Iki Ýurduň Prezidentleri |
1-nji fewralda Fransiýanyň paýtagty Parižde Ýeliseý köşgünde Türkmenistanyň we Fransiýanyň prezidentleriniň duşuşygy geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow we Nikolas Sarkozy ençeme ugurlardan ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmek maksadyny mälim etdiler.
Türkmenistan bilen Fransiýanyň aragatnaşygynyň perspektiwalary barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Fransiýadaky habarçysy Ruzan Guregian bilen Türkmen gullugyndan Gözel Hudaýberdiýewa söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň we Fransiýanyň prezidentleri 1-nji fewralda Parižde geçiren gepleşiklerinde nähili temalary gozgadylar?
Ruzan Guregian: Prezidentleriň dialogy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň perspektiwalaryna garamakdan we regional hem halkara meseleler barada pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Fransiýanyň we Türkmenistanyň prezidentleri dürli ugurlardan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Medeni, ylmy ugurlar, şeýle-de ýurtlaryň muzeýleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy agzadylar.
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryna hem garaldy, taraplar, hususan-da, adam hykuklaryna hormat goýulmagy meselesinde dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Azatlyk Radiosy: Adam hukuklary meselesiniň gozgalanlygyny aýtdyňyz. Türkmenistanyň prezidentiniň Fransiýa saparynyň öň ýanynda graždan jemgyýetçiliginiň guramalary Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň problemasyna köpçüligiň ünsüni çekmek boýunça ýörite çäreleri geçirip, fransuz häkimiýetlerini bu meseläni gozgamaga ündediler. Pariždäki gepleşiklerde bu tema kimiň inisiatiwasy bilen gozgaldy?
Ruzan Guregian: Fransiýa tarapy Germaniýa bilen bilelikde öňe sürýän inisiatiwasynyň çäginde ynsan hukuklaryna hormat goýmak meselesi boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşigi arasynda dialogy dowam etdirmegiň tarapynda çykyş edýänligini ýene bir gezek mälim etdi.
Azatlyk Radiosy: Halkara temalaryna degişli nähili meselelere garaldy?
Ruzan Guregian: Prezidentler regional hem halkara derejesinde durnuklylyk we parahatçylyk meselelerini maslahatlaşdylar. Owganystandaky ýagdaýa üns berdiler. Taraplar owgan häkimiýetleriniň jogapkärçiligini güýçlendirmek we ýurdy dekeltmek boýunça regional hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar. Neşe gaçakçylygyna garşy göreşi güýçlendirmegiň tarapyndadyklaryny hem mälim etdiler.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentiniň Fransiýa saparynyň dowamynda fransuz tarapy bilen duşuşyklaryň ençemesini geçirmekçidigi habar berlipdi. G.Berdimuhamedowyň Fransiýanyň prezidenti bilen gepleşiklerden daşgary ýene nähili duşuşyklary boldy?
Ruzan Guregian: Türkmenistanyň prezidenti Fransiýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy tarapyndan kabul edildi. Taraplar arasynda ýurtlaryň parlamentleri derejesinde hyzmatdaşlygyň perspektiwalryna garaldy.
Jenap Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň Daşary işler ministri jenap Kuşner tarapyndan hem kabul edildi. Ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar.
Azatlyk Radiosy: Türkmen-fransuz gepleşikleriniň gidişine nähili baha berýärsiňiz, taraplar arasynda nähili dokumentlere gol çekilmegine garaşyylýar?
Ruzan Guregian: Taraplar dürli ugurlardan ylalaşyklary baglaşmagyň tarapdarydygyny mälim etdiler, medeniýet, ylym ugurlary agzaldy, ýurtlar arasynda ykdysady taýdan hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek üçin işçi topar döredildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň we Fransiýanyň energiýa hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma bildirýänligi mälim edilýär. Gepleşiklerde energiýa temasyna nä derejede üns berildi?
Ruzan Guregian: Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň energiýa üpjünçiliginde oýnaýan roly nygtaldy. Prezidentler enegriýa resurslaryny halkara bazarlaryna çykarmak üçin amatly tranzit ýollaryny berkitmek ugrunda tagallalary güýçlendirmegiň zerurlygyny nygtadylar we bu strategik ugurdan hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin işçi toparynyň döredilenligini mälim etdiler.
No comments:
Post a Comment