Wednesday, June 23, 2010

Bir gezeklik opera

«Zöhre —Tahyr» operasyndan “Piýala”- Diňle
2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň döredijilik intelligensiýasy bilen geçiren duşuşygynda opera sungatyny ýaňadan dikeltmek barada çykyş edipdi.
Ýurduň prezidentiniň türkmen operasyny gaýtadan dikeltmek baradaky eden çykyşy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gowur turuzdy.
Türkmen operasynyň taryhy
Türkmenistanda opera teatry 1941-nji ýylda açylýar. Bu teatryň açylmagyna 1937-nji ýylda Aşgabatda döredilen, düzüminde wokal hem-de balet bölümleri bolan opera studiýasy esas bolýar.
1956-njy ýylda opera teatrynyň adyna türkmeniň klassyk şahyry Magtymgulynyň ady dakylýar. 1985-nji ýylda bolsa oňa akademiki teatr diýen dereje berilýär. 1941-nji ýylda teatryň sahnasynda «Bagşynyň ykbaly» ady bilen ilkinji gezek milli opera goýulýar.
Türkmen operasynyň ösmeginde W.Muhadow, A.Kulyýew, D.Öwezow ýaly kompozitorlaryň goşan goşantlary örän uludyr. Bu kompozitorlar özleriniň rus hem-de ukrain kärdeşleri A.Şapoşnikow, Ý.Meýtus dagy bilen «Şasenem—Garyp», «Aýna», «Leýli — Mejnun», «Kemine we kazy», «Zöhre—Tahyr», «Abadan» operalaryny döredýärler. Bu operalaryň ählisi Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda sahnalaşdyrylyp, türkmen tomaşaçylyryna hödürlenilýär.
2001-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen Magtymguly adyndaky opera we balet teatry ýapylýar we onuň dört ýüzden gowrak işgärleriniň tas ýarysy diýlen ýaly işden boşadylýar. Opera we balet teatrynyň bazasynda bolsa 2001-nji ýyldan Magtymguly adyndaky sazly-drama teatry döredilýär.
Türkmen operasynyň «galkynyşy»
Ýurduň mediasynda türkmen operasynyň gaýtadan galkynýandygy barada indi iki ýyl bäri yzygiderli gepleşikleriň guralýandygyna garamazdan, türkmen opera sungatynda bärden gaýtmalar uly.
Aslynda, ýurduň mediasynda uly şowhun bilen mahabatlandyrylyşy ýaly, Türkmenistanda opera sungaty beri barmyka - diýen sorag hem öz-özünden döreýär.
2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň prezidentiniň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyndan soň, sungat işgärleriniň tagallalary bilen «Şasenem — Garyp» operasy sahnalaşdyryldy. Bu opera şol ýylyň 27-nji iýunynda halk köpçüligine görkezildi.
«Şasenem — Garyp» operasynyň ilkinji görkezilişine Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Ýurduň baştutany şonda opera eserleriniň mundan beýläk-de sahnalaşdyrylmalydygy barada çykyş etdi.
2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda opera eseriniň görkezilmegini ýurduň mediasy tutuş türkmen sungatynyň galkynmagy bilen baglanyşdyrdy. Hut şu sebäpden hem, 27-nji iýun güni Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň güni diýlip yglan edildi.
Opera teatrsyz operalar
Opera — sungatyň iň bir çylşyrymly görnüşleriniň biri. Islendik opera eserini kämil derejede sahnalaşdyrmak üçin kän wagt gerek. Opera eserlerinde sahnada çykyş edýän aktýorlar hem juda köp bolýar. Aktýorlardan başga-da, hor, ansambl, köpçülikleýin sahnadakylar — bularyň ählisini jemleseň, bir opera eseri üçin azyndan 200 adam zerur.
Sahnalaşdyrylýan operanyň diňe dekorasiýasy, artistleriň egin-eşikleri üçin ummasyz çykdajylar edilýär. Opera gatnaşýan artistlere berilýän haky hasaba almanyňda, dekorasiýadyr egin-eşikler üçin ortaça 50 müň amerikan dollarynyň harç edilýändigini bilermenler aýdýarlar.
Häzirki güne çenli, «Şasenem — Garyp» bilen «Leýli — Mejnun» operalary sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara hödürlendi. 27-nji iýuna ýakyn bolsa, ýene bir opera eseriniň, «Zöhre—Tahyr» operasynyň görkezilmegine garaşylýar.
Bu opera eserleri Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda sahnalaşdyrylýar. Ýöne bu teatryň aktýorlarynyň 80 prosenti opera teatrynyň aktýorlary bolmansoň, opera eserlerinde çykyş etmek üçin, konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplary, şeýle hem sazly uçilişşäniň talyplary çagyrylýarlar. Çagyrylyp getirilen mugallymlardyr talyplaryň ählisi sungatyň hatyrasyna, öz işlerinden, okuwlaryndan daşary, opera gatnaşýarlar. Opera eserine gatnaşanlary üçin olara artykmaç pul berilmeýär.
Opera teatry döremese...
Ýurtda ýöriteleşdirilen opera teatrynyň bolmazlygy sahnalaşdyrylýan operalaryň tiz ýitip gitmegine sebäp bolýar. Operalarda çykyş edýän konserwatoriýanyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary öz okuwlaryny tamamlanlaryndan soň, öz hünärleri boýunça degişli ugradylan ýerlerine gidýärler. Olaryň gitmegi bilen bolsa, sahnalaşdyrylan operalar hem dargamak bilen bolýar. Netijede ýarym ýyllap döredilen opera eseri bary-ýogy dört-bäş gezek halka görkezilensoň, düýbünden ýatyp galýar. Gaýdyp ol eser halka görkezilmeýär.
Umuman alanyňda, opera teatryny saklamak her bir ýurda başardyp hem duranok. Teatry saklamak üçin juda uly pul gerek. Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, 2001-nji ýylda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň opera we balet teatryny ýapmagynyň düýp sebäbi-de bu teatryň döwlet üçin çykdajysynyň juda köplügi sebäplidi.
Opera inçe sungat bolansoň, oňa ilatyň diňe ýokary gatlagy tomaşa edýär. Şonuň üçin köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem opera, esasan, intelligensiýa wekilleri tomaşa edýärler.
Geçmeli ýollar kän
Ýekeje fontan üçin 45 million dollarlyk şertnama gol goýup bilýän türkmen hökümeti opera teatrynyň binasyny gurmak barada häzirlikçe ýeterlik tagalla etmeýär. Ýöne teatryň binasyny saldyranyň bilen, opera teatry tizden-tiz dörärmika diýen sorag hem keserip dur.
Ýerli intellektuallar munuň üçin ilkinji nobatda opera sungatyna zerur kadrlary taýýarlamalydygyna ünsi çekýärler. Häzirki wagtda opera eserinde çykyş edip biljek tenorlar, baritonlar, sopranalar ýok. Soňky sahnalaşdyrylan «Şasenem — Garyp», «Leýli — Mejnun» operalarynda çykyş edenleriň derejesine çeper höwesjeňleriň operasy diýip, baha berýärler.
Opera aýdymçylaryndan başga, librettolary ýazyp biljek dramaturglara, sazyny düzüp biljek kompozitorlara hem zerurlyk duýulýar. Häzirki wagtda döwrebap operanyň döremegi üçin libretto ýazmagy başaryp biljek dramaturg hem, librettonyň sazyny düzüp biljek kompozitor hem Türkmenistanda aňsat-aňsat tapylanok.
Sahnalaşdyrylan «Şasenem — Garyp», «Leýli — Mejnun», «Zöhre — Tahyr» operalary bolsa geçen asyryň ortalarynda ýazylyp, Sowet Soýuzynyň ideologiýasyna laýyklanyp döredilen eserlerdir.
Türkmen operasy Galkynyş zamanasynyň ideologlarynyň aýdyşy ýaly galkynardan entek daşda. Türkmen operasynyň hakykatdan hem galkynmagy üçin oňa çyn ýürekden ünsüň berilmeginiň gerekdigi nygtalýar.
Web Resource: Turkmen Sesi Radiosy

1 comment:

  1. Greetings from USA! I love your blog.
    Please visit me at:
    http://blog.sina.com.cn/usstamps
    Thanks!
    -Tong

    ReplyDelete