Oguz han |
Şu gün türkmen paýtagtynda «Oguznama ýordumy—taryhy we medeni çeşme hökmünde» atly halkara ylmy
Şu gün türkmen paýtagtynda «Oguznama ýordumy—taryhy we medeni çeşme hökmünde» atly halkara ylmy maslahat açyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça geçirilýän maslahatyň esasy maksady Oguznamanyň taryhy-edebi ýadygärligini çuňňur öwrenmekden, giňden wagyz etmekden we onuň umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyndaky ornuny kesgitlemekden ybaratdyr. Maslahatda öňe sürülýän mesele türkmen we daşary ýurtly alymlarda uly gyzyklanma döretdi. Çünki türkologiýany we gündogaryň halklarynyň edebiýatynyň teoriýasyny, taryhyny, folkloryny we medeni gatnaşyklaryny öwrenmek bilen bagly derwaýys meselelere ylmy taýdan içgin gyzyklanma bildirilýär.
Halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezinde geçirildi. Şu waka mynasybetli bu ýerde ýurdumyzyň tanymal alymlary, Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri we paýtagtymyzyň mugallymlary, talyp ýaşlary ýygnandylar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Döwlet Baştutany maslahata gatnaşyjylary onuň işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, alymlaryň işiniň «türkmen edebiýatyny çuňňur we hemme taraplaýyn öwrenmekde, Oguznama ýordumynyň adamzadyň edebi-çeper gymmatlyklar hazynasynda tutýan ornuny açyp görkezmekde ähmiýetiniň uly boljakdygyna» ynam bildirdiler.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Döwlet Baştutany maslahata gatnaşyjylary onuň işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, alymlaryň işiniň «türkmen edebiýatyny çuňňur we hemme taraplaýyn öwrenmekde, Oguznama ýordumynyň adamzadyň edebi-çeper gymmatlyklar hazynasynda tutýan ornuny açyp görkezmekde ähmiýetiniň uly boljakdygyna» ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhymyzy, baý milli mirasymyzy şu günki durmuşymyz bilen berk sazlaşdyrmak, şeýle-de dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşant bolýan medeni we taryhy gymmatlyklary öwrenmek, wagyz etmek hem-de olara dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar» diýip belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň gutlag sözleri zalda ýygnananlaryň ählisi tarapyndan şowhunly el çarpmak bilen garşylandy.
Halkara maslahatynyň umumy mejlisinde ABŞ-nyň, Koreýanyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Yragyň, Özbegistanyň ylmy toparlarynyň wekilleri çykyş etdiler. Şu günki maslahata gatnaşyjylar alymlaryň bu duşuşygynyň wajyp ähmiýete eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň ösdürilmegini, alymlara hemme taraplaýyn goldaw berilmegini, ylym—bilim ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini ileri tutýan syýasaty ýöredýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenleriň ata-babalary hut ylmyň döwleti ösdürmegiň täsirli güýji bolup durýandygyna düşünip, uly kitaphanalary we ylmy merkezleri döredipdirler, obserwatoriýalary açyp, ylmy barlaglary geçirýänleri höweslendiripdirler. Şoňa görä-de, döwürleriň bu arabaglanyşygynyň arasy üzülmän, milletiň Lideriniň ylym we bilim boýunça geçirýän uly we hakykatdan-da, täzeçil işinde öz beýanyny tapýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Maslahata gatnaşyjylar Oguznamanyň taryhy kökleri, onuň Gündogaryň halklarynyň edebiýatynyň ösüşine ýetiren täsiri ýaly meselelere aýratyn üns berdiler. Mälim bolşy ýaly, taryhy-edebi gymmatlyk bolan Oguznamanyň giňden ýaýramagy onuň ýordumynyň epikligi barada aýtmaga mümkinçilik döredýär. Oguzlar, olaryň ýaşaýşy, harby ýörişleri baradaky rowaýatlar asyrlar boýy dilden-dile geçipdir hem-de dünýäniň türki dilli halklarynyň arasynda saz bilen birlikde ýerine ýetirilipdir. Oguznamanyň görnüşleri ençeme nesilleriň döreden işine öwrülip, öz ýordum ugurlary, çeperçilik—şekillendiriş serişdeleri, wakalaryň saýlanyp alnyşynyň hem-de beýan edilişiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Alymlar Oguznamanyň umumyadamzat gymmatyna eýe bolan taryhy—edebi ýadygärlik hökmünde hemme taraplaýyn öwrenilmelidigini biragyzdan bellediler. Dilçiler we edebiýaty öwrenijiler, folklorçylar we medeniýeti öwrenijiler, etnograflar we taryhçylar, şeýle hem häzirki zaman ylmynyň birentek ugurlary boýunça hünärmenler şu ugur boýunça ylmy barlaglary geçirip bilerler diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler.
Günüň ikinji ýarymynda bäş sany seksiýanyň işiniň barşynda ajaýyp taryhy-medeni we edebi ýadygärlik baradaky gürrüň dowam etdirilip, Oguznama degişli çeşmeleri öwrenmek, folklor-epiki ýadygärligi gündogaryň beýleki halklarynyň döredijiligine degişli görnüşler bilen taryhy—tipologik taýdan deňeşdirip görmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda medeniýetleriň özara täsirine, ýordumlaryň häsiýetiniň we taryhynyň seljerilmegine, olaryň dilden-dile geçirilişiniň usulyna, keşpleriň ideologik ugurlaryna bagyşlanan gyzykly maglumatlaryň tutuş toplumy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Oguznamanyň mifologik kökleri baradaky çykyşlar uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem Oguznamany taryhy we lingwistik jähetler boýunça öwrenmegiň meselelerine garaldy.
Türkmen halkynyň ykbalyny öz sahypalarynda beýan edýän bu edebi ýadygärligiň terbiýeçilik ähmiýetiniň hem uludygy bellenildi. Çykyş edenler Oguznamanyň ýordumlary boýunça diňe bir ata Watanymyzyň at-abraýy we azatlygy ugrunda göreşen gaýduwsyz batyrlaryň gahrymançylykly işleri beýan edilmek bilen çäklenmän, eýsem onuň edebi görnüşdäki ahlak kodeksi bolup durýandygyny bellediler.
Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň giň foýesinde ýurdumyzyň ylym—bilim ulgamynda gazananlary, şeýle hem türkmen halkynyň baý medeniýeti we sungaty barada gürrüň berýän sergiler guraldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna we şu waka mynasybetli sadaka berildi.
Ertir «Oguznama ýordumy—taryhy we medeni çeşme hökmünde» atly halkara ylmy maslahat öz işini dowam etdirer.
Web Resource: EHBAR
No comments:
Post a Comment