GARAGUMDA BITEN GÜL
Annasoltan Kekilovanyñ keç ykbaly
Makala: ШВЕТЦЯ - Ak Welisaparow
Annasoltan Kekilowanyn təze işlenen suraty: Dr. H. Ownuk - Toronto
Annasoltan Kekilova 1942-nji ýylda Aşgabady alkymlap oturan Köşi obasynda dogulýar. Annasoltanyñ aýratyn zehinlidigi ýaşlykdan bildiripdir, ilkinji goşgularyny ol entek mekdep okuwçysyka ýazypdyr. Annasoltanyñ iñ wepaly okyjysy we diñleýjisi ejesi Ogulgerek eken. Ogulgerek daýzanyñ özi-de örän şahandaz aýal bolupdyr. Ol könelerden galan goşgulary öz çagalaryna ýatdan aýdyp berer eken. Ýaşajyk Annasoltanyñ şahyr bolup ýetişmeginde ejesiniñ täsiriniñ uly bolandygyny Annasoltanyñ: ”Sen maña erteki ýaly aýdymlaryñ bilen egsilmez joşguny, bagty, ýagty umydy sowgat etdiñ, eje jan. Sen meni gök asmanyñ astynda öz patañ bilen uzak ýollara atardyñ. Şonuñ üçinem seniñ öñüñde dyza çökýärin…” diýen setirlerinden bilse bolýar.
Annasoltanyñ ady dili düşýär, respublikanyñ gazet-jurnallary onuñ ýönekeýden owadan setirlerini höwes bilen çap edýärler. Ol öz ilkinji goşgularynda önüp-ösen obasynyñ, daglaryñ gözelligini wasp edýär. Emma siñe syn etseñ, şol irki goşgularynda-da Annasoltanyñ eýýäm dünýäniñ gurluşy baradaky oýlanmalary ýüze çykýar. Ol tebigaty diñe synlap ýa-da wasp edip oñmaýar, tebigatyñ üsti bilen käbir filosofiki pikirleri öñe sürmäge synanyşýar. ”Şol daglañ hem ýüreginiñ dagy bar” diýmesi onuñ şahyr ýüreginde irgözünden dörän haýsydyr bir ünjüden habar berýär. Ol öz ýüregindäki ünjüni daglar, agaçlar, guş-gumursy bilen paýlaşmak, olar bilen derdinişmek isleýär:
Biziñ gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniñ Almaly,
injirli gözel bagy bar.
Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniñ Almaly,
injirli gözel bagy bar.
Basym onuñ goşgulary gazet-jurnallaryñ sahypalarynda görnüp ugraýar. Türkmen Döwlet Universitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girensoñ ýaş şahyryñ goşgularynyñ çap edilmegi adaty zada öwrülýär. Şol döwürde onuñ goşgulary ”Mydam taýýar”, ”Ýaş kommunist”, ”Edebiýat we sungat” gazetlerinde ”Sovet Türkmenistanynyñ aýallary” jurnalynda çap edilýär. Annasoltanyñ edebiýatda ilkinji ädimleriniñ şowly bolmagynda onuñ meşhur Şaly we Aman Kekilovlaryñ maşgalasyndan bolmagy, elbetde, täsir edýär, oña şübhe ýok. Ýöne, görnüşine görä, Annasoltan hiç haçanam Kekilovlaryñ maşgala şöhratyna ýaplanyp, añsadyna bakmakçy bolmandyr, edebiýatda-da, durmuşda-da öz ýoluny gözläpdir. Muny şahyryñ aşakdaky setirler doly subut edýär:
Eger-de meñ boljak bolsa duşmanym,
Ajdarha dek belent bolsun dünýäde.
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüñi oklanyñ oda.
Ajdarha dek belent bolsun dünýäde.
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüñi oklanyñ oda.
