Golaýda, 1-nji awgustda belli türkmen edebiýatçy alymy Nurmuhammet Aşyrpur Meredow 86 ýaşynyň içinde (1923-2009) aradan çykdy.
Bu alym ýarym asyrlap Edebiýaty hem edebiýatyň taryhyny öwrenmek meseleleri bilen gyzyklanyp geldi. Ol mydama Edebiýaty öwreniş ylmynyň dogruçyl bolmagyny öňe sürdi. Klassyky edebiýatyň galplaşdyrylmagyna garşy durdy.
Ol “Satiriki şahyr Kemine” (1958), “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” (Sapar Ahally bilen bielikde) 1-nji we ikinji neşirler, soňky neşiri 1988, “Şeýdaýy. Derdewler we tekstler” (1964), “Seljuklar döwrüniň edebiýatynyň taryhy” (1968), “Magtymgulynyň sözlügi” (2000) ýaly kitaplaryň hem ençeme ylme makalalaryň awtorydyr.
Türkmen edebiýatynyň Orta asyrlşar taryhyny öwrenmek boýunça bitiren hyzmatlary üçin, oňa Türkmenistanyň Ylym we Tehnika boýunça döwlet baýragy berildi.
Aşyrpur Meredowy ýakyndan tanaýan, onuň bilen bir edarada ençeme ýyl bile işleşen, taryhçy alym Hangeldi Ownuk bilen Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally söhbetdeş boldy.
Hudaýberdi Hally: Hangeldi, Aşyrpur Meredow bilen tanyşlygyňyz barada aýdaýsaňyz?
Hangeldi Ownuk: Aşyrpur Meredowy irki wagtdan bäri, oglanlykdan tanaýas biz ony. Sebäbi Eýranda o döwürlerde gürrüň bererdiler, bir wagtlar TUD partiýasy bolupdyr, şonuň agzalary, howandarlary Türkmensährada yzarlanypdyr. Şondan soňra olar daşary ýurtlara gaçyp atmaga mejbur bolupdyrlar. Ol döwürde ol Türkmenistandady, şonda onuň gürrüňi edilerdi. Birhiliräk daşrak garyndaşlyk-da bolansoň eşiderdik.
Hudaýberdi Hally: Seniň diýýän döwürleriň, biziňem student-okuwçy döwürlerimize gabat gelýär. Şol döwürlerde Türtmenistanda Aşyrpur Meredowyň işleri çykýardy. Ilkinji kitaby, “Türkmen klassyky edebiýatynyň düşündirişli sözlügi”, Sapar Ahally bilen bile ýazan ilkinji redaksiýasy çykypdy. Alymyň şol işleri Eýranda mälimmidi?
Hangeldi Ownuk: O döwürde Eýranda mälim däldi. Soňra biz Türkmenistana gelenimizden soňra ýa özi Eýrana gaýdyp barandan soňra şo gürrüň bererdi. 79-80-nji ýyllarda Eýrana dolanyp baranlarynda, şo döwürde şu gürrüňleri bererdi, hatda özüme-de Türkmenistana – Akademiýa hat ýazyp, birnäçe kitap ýollatdy. O döwürde Eýranda wagtmyzda.
1980-79-njy ýyllarda aňyrda türkmen edebiýaty meseleleriniň işlerine aktiw gatnaşdy, hatda birnäçe kitaby terjime edip, kril elipbisinden Eýranyň türkmen pars-arap elipbisine geçirip, çykaran kitaplary boldy.
Hudaýberdi Hally: Seniň diýýäniň Yslam rewolýusiýasy geçen döwürlerde, Aşyrpur Mertedowyň, Sapar Ahallynyň ikinji gezek öz ýurtlaryna gaýdyp baranlaryndan soňky edilen işler bolmaly. Şeýlemi?
Hangeldi Ownuk: Hawa, şeýle. Dolanyp gelenden soňra-da, ep-esli işleri ýerine ýetirdi. Magtymguly Pyragyň adyna berlen goşgular bolupdyr. Oňa başga bir ýerden girizme goşgular boludyr. Ol şolary aýyl-saýyl edip berdi. Şu ugurda-da ol kän zähmet çekdi.
Kä wagtda beter gödegräk adamlar muny ýazgarardylar, şul Magtymgulynyň zadyna goşulýar diýip. Soňra görüp otursalar hakykat mälim bolandan soňra, hemmesi boýun bolmaly boldy. Gümürtik ylmyň üstüni açmak, bu ullakan iş.
Nurmuhammet Aşyrpur Meredow öz durmuşynda şu meseläni alyp çykyp bildi. Şu-da uly işdi. Soňra Seljuklar döwrüniň edebiýaty barada-da köp işler etdi. Olar şol döwür işleriniň esasynda Döwlet baýragyna mynasyp boldular.
Hudaýberdi Hally: Aşyrpur Meredowyň alymlygynyň aýratynlyklary nämeden ybaratdy?
Hangeldi Ownuk: Aşyrpur Meredow hiç zady gözüni ýumup kabul etmeýärdi. Ol ylmyň aňyrysyny görmese, her zadyň aňrysynya geçmese, takyk hakykaty görmese, şol meseläni tassyklamaýardy. Şonuň üçinem onuň elinden çykýan makalalaryň hemmesini hem sada dilde ýazardy, hem-de düşnükli, has hakykaty görkeziji işler ederdi. Makalalaryny dagy okanyňda, beýleki alymlardan tapawutlanýardy. Gümürtik ýatan zatlaryň üstüni açardy. Onuň aýratynlygy şu meselede. Ol hem meseläniň düýbüni agtarýardy, düýbüni görýärdi, diňe ondan soň kabul edýärdi.
Hudaýberdi Hally: Ylymlar akademiýasynda, dogrusyny boýun almaly, köp adamlar işjeň däldi. ýöne Nury däde – Aşyrpur Meredow gaty işjeň adamdy. Ýörite barardy, golýazňmalary görerdi. Gaty işjeňdi.
Hangeldi Ownuk: Soňky döwürlerde SSSR ýykylmazyndan öňinçä, soňky onýyllykda has durgunlylyk döwri boldy-da. O döwürde esasan köp işlenilmeýärdi. Meger, wezipesi öz ýüregine salnan bir adamlar, öz wezipesini özi bilýän adamlar, ylma berlen adamlar olar durgulylyk döwre garamaýarlar. Olar etjek işlerini edýärler.
Men mydama-da görýärdim, Nurmuhammet Aşyrpur Meredow Golýazmalar institutynyň, o döwürde oňa Golýazmalar fondy diýerdik-dä, ol jaý-da birneme sowugrakdy. Ol hemişe gyşyn-tomsyn şo ýerde oturyp, köne golýazmalary agtaryp oturandyr, görseň.
Baryp, kä wagt oturyp gürrüňdeşem bolardyk, ol ondan-mundan gürrüň bererdi. Gadymy kitaplary, bütin golýazmalary okap, şolar barada makalalar ýazardy. Hawa, onsoň onuň makalalaryny okanyňda, çykgytlaryna seredeniňde-de örän ýütgeşik çykgytlary bolardy.
Onuň peýdalanýan edebiýaty has üýtgeşikdi. Köplenç şu gadymy edebiýaty, pars, arap edebitay, aýratynam türkmen hakynda ýazylan kitaplary okap, şolardan hemişe faktlaýyn ulanardy. Şonusy bir gaty üýtgeşikdi. Makalalaryny okanyňda, ýüregiňe jüňke düşerdi-dä makalalary.
Hudaýberdi Hally: Sen bu alymy gaty golaýdan tanaýan adam, ol alym. Şonuň bilen birlikde halk arasynda şeýle nakyl bar. “Alym bolmak aňsat, ynsan bolmak kyn” diýýärler. Şu babatda Aşyrpur Merediň – Nury dädäniň adamçylyk häsiýetleri barada nämeler aýdyp bilersiň?
Hangeldi Ownuk: Nury dädäniň adamçylygy barada köp zatlar aýdyp bolar. Onuň adamçylygy, adalatparazlygy, hakykat görüjiligi hakda aýdyp bolar. Bular Nury dädänuň iň görükli taraplarysy. Umuman, onuň mähribanlygy-da şeýle gowudy. Egindeşlerine gowy göz bilen seredýärdi.
Ýöne bir gylygy bardy, her alyma, her adama şol nä derejede hakykaty kabul edýär, şony göz öňünde tutup baha berýärdi. Umuman, jemgyýetçilikli gatnaşygy-zady her kim bilenem gowudy. Dostlukly gatnaşýan mähriban adamdy. Ol zulumyň garşysyna çykan adam. Öz ömründe zulumyň garşysyna, sütemiň garşysyna çykan adam. Hakykat, adalat üçin göreşen adam.
Umuman, Nurmuhammet Aşyrpur Meret ýaly adamlar ýartdan çykarylmaly adamlar däl, bu adamlaryň işi, edip giden işleri, goýup giden ýadygärlikleri, eserleri biziň geljeki nesillerimiz üçin ullakan çeşme bolup durdy. Şu çeşmeden her kimem ulanmaly. Gowy adamlary gowulykda ýatlap durmaly. Halkymyzyň taryhynda seýrek adamlar bular. Şonuň üçin munuň adyny gowulykda, dogrulykda, hakykatparazlykda ýatlap durmaly.
Web Cheshmesi: Azatlyk Radiostansiyasy
No comments:
Post a Comment