Wednesday, September 30, 2009

Azatlyk Radiosynyn Täzelikleri

Türkmenistanyň gaz-turba ulgamy
Eýran: Türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen Ýewropa akdyrmarysEýranyň milli gaz eksport kompaniýasynyň direktory Reza Kazaizadanyň: “Biz Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenistanyň Ýewropa gaz akdyrmagyna ýol bermeris” diýip, ýarym resmi Mehr habar agentligine 27-nji sentýabrda aýdandygyny eurasianet.org internet saýty ýazýar.Onuň ýerine eýran çinownikleri Eýran territoriýasynyň üsti bilen gazyň gury ýerden geçmegini isleýärler. Bu ABŞ tarapyndan goldanan, Merkezi Aziýanyň gazyny Orsýetden sowa Ýewropa akdyrjak gaz turba proýektine ýakymsyz signal-diýip, internet saýty ýazýar.
Web Resource: Azatlyk Radio

Tuesday, September 29, 2009

HALKARA KITAP ÝARMARKASY - خلق آرا کیتاپ یاریم آرقاسی

Web resource: Gunesh
Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde Halkara kitap ýarmarkasy açyldy. Ol birnäçe gün, ýagny 27-nji sentýabra çenli dowam eder. ”Gün” neşirýaty bu ýyl beýleki kitaplar bilen birlikde türkmen edebiýatyna degişli şwed dilnde kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin ”Varför grodan kväker” (”Gurbaga näme üçin warryklaýar”) atly türkmen halk ertekileriniñ ýygyndysyny we ussat prozaçy, Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyñ laureaty Tirkiş Jumageldiniñ ”Milli oýun” atly gyzykly hem täzeçil äheñde ýazylan romanyny hödürleýär.

Friday, September 25, 2009

Türkmen edebiýat we sungaty gaty giň bir düýnýädir-ترکمن ادبیّاتی و صونغاتی غاتی گینگدیر

T. Kor - ت. کر
Ol halkyň ýüreginden joşup gaýnap çykan çeper sözler we aýdym-dyr, ýa goşgy, saz görnüşünde , Türkmeniň başdan geçirýän wakalary we şol sanda haýsy ugur bolsa, hem , düýgularyň päk şeklinde beýan edilmegidir.
Türkmen edebiýat we sungaty has güýçli wagty, 18- nji asyrlardan başlanýar.
Şol wagtlar Türkmen halkyň özbaşdak ýaşamak-da we Türkmeniň azat durmuşyny goramak-da köp yzygiderli söweşleri başyndan geçirmeli bolupdyr.
Şol döwrüň şahyrlaryndan Döwletmuhammet Azadi, Magtymguly pyragy,nurmuhammet Andalip, Gurbanaly Magrupy we ýene köp-köp edebiýatçylaryň adyny aýtsak bolýar.
Bu Şahyrlaryň durmuşy, Dogurçylyk beýan etmek, halkyň duýgy- düşünjesini Çeperçilik bilen aňlatmak-da, ýüreklere merhem bolup, dilden –dile geçip bize miras bolup gelipdir.
Asyrlar boýunça , Türkmeniň asuda bir ýaşaýysy bolman, elmydama şol zalym Şahlaryň- hanlaryň özara güýç gazanmakda Türkmen topragyna çozuşlar edip,
Parahat yaşaýan halky öz gününe goýmandyr.
Türkmen diýary, Demirgazakdan, Hiwa hanlaryň talaňçylyk çozuşlaryndan kynçylyk çekip ýörse, Günortadan şol Eýran Şalaryndan yzly-yzyna çozuşlara garşy söweşýärler. ... Dowamy - دووامی

Monday, September 07, 2009

Taryhçy alym Hangeldi Ownuk bilen Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hallynyň geçiren söhbetdeşligi

Nurmuhammet Aşyrpur Meredow
we maşgalasy
Dogruçyllyk ugrunda göreşiji alym
Golaýda, 1-nji awgustda belli türkmen edebiýatçy alymy Nurmuhammet Aşyrpur Meredow 86 ýaşynyň içinde (1923-2009) aradan çykdy.
Bu alym ýarym asyrlap Edebiýaty hem edebiýatyň taryhyny öwrenmek meseleleri bilen gyzyklanyp geldi. Ol mydama Edebiýaty öwreniş ylmynyň dogruçyl bolmagyny öňe sürdi. Klassyky edebiýatyň galplaşdyrylmagyna garşy durdy.
Ol “Satiriki şahyr Kemine” (1958), “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” (Sapar Ahally bilen bielikde) 1-nji we ikinji neşirler, soňky neşiri 1988, “Şeýdaýy. Derdewler we tekstler” (1964), “Seljuklar döwrüniň edebiýatynyň taryhy” (1968), “Magtymgulynyň sözlügi” (2000) ýaly kitaplaryň hem ençeme ylme makalalaryň awtorydyr.