MISSERIAN METJIDININ GALYNDYSY (XIII asyr):
Horezm şalarynyň döwlet ulgamyna giren orta asyr şäheri Misserian Türkmenistanyň söwda we senetçilik merkezleriniň ulularynydan biri bolupdyr. Onda Horezm şalarynyň döwründen galan ýeke-täk ýadygärlik, köpçülikleýin ybadathana metjidiniň galyndylarydyr. Metjidiň esasy jaýynyň portalynyň iki pilony we häzirki wagtda 20 metre çenli ýokary göterilip duran minarasy saklanypdyr. Metjidiň ortasy howuzly, tüweregi gümmezli galereýa bilen gurşalan gönüburçly howlusy bolupdyr. 18 metrlik portal ol galereýanyň üstüne abanyp duran eken. Minara-da, portallaryň sütünleri-de alebastradan edilen palçyk arkaly bişen kerpiçden (21x21x4,5 sm.) örülipdir. Portal dury gök reňkli geometrik we epigrafik şekilleriň guýma terrakot nagşy bilen kemsiz bezelipdir.
A.A.Semýonow we M.Ý.Masson tarapyndan portal ýazgysynyň okalan böleklerinde gurluşygyň wagty we atlar hakynda möhüm maglumatlar berilýär. ...
Tekstde Gurhanyň mazmunyndan alynanlardan başga, şeýle sözler bar: “...dünýäniň we diniň beýigi, yslamyň we dindarlaryň goragçysy, älem-jahanda Allanyň kölegesi, soltan Muhammet soltan Tekeş ogly...”. Ýazgyda Horezmiň hökümdary soltan Muhammediň (hökümdarlyk eden ýyllary 1200-1220-nji ýyllar) adyndan başga metjidi we minarany guranlaryň atlary - Abul-Hüseýin ibn-Muhammet an-Nak we Muhammet ibn-al-Hüseýin an-Nak hem getirilipdir.

Maşat-Misserian minarasy
Juma metjidine degişli diametri 8 metr bolan bu minara 20 metr belentlige çenli saklanypdyr. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu olaryň salnan wagtky beýikliginiň ýarysy bolmaly. Bu ymarat şertleýin Demirgazyk minarasy ýa-da Abu Jafar Ahmediň minarasy hem diýip atlandyrylýar. Ol köpçülikleýin ybadathana metjidiniňkidir. Minaranyň özünde inliligi 90 sm. töweregi bolan aýlawly merdiwan gurlupdyr. Merdiwanyň her bir basgançagynyň derejesinde minaranyň öz ýüzünde hem-de daýanç sütüninde 20 sm. töweregi çuňlukda çukur bar, bu bolsa kerbiçden edilen basgançaklaryň agajyň kömegi bilen bejerilenligine şaýatlyk edýär.
Minara kerpijiniuň nagyşly örülişiniň kämilligi bilen hem-de desganyň sütüniniň daşyna üç gezek aýlanan arap hatly lentasy bilen täsindir. Relýef ýazgylary kerpiçden kufa stilinde ýazylypdyr. M.Ý.Massonyň düşündirişine görä ortaky tekstde şeýle diýilýär: “Eziz keremli Allanyň hormatyna! Allanyň medetkärliginde! Rabadyň eýesi Aby-Japar Ahmet Abu-El-Agarra oglunyň buýruk berenliginden, goý ony Allah belent etsin! Aly Zyýadyň (oglunyň) işi”. Aşaky ýazuwyň soňlaýjy bölüminde metjidiň we minaranyň gurlan wagty hijriniň 495-nji ýyly ýa-da milady hasabyndan bolsa 1102-1103-nji ýyllar getirilipdir
ŞIRBEKIR KÜMMETI (X asyr)
Maşat-Misserian şäherçesinden 7 km demirgazykda Maşat gonamçylygy ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde XI-XII asyralara degişli atsyz kümmetleriň ýarym ýykylan harabaçylyklary bar. Şolaryň arasynda iň oňat saklanyp galany Şirkebiriň metjit-kümmetidirdir. Hürärmenleriň kesgitlemegine görä bu metjit IX-X asyrlarda bina edilen bolmaly. Bu bina 11 metr töweregi bolan çaklaňrak gümmezi bilen tapawutlanýar. Bu jaýyň içinde mährap bar. Ähtimal munuň içinde jaýlaýyş dessurlary ýerine ýetirilendir we bu jaý metjidiň wezipesini hem berjaý edendir.
Düýbüne tarap galňaýan diwarly (ortaça galyňlygy 1,5 metr töweregi) inedördül mawzoleý (taraplary 8,1 metr) inedördül çig kerpiçden (23×25×6 sm) gurlupdyr we iç ýüzünden her diwary 40 sm töweregi çuňlukda, beýik göni üç sany tagçaly desga bolupdyr. Gündogar diwarda aýratyn bezelen mährap bar. Mährabyň çeperçilik bezegi sungatyň seýrek duöýan nusgasydyr. Onuň ýitip barýan reňkleriniň yzy saklanypdyr.
Köp gezek edilen rejeleýiş işleri we üýtgedip gurmalar desganyň ilkibaşdaky kompozisiýasyny bozupdyr. Häzirki wagtda jaýyň daş keşbi özüniň çeperçilik mertebesini ýitiripdir, emma onuň iç ýüzüniň bezegi öz täsinligini saklapdyr.
Arap syýahatçysy Al-Makdisi (X asyr) “agaç sütünleriň üstünde” duran, uly ‘öhrat gazanan köne metjit hakynda aýdanda, belki şu ýadygärligi göz öňünde tutandyr.

No comments:
Post a Comment