Turkmen Press
Esasy ählihalk baýramçylygynyň öň ýanynda Buzly köşkde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 17 ýyllygyna bagyşlanan dabara boldy. Ol Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebi tarapyndan guraldy. Bu mekdebiň okuwçylary gyzykly maksatnamany taýýarladylar.
Türkmenistanda sporty ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwlet wezipeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Biziň ýaşlarymyzyň arasynda beýik Galkynyş eýýamynda sportuň däbe öwrülen ýazky görnüşleri ýaly, figuralaýyn typmak we hokkeý kimin görnüşleriniň hem barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny aýtmak gerek. Häzir sportuň şeýle görnüşleri bilen gyzlaryň we ýetginjekleriň ýüzlerçesi meşgullanýar. Sagadyň dilleri 15.00-y görkezýär. Baýramçylygyň başlanýandygy barada habar berýän saz ýaňlanýar. Buzly meýdançada owadan lybasly ýetginjekler we gyzlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nobatdaky senesini aňladýan «17» sany emele getirýärler. Köşkde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ähli ýerde ruhubelentlik we şatlyk höküm sürýär. Türkmenler asyrlar boýy öz çagalarynyň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagy, zehinini hem-de ukybyny ösdürmäge mümkinçilikleriň dörejek döwri barada arzuw edip gelipdirler. Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlary oňat milli däpleriň ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen döwlet syýasaty netijesinde şeýle mümkinçilige eýe bolundy. Buzly meýdançada körpe figuraçylaryň çykyşlary başlanýar. Olar ýurdumyzyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tälimçileriniň hem-de horeograflarynyň sportuň bu görnüşini ösdürmek ugrunda çeken irginsiz zähmeti netijesinde bary-ýogy iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda dürli repertuarlary taýýarlamagy başardylar. Repertuarlara figuralaýyn typmagyň çylşyrymly elementlerini öz içine alýan türkmen milli hem-de dürli gündogar we dünýä halklarynyň häzirkizaman tanslary girizildi. Iki bolup hem-de ýekelikde ýerine ýetirilýän çykyşlary bu ýere gelen tomaşaçylar gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy aldylar. Ýerine ýetirilen maksatnamanyň ahyrynda bu ýatdan çykmajak teatrlaşdyrylan sport baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisine Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra «Oguzhan» we «Alp Arslan» hokkeý toparlary buzly meýdança çykdylar. Bu toparlar bilen Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tälimçileri Gurban Atanepesow we Oleg Puntiýa işleýärler. Körpe hokkeýçiler çakganlyk, edermenlik we konkide typmagy oňat başarýandyklaryny görkezdiler. Munuň üçin olar tomaşaçylaryň elçarpyşmalaryna mynasyp boldular.
No comments:
Post a Comment