolup durmuş wakalary , kultur ösüşi aýan edip, Jemigatçylyk ýaşaýyşda özüne uly roly eýeleýär.
    Ine bilşimiz ýaly Türkmen edebiýaty hem bu gahramançylyklary wasp etmekde halk üçin janyny- malyny gaýgyrman SERDARLA-HANLARYŇ taryp edip tanamakda, eposlaryň döremegine hem sebäp bolupdur.
    Bu eposlaryň biri , halk içinde giňden ýaýranyp tanalýan GÖROGLY EPOSIDIR.
    GÖROGLY eposi bagşylaryň dilinden nesil-be-nesil aýdylyp, şu günki wagtymyzda 21 şahadan düzülüp 1991- nji yýlda Aşgabat-da çap edilen.
    Görogly eposynda , baş gahramany , halkyň hemaýatçysy bolup, edilýän zülmüň her bir görnüşi edilende-de , oňa garşy Görogly özünüň paýhaslyk we edermenlik bilen çäre tapan uly serdar hökmünde tanalýar.
    Görogly eposi başdan aýaga çenli Türkmeniň ýaşaýşyny suratlandyryp,azat durmuş ugrunda , insan mertebesini goramak-da, duşmana garşy sabyr bilen söweş edip üstünlik gazanmagy görkezýär.
    Birinji şahada , Göroglynyň döreýşi.
    Bu şahada , göroglynyň watany bolan Çandibili wasp edilende , asuda , azat ýaşaýar diýip, Çandibiliň ilaty hakynda aýdylýar.
    Azat we asuda ýaşamak Türkmenlerde haýsy beýik derejede duranyny aňlap bolýar.
    Elbetde Görogly eposini bu gysga wagtyda doly analiz edip göz öňünden geçirmek asla başartjak iş däl.
    Esasan meniň pekrimçe , Görogly eposinda aýdylýan goşgular , edilen söweşler we insan mertebesine laýyk, Mertçilik, watany söýmek, özara dogurçyl gatnaşmak hem wepadarlyk , edebiýat we sungat öwrenjileriň esasi öňe alyp barmaly işi bolmalydyr.
    Görogly eposi şahyrlaryň , bagşylaryň we sazandalaryň haýsy derejede beýik wezipesini bardygyny aňlatýar.
    Sözümiň soňuni jemlänimde, Edebiýat we sungat ol diňe bir şahyr ýa ýazyjyň toslap tapan gepi bolman, halkyň dili bolup isleg we arzuwlary päk duýgulary,
    Dil we sungat çeperçilik ösüşinde uly borj boýlarynda bardygyny görüp halkyň öňünde wezipesini aýandygyny aýdyp bolar.

    T.Kor

    ReplyDelete