Friday, February 10, 2012

“Dünýä Türkmenleriniň Kongresi” döredildi - دونیأ ترکمنلرینینگ کنگره سی دوردیلدی

Orsýetdäki türkmen
diasporasy Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny
belleýär. Oktýabr, 2011

Türkmenistan: Gözel Hudaýberdiýewa
Orsýetde ýaňy-ýakynda “Dünýä Türkmenleriniň Kongresi” atly halkara gurama  döredildi. Bu maglumaty Azatlyk Radiosyna “Rus-Türkmen öýüniň” başlygy Wladislaw Nemçinow  ýetirdi.
Nemçinowyň sözlerine görä, ýanwar aýynyň aýagynda  Owganystandaky, Eýrandaky, Siriýadaky we käbir GDA döwletlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleriniň Moskwada geçiren konferensiýasynda bu guramany esaslandyrmak  kararyna gelnipdir. Häzir bu guramany  Orsýet Federasiýasynda hasaba aldyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar.

  Orsýetiň we birnäçe daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň we diasporalarynyň goldawy bilen döredilen “Dünýä Türkmenleriniň Kongresi” türkmenleriň medeni, sosial we gumanitar taýdan özara gatnaşyklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Täze guramanyň “DTGA” bilen gatnaşygy


Dünýä türkmenlerini birleşdirmek maksadyny öz öňünde goýýan halkara gurama eýýäm bar. 1991-nji ýylda Türkmenistanda döredilen “Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasy” (DTGA) dünýäniň birnäçe ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleri öz içine alýar. Resmi maglumatlarda DTGA-nyň dünýäniň ençeme ýurtlarynda 25-den gowrak bölüminiň işleýänligi habar berilýär.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan esaslandyrylan bu gurama 2007-nji ýyldan bäri prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

“Rus-Türkmen öýüniň” başlygy Wladislaw Nemçinow Azatlyk Radioasyna öz guramasynyň 5 ýyl bäri DTGA bilen aragatnaşygynyň ýoklugyny aýtdy we munuň sebäbini DTGA-nyň şeýle hyzmatdaşlykdan ýüz öwürýänligi bilen düşündirdi.

Nemçinow türkmenleriň Orsýetdäki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan iberilen wekiliň DTGA-nyň Aşgabatdaky baş edarasyna eden soňky saparynda ýüze çykan waka barada şeýle gürrüň berdi: “Biziň wekilimiz DTGA-nyň Aşgabatdaky baş edarasyna bardy. Emma bu edaranyň yolbaşçysy  Aşyrow wekilimizi gören badyna öz iş otagynda gizlendi”.

Azatlyk Radiosy bu waka boýunça DTGA-nyň Aşgabatdaky baş edarasyna jaň edip, Annagurban Aşyrow bilen gepleşmäge synanyşdy, emma ol Azatlyk Radiosyndan jan edilýänligini eşidip, gepleşmekden ýüz öwürdi.

Hyzmatdaşlygyň maksady

Wladislaw Nemçinowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmenleriň Orsýet Federasiýasynda doredilen we işleýän jemgyýetçilik guramalary, “DTGA-nyň” Aşgabatdaky baş edarasy bilen gatnaşyklaryny ýola goýmak synanyşyklary başa barmansoň, guramanyň Orsýetdäki edaralaryny anyklamaga çalyşdy. Emma 2011-nji ýylyň dekabr aýynda  Orsýetiň Adalat ministrligi tarapyndan  berlen resmi jogapda DTGA-nyň bölümleriniň Orsýetde resmi hasaba alynmanlygy aýdylýar.
Wladislaw Nemçinowyň pikirine görä, täze döredilen “Dünýä Türkmenleriniň Kongresi”  daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň bähbitlerini goramakda  DTGA bilen hyzmatdaşlyk edip bilerdi.

Täze döredilen gurama geljekde Türkmenistanda ýaşaýan  beýleki milletleriň bähbitlerini goramak üçin hyzmatdaşlyklary hem göz öňünde tutýar.
Web Resource: Azatlyk Radio

No comments:

Post a Comment