Thursday, February 26, 2009

yatlama guni - يادلاما گـــــونــــي

26nji Fewral Hojaly genosidiniń (gyrgynçylygnyń) ýyl dönimidir
20nji asyryń iń pajygaly we gandöküşikli genositlerden biri, Hojaly genosididir
Ermenileriń eden genosidini Azarbayjanlylar we humanistler ýatdan çykarylmaz
Bu ýyly hem 26-njy Fewral güni dünyanyń dürli künjeginde Hojaly gyrgynçylygyny yatlap, yatlama davarasy geçirildi.
Aşakda bu mesele hakynda alyp goyulan bir tekste ünsünizi çekyäris:
trtturkmen.com : Şu gün, 20-nji asyryń iń elhenç we gandöküşikli genositlerinden biri bolan Hojaly gyrgynçylygynyń 17-nji ýyly. Ermeniler, Beýik Ermenistan hyýaly bilen 1987-nji ýylda, Azerbaýjan türklerini Garabag sebitininden çykarmak üçin hüjüme başlady....
1992-nji ýylda, fewral aýynyń 25-den 26-syna geçilýän gije, sebitdäki ýaragly ermeniler, 366-njy rus diwiziýasy bilen birlikde Garabag sebitindäki Hojaly şäherçesine hüjüm etdi. Ermeniler ol ýerde taryhyń iń elhenç genositlerinden birini etdi. Resmi maglumatlara görä 613 adam öldürildi. Gyrgyna berilen Azerbaýjan türkleriniń 106 sanysy zenan, 63 sanysy çaga, 70 sanysy hem garrylardan ybaratdy. Ýüzlerçe türküń jesedi ýakyldy, 76 sanysy çaga 487 adam hem agyr ýaralandy. Rehimsizlik bilen gynalan 1275 Azerbaýjan türki ýesir alyndy. 800 sanysy sońundan boşadylan hem bolsa 500-e golaý türküń sońy henizem näbelli. Bu adamzat jenaýatyny dünýä jemgyýetçiligini habarly etmek maksadyna laýyklykda Azerbaýjanda we Azerbaýjan türkleriniń ýaşaýan ýurtlarynyń ählisinde ýatlama dabaralary geçirilýär. Azerbaýjanyń Prezidenti İlham Aliýew, paýtagt Bakuwdaky Hojaly Genosidi ýadygärligine gül desselerini goýup, hormatly dymyşlyk etdi. Müńlerçe Azerbaýjan türki hem Hojaly şehitlerini ýatlamak we ermeni wagşylygyny ýazgarmak üçin ýadygärlige bardy. Hojaly genosidi Waşingtonda hem protest edildi. Azerbaýjan Amerikan Jemgyýeti tarapyndan geçirilen çärelere gatnaşanlar, Ermenistanyń Waşingtondaky ilçihanasynyń öńünde protest ýörişini gurady. Ermenileriń eden genosidi ýatdan çykarylmady.

No comments:

Post a Comment