Sunday, May 20, 2012

Türkmen Halkynyň wepadar perzendi Hajy Hallymuhammedi baky dünýä gowuşdy - خلقئمئزئنگ وپادار پرزندی حاجی حالّی مُخِمّدی باقی دونیأ قُووشدی

Merhun Hajy Hallymuhammedi
ILGÜÝJI: Şu gün (20/05/2012) bize has gynançly habar gelip gowuşdy. Halkymyzyň wepadar perzendi Hajy Hallymuhammediniň ir bilen sagat 11 töweregi Almanýanyň Köln şäherinde aradan çykmagy onyň dost – ýaran we dogan – garyndaşlaryny örän gynandyrdy. Merhum Hajy Hallymuhammedi Ojagyň ähli agza – howandarlary bilen dost – dogan we ýar-u-ýarandy. Ol Eýran Türkmenleriniň medeni we syýasy göreşlerinde türkmen halkynyň milli – demokratik hereketlerinde hemişe täsirli roly alyp barandyr.
Merhum Hajy Hallymuhammedi öz milli ýurdy bolan Türkmenistanda durmuş gurup 1991- 1992 töweregi Alman ýurduna göçüp geldi. Ol Almanýanyň Köln şäherinde mesken tutdy. Ondan 2 perzen ogul ýadigär galdy.
Eýran Türkmen Halkynyň Medeni we Syýasy Ojagy bu agyr wakany gynanç bildirip, onyň içeri – maşgala ojagyna hem dost – ýaranlaryna sabyr – sabyr - kuwat we galanlareyna abray diläp, Hajy Halmuhammediniň basan ýoluny dowam etdirip, onyň ady hem ýoly türkmen halkynyň milli – demokratik jümmüshiniň taryhynda hemişelik galar.
Hajy Hallymuhammediniň ýatan ýeri ýagty we yzy abat bolsyn!
EÝRAN TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI we SYÝASY OJAGY
THE CULTURAL and POLITICAL ORGANIZATION of TURKMEN PEOPLE
*****
ایل گویجی: شو گون (20/05/2012) بیزه خاص غئنانچلی خبر گلیپ قوُوشدی. خلقئمئزئنگ وپادار پرزندی حاجی حالّی مُخِمّدینینگ ساغات 11 تؤورگی آلمان یوردونئنگ کؤلن شهرینده آرادان چئقماغی، اونئنگ دوست-یاران و دوغان - غارئنداشلارئنی اؤرأان غئناندئردی. مرحوم حاجی حالّی مُخمّدی اوجاغئنگ أهلی آغضا-هُواندارلاری بیلن دوست - دوغان دی. یار و یاران دی. اول ایران ترکمنلرینینگ مدنی و سیاسی گؤزشلرینده ترکمن خلقئنئنگ ملّی - دموکراتیک حرکتلرینده همیشه تأثیرلی رول آلئپ باراندئر. 
مرحوم حاجی خال مُخِمّدی اؤز ملّی یوردی ترکمنستاندا دورموش غوروپ اوندان 2 اوغول یأدیگأر غالدی.
ایران ترکمن خلقئنئنگ مدنی و سیاسی اوجاغی بو آغئر واقانی غئنانچ بیلدیریپ؛ اونئنگ ایچری ماشغالا اوجاغئنا هم دوست - یارانلارئنا صابئر - قووات و غالانلارئنا آبرای دیلأپ، مرحوم حاجی خال مخمّدینینگ باسان یولئنی دؤوام اتدیریپ، اونئنگ آدی هم یولی ترکمن خلقئنئنگ تاریخئندا همیشه لیک غالار، - دییپ اومید ادیأریس.
حاجی حالّی مخمّدینینگ یاتان یری یاغتی و ائزی آباد بولسین!ه
ترکمن خلقئنئنگ مدنی و سیاسی اوحاغی - کانادا
کانون فرهنگی و سیاسی خلق ترکمن - کانادا

No comments:

Post a Comment