Monday, February 08, 2010

Gaýgysyz Atabaý we türkmen döwletliligi

Gaýgysyz Atabaýow
Azatlyk Radiosynyn Söhbetdeşlik:
Edebiýatçy, žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bilen Gaýgysyz Atabaý hem onuň ömür ýoly barada Azatlyk Radiosy söhbetdeşlik gurnady. Söhbeti Ýowşan Annagurban alyp bardy. Azatlyk radiosy: Döwletmyrat, Gaýgysyz Atabaýewiň obadaşy hökmünde, siz bilen türkmen döwletliliginiň düýbüni tutujylaryň biri hakynda gürrüň etmek isleýäris.

==========================
Döwletmyrat Ýazgulyýew: Baş üstüne. Men öz bilýän hem obadaşlarymdan eşiden zatlarymy höwes bilen gürrüň bererin. Aslynda, Türkmenistanyň respublika bolan güni Gaýgysyz Atabaýyň doglan günüdir. Ol 1887-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Tejen uýezdiniň Mäne obasynda Täçgök serdaryň maşgalasynda dünýä inýär.

Azatlyk radiosy: Döwletmyrat, 1960-njy ýyllardan soň Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak ýaly türkmen syýasatçylarynyň ömri we işi barada belli bir iş edildi. Ýöne olar garaşsyzlyk ýyllarynda ýatdan çykarylan ýaly boldy. Has dogrusy, Nyýazow döwründe olaryň Aşgabatdaky ýadygärlikleri hem ýykylyp aýryldy. Bu ýagdaý ýaş nesliň türkmen döwletiniň gözbaşynda duran adamlardan köp derejede habarsyz galmagyna getirdi. Şu sebäpden Gaýgysyz Atabaý barada has anyk gürrüň etsek gowy boljak. Mysal üçin, siz Täçgök serdary agzadyňyz. Emma ýaş nesil Täçgök serdar hakynda hem kän zat bilenok. Sebäbi ol hakda ýazylan, çap edilen zadam az, radio ýa telegepleşik-de edilenok. Ondan ötri, gürrüňi Täçgök serdaryň özünden, onuň Mäne-Çäçe etraplaryna gelşinden başlasaňyz gowy bolardy.
Döwletmyrat Ýazgulyýew: Umuman, 1850-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap Ahal, Mary sebitlerinde turkmen dowletiniň döremeginiň alamatlary peýda bolup başlady. Munuň aýdyň mysaly turkmenleriň birleşen güýjüniň Garrygala söweşinde eýranlylary, Maryda Hywa hanynyň goşunyny çym-pytrak etmeginden hem görünýär. Şol ýeňişlerde Täçgök serdaryň hem uly paýy bar. Elbetde, bu aýratyn gürrüň. Ondan ötri, Täçgök serdaryň Mäne-Çäçe etraplaryna gelşine geçeýin. Täçgök serdar harby işde ussatlyk görkezenden soň, onuň il içindäki abraýy hem ulalýar we ýurt biraz parahatlaşansoň, Mary ilinde Gowşut handan närza adamlar onuň daşyna ýygnanyp başlaýar. Elbetde, bu ýagdaýyň ullakan agzalalyga alyp gelmegi mümkindi.
Onsoň, ýaşulularyň gürrüň bermeklerine görä, Amanmyrat ahun (Ol Keminäniň piri Äraly işanyň ogludyr – D.Ý.) Täçgök serdary ýanyna çagyrýar-da, oňa şeýle diýýär: “Serdar, halkymyzyň agzy ýaňy aşa ýetip ugrady. Handyr, ondan närza bolanam tapylar. Ýöne bu ýagdaýy ýitileşdirmesek gowy. “Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz” diýenlerini etmäliň. Biziň ata-baba mekanymyz Mäne-Çäçe serhetlerimiz örän gowşak goralýar. Serdar, siz şol ýerik il bolup baryp, Mäne-Çäçe serhetlerimizi berkidiň.” Täçgök serdar oňa şeýle diýen: “Ahun aga, maňa ol ýerik il bolup barmaga ahun, pir gerek, bile gitseň, baş üstüne!” Amanmyrat ahun şeýle diýen: “Serdar, men ýaňy Hywadan geldim, indem Mäne-Çäçä gitsem, birhili bolar. Şoň üçin maňa azar berme. Ýöne Herrikgalada dogan okaşan doganym Seýitnazar ahun bar, şoň ýanyna baryp, meniň adymdan haýyş etseňzi, ol siziň Mäne-Çäçä il bolup barmagyňyza ak pata-da berer, size ýoldaşam bolar.”
Onsoň Täçgök serdar Herrikgala gidýär we Seýitnazar ahuna Amanmyrat ahunyň sargydyny ýetirýär. Aýtmaklaryna görä, Seýitnazar ahun Täçgök serdara “Doganym Amanmyrat ahun diyse, kyýamata hem giderin“diyip jogap beripdir. Şeýlelikde, 1867-68-nji ýyllarda, Seýitnazar ahunyň ak pata bermegi bilen, Täçgök serdar Mäne-Çäçä il bolup göçüp gelýär. Täçgök serdaryň türkmenleriň bitewileşmeginde hem uly paýy bar. Sebäbi Täçgök serdar müň hojalyk bilen Mäne-Çäçä il bolup gelende, Seýitnazar ahunyň yzyna düşüp, Ahaldan hem 500 hojalyk gelýär. Onsoňam Täçgök serdaryň Ahala gelmegi bilen Sarahs, Kaka aralygyndaky araçagimiz mizemez bolupdyr. Sebäbi şol aralyga Täçgök serdaryň demi ýöräpdir. Kaka, Gäwers aralygyna bolsa gowşutly Mämmedoraz han hökümini ýöredipdir. 1870-nji ýyllaryň başynda, Mämmedoraz hanyň ýeriniň azyraklygy üçin, onuň garamagyndan 300 hojalyk Täçgök serdara il bolupdyr. Täçgök serdaram, Mämmedoraz hanam Nurberdi hana tabyn eken.
Azatlyk radiosy: Dowletmyrat, Täçgök serdaryň Gaýgysyzyň ejesine öýlenişi hakynda hem gyzykly gürrüňler edilýär. Ol gyz Täçgök serdara gan dawasyny çözeni üçin peşgeş berlipdir diýýärler. Hatda Gaýgysyzyň ejesiniň owgan gyzy bolandygyny aýdýanlar-da bar. Siz bu barada näme aýdyp biljek?
Döwletmyrat Ýazgulyýew: Sowet zamanynda Gaýgysyz Atabaýyň üstünden doly atanak çekilmese-de, çyn-ýalan garym-gatym edildi. Täçgök serdar bilen egindeş bolup Mäne- Çäçä gelen Seýitnazar ahunyň, şeýle-de serdaryň nökerleri bolan adamlaryň onlarçasynyň tassyklan gürrüňleri esasynda, bu soraga şeýle jogap beresim gelýär. Bu waka şeýle bolýar. Owganystanyň Gunduz welaýatynyň hany hanlygy kiçi ogluna miras bermekçi bolupdyr. Emma hanyň uly ogly muňa razy bolmandyr. Hatda ol: “Däde, men agzysary inime tabyn bolman, şeýle bolan halatynda, ýurduňda ýumurtga togalaýmaly ederin” diýip, haýbat hem atypdyr. Onsoň hana aňyrsynda gan görünýän dawany çözmek üçin Täçgök serdara ýüz tutmagy maslahat beripdirler. Gepiň gysgasy, Täçgök serdar öz ýiti paýhasy bilen hanyň dyzmaç ogluny gansyz-dawasyz inisine tabyn bolmaga razy edipdir. Täçgök serdaryň pähim-paýhasyndan göwni biten han ony öz ýanynda alyp galjak bolupdyr. Emma Täçgök serdar owgan hanynyň teklibinden sypaýyçylyk bilen ýüz öwrüpdir. Şondan soň han, gatnaşygy ýitirmezlik üçin, ýakyn emeldary Perman baýdan öz gyzyny Täçgök serdara bermegini haýyş edipdir. Perman baý gökleň türkmenlerinden eken we hanyň haýyşyna ýok diýmeýär. Şeýdibem Täçgök serdar Perman baýyň on alty ýaşly gyzy Äşä (Aýşa) öýlenýär. Ol owgan gyzy däl, türkmen gyzy. Ol öz ogluna Gaýgysyz adyny “Men bu ýerde gaýgysyz, ogla ýüzüm düşdi, günümden razy” diýen manyda dakypdyr diýýärler.
Azatlyk radiosy: Döwletmyrat, sowet döwrüniň edebiýatlaryndan mälim bolşuna görä, Gaýgysyz ýaşlykdan ýetim galýar. Emma ol rus mekdebinde okap, gowy bilim alypdyr. Sizde Gaýgysyzyň çagalygy, okaýşy barada goşmaça maglumat barmy?
Döwletmyrat Ýazgulyýew: Gaýgysyz Atabaý cagalykda yetim galsa-da, agasy Ýalkap baý ony ýedi ýaşynda Tejendäki rus-tuzem mekdebine okuwa alyp gelýär. Ýöne Täçgök serdaryň ogly bolansoň, ony okuwa almajak bolýarlar. Sebäbi Täçgök serdar rus hökümetiniň türkmen topragyny basyp alandan soň han-beglere bellän aýlygyny almakdan ýüz öwrüpdir.
Seýitnazar ahunyň nebereleriniň gürrüň bermeklerine görä, Täçgök serdar ýanaral Kornil bilen jet eken. Ol ýanaral Kornil diýilýän Zakaspi oblastynyň general gubernatory Kornilow bolmaly. Şol sebäpli rus mekdebiniň ýolbaşçysy “kakabaş serdaryň” ogluny okuwa almakdan çekinýär. Onsoň Ýalkap baý Gaýgysyzyň familiýyasyny Atabaýew etdirýär, ýagny Täçgök serdaryň hakyky adyny berýär we, il içinde aýdylmagyna görä, Gaýgysyzyň agramyna altyn-kümüş berip, ony okuwa ýerleşdirýär. Bu megrem, şol wagtyň pulunda gaty köp çykdajy edileni üçin edilýän gürrüňdir.
Azatlyk radiosy: Onda Gaýgysyz nohurly dosty Muhammetguly Atabaýewiň familiýasyny alypdyr diýilýän dogry däl-dä?
Döwletmyrat Ýazgulyýew: Hawa, Gaýgysyz nohurly dosty, ilkinji türkmen magaryfçylarynyň biri Muhammetguly Atabaýewiň familiýasyny alypdyr diýilýäni dogry däl. Atabaý Gaýgysyzyň kakasynyň çyn ady. Oňa täji bolansoň, gözi gök bolansoň, Täçgök diýipdirler. Serdar adyny bolsa soň serkerdelik edip alypdyr.
Azatlyk radiosy: Döwletmyrat, Gaýgysyz Atabaý dagynyň döwri çylşyrymly döwür. Onsoň bu döwürde ýaşan hem işlän adamlaryň işine diňe bir tarapdan baha bermek kyn. Aýdaly, Gaýgysyz Atabaý gürrüňsiz türkmen döwletliliginiň gözbaşynda dur. Ikinji tarapdan ol bolşewikleriň türkmen intellektuallaryny, hanlaryny, serdarlaryny, baýlaryny, mollalaryny ýok etmeginde hem belli bir rol oýanan adam diýen pikirler bar. Siz bu barada näme aýdyp biljek?
Döwletmyrat Ýazgulyýew: Elbetde, Gaýgysyz Atabaý öz döwrüniň ogly. Aslynda, islendik döwürde hem iş eden adamda kemçilik, ýalňyş bolýar. Ýöne men Gaýgysysyň eden işi, halkynyň öňünde bitiren hyzmaty, türkmen döwletiniň düýbüni tutmakda oýnan roly onuň ýalňyşlaryndan ýa kemçiliklerinden has uly diýip pikir edýärin. Şo mahal Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak ýaly döwlet ärleriniň öňünde Buhara, Hywa, Horezm resbublikalaryna, Zakaspi oblastyna bölünip, parçalanan halda ýaşaýan türkmenleri bitewuleshdirip, türkmen döwletini gurmak maksady durýardy. Elbetde, bu maksada ýetmek üçin pida-da bermeli bolandyr, gidilmejek eglişiklere hem gidilendir. Ýöne Gaýgysyz özüňiň bitewi türkmen döwletini gurmak maksadyna 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda, öz doglan gününde ýetipdir.
Meniň pikirimçe, Gaýgysyz Atabaý Ýer togalagynyň üstünde türkmeniň öz adyna döwletiniň bolmagy üçin, diňe şol maksada ýetmegiň hatyrasyna bolşewikler bilen işleşen bolmaly. Ol: “Tükmen döwletini döretmegimiz halkymyzyň ýitip gitmezliginiň kepili boldy” diýer ekeni. Ýöne şu ýerde başga-da bir ýagdaýy bellemeli. Gaýgysyz bolşewizme köre-kör ynanan, yňdarma bir adam bolmandyr, ol syýasy şertler esasynda, ýagdaýa görä paýhasly hereket etmäge, bar bolan mümkinçilikleri ulanmaga çalşypdyr. Bu onuň baý-kulaklar, basmaçylar diýilýänler bilen gantaşygyndan hem görünýär. Aýdylmagyna görä, ol ýüzlerçe baýyň, han-begleriň sag-aman ýurtdan çykmagyna, sag-aman Eýrana, Owganystana aşmagyna kömek, ýardam beripdir. Gaýgysyz Atabaýyň Gyzylaýak halypa Owganystana aşmagy maslahat berenligi, hatda onuň bilen daşary ýurtdaka hem hat alşanlygy hakynda anyk maglumatlar bar. Jüneyit hanyň sag-aman ýurtdan çykmagyna ýardam beren hem Gaýgysyz Atabaýdyr.
Bolşewikler 1927-nji ýylda sowet hökümetine garşy göreşen han-begler yaraglaryny taşlap, il bolsalar, olary hatda öz iline baştutan goýmakdan hem gaýtjak däl diýip, aldawa salýan bir karar kabul edipdir. Ýöne bolşewikler tabyn bolan, ýaragyny taşlan adamlary atyp öldürýän eken. Gaýgysyz bu ýagdaýdan habarly eken we Jüneýit hana bu karara ynanmazlygy maslahat beripdir. Ýogsam, Jüneýit hanyň il bolmak meýli hem ýok däl eken. Ýöne ol Gaýgysyz bilen duşuşandan soň pikirini ymykly üýtgedipdir diýýärler. Emma şol duşuşyk mahalynda Gaýgysyzyň ýanynda ýörite goýlan şugul hem bar eken we ol bolan gürrüňleri bolşewiklere gylyny gyrman ýetiripdir. Gaýgysyz Atabaý tutulanda oňa Jüneýit hana ýurtdan gaçmaga kömek etmekde hem günälenipdir diýýärler. Ýene bir zat, “Maňa şuny Gaýgysyz kakam aýtdy: “Sowet hökümeti ganyň üstünde guruldy, bu döwlet ýykylar. Esasy zat biz türkmen döwletini gurup, halkymyzyň ýitip gitmeginiň öňüni aldyk” diýip, ýazyjy Berdi Kerbabaýew aýdar eken.
Redaksiýadan: D. Ýazgulyýew bilen söhbetdeşlik efire berlenden soň, diňleýjilerimiziň biri žurnalistiň öňden belli faktlaryň käbirini ýoýýandygy hakynda belliklerini iberdi. Biz ol bellikleri hem okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Diňleýjiniň bellikleri:
Gaýgysyz Atabaýyň doglan güni anyk däl. Ýöne onuň soň Türkmenistanyň respublika bolan gününi öz doglan güni hökmünde alan bolmagy mümkin. Öz eli bilen ýazmagyna görä, Gaýgysyz Atabaý 6 ýaşynda ýetim galýar. Şundan çen tutulsa, onuň kakasy Täçgök serdar 1893-94-nji ýyllarda aradan çykypdyr. Onuň ady il içinde Täç serdar Atabaý ogly diýibem tutular eken. Bu kakasynyň adynyň Atabaý bolandygyny görkezýär. Gaýgysyzyň ejesiniň ady Baýnur eken. Gaýgysyz Atabaý terjimehalynda alty dogan bolandyklaryny, özüniň Geldi diýen doganynyň elinde galandygyny, onuň neşekeş bolandygyny aýdypdyr. Täçgök serdar ölende ondan bir suw degirmeni bilen biraz ýer galypdyr. Bu miras alty dogana paýlanyp berilýär. Gaýgysyz özlerine mirasdan ýeten paýyň derrew tükenendigini ýazypdyr. Ol on ýaşaýança obadaky mollada okapdyr. Soň ol Tejende açylan rus-tuzem mekdebine okuwa girýär. Ena-atasyz ýetim bolansoň, ol bu mekdebe gep-gürrüňsiz kabul edilýär. Şol wagt Türkmenistanda ýerli rus mekdepleriniň 8-si bolup, ol mekdeplerde 1636 okuwçy okaýar eken we şolardan 90 sanysy türkmen bolupdyr. Gaýgysyz mekdebi tamamlap, Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyna okuwa girýär. Elbetde, agasy Geldi muňa garşy çykýar. Ol Gaýgysyz dilmaç bolup işlese hem öý-işik bolsa, özüne-de kömek boljagyny aýdýar.
1925-nji ýylyň fewral aýynyň 10-24-i aralygynda Bütintürkmen 1-nji gurultaýy geçýär. Şol gurultaýa hem Gurbanmämmet serdar öz ýörite wekilini ugradýar. Abdyrahman ahun Gurbanseýit ogly 20-nji fewralda gurultaýda çykyş edip: “Biz ähli türkmen gurultaýyna kellämizi etegimize salyp geldik. Bizi Şuralar Türkmenistanynyň adamy diýip kabul ediň, islän ýeriňizden ýer-suw beriň, göçüp baryp, gün-güzeran bilen bolarys. Men şulary Juneýit hanyň, Gurbanmämmet serdaryň adyndan aýdýaryn” diýýär.
1927-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Jüneýit hanyň adamlary Daşhowuz welaýatynda aýgytly hüjüme geçýär we Daşhowuz şäherinden başga ähli etraplary ele geçirýärler. Olaryň Daşhowzy eýelejek wagty hem Aşgabatdan Gaýgysyz Atabaý we onuň orunbasary Paskusskiý dagy barýar.
Web Resource: Azatlyk Radiosy

No comments:

Post a Comment