Gynanç haty
Täze Gül aramyzdan gitdi
Şenbe güni irden (09.-nji Oktoberda) Täze Ggül (Aguzy) Seýýdiý Almanyň Düren şäherinde 76 ýaşynda aradan çykdy. Merhum1934 -nji ýyllda 04-nji aprilda Türkmensähranyň Kümüşdepe şäherinde eneden dogypdy. Täze Gül Dr. Hudaý-Nazar Seýýdiýnyň maşgalasydy. Ondan bir ogul we bir gyz galdy. Täze Gül Seýýdiy Iran ynkylabyndan soň ýurdy terk edip çykdy. Ol bosgunlykda agyr günleri başyndan geçirdi. Täze Gül ilden aýra düşsede soňky demine çenli „Ah urup ili gözledi“ we öz goşgylary bilen başyndan geçiren agyr günlerni beýan ederdi. Täze Gülüň aramyzdan gitmegi hasam daşary ýurtlarde ýaşaýan Türkmenleri gaty gynandyrdy we olar Dr. Hudaý-Nazar Seýdiý, ogly Nurjan we gizi Bibijan bilen bu agyr derdi deñ paýlaşýarlar we häzirki pursatda beýik Tañrydan syze sabyr dileg edýärler.
Merhumyñ ýatan ýeri ýagty bolsun! Onuñ imany hemra, jaýy jennetden bolsun!
(09.-nji Oktober 2010)
No comments:
Post a Comment