Suhan we Anajan "Magtymgula geýdirilen selle" sahnasynda |
Magtymguly Pyragyň 279 ýaşynyň baýramçylygy Köln şäherinde şenbe güni
(05.05.2012) örän mazmunly hem şadyýan geçirildi. Europaň dürli
ýurtlarynda ýaşaýan ildeşler, ýakyna-uzaga seretmezden, bu dabara
höwesjeňlik bilen gatnaşyp, şowhunly bir agşamy bilelikde geçirdiler.
Bu baýramçylyga Türkmenistan jumhuriýetiniň Belžikde bolan ilçihanasynyň birinji sekretary hormatly Öwez Erlekow hem gatnaşyp, myhmanlara dürli hem gözel sowgatlar paýlap, göwünleri göge göterdi.
Bu baýramçylyga Türkmenistan jumhuriýetiniň Belžikde bolan ilçihanasynyň birinji sekretary hormatly Öwez Erlekow hem gatnaşyp, myhmanlara dürli hem gözel sowgatlar paýlap, göwünleri göge göterdi.
Dabara başlanyp, ilki bilen Kultur Ojagymyzyň tarapyndan hormatly Halym Nafeýi myhmanlara hoş geldiňiz aýtdy.
Onsoň hormatly Suwhanberdi Gylyçtagany
TKO-nyň bu şanly mynasibete taýýarlan gutlag hatyny okap, hormatly
Muhammet Salyh Rasyhy töre çagyrdy.
Ussat Muhammet Salyh Rasyh Afganistanda ýaşaýan ildeşlerimiziň edebi hem medeni ýagdaýlary barada gürrüň berip, sözlerini halkymyzyň uzak taryhyndan alyp gaýtdy. Häzir Humbold uniwersitetinde doktorçylyk programmasyny goramak üçin Berline gelen ildeşimiz, 2002-nji ýyldan bäri Afganistan döwletiniň goldawy bilen türkmen doganlarymyzyň medeni dünýäsinde uly özgerişleriň bolup duranyny aýtdy.
Hormatly agamyz Begmyrat Gereý Pyragynyň hemme taraplaýyn bir şahyr hem Philosof bolandygyny nygtap, „Pyragy hakda oýlanmalar“ diýip ýazan makalasynyň ýene bir näçe ulgamlaryny açyklaşdyrdy.
Holland ýurdundan sowgat bilen toýa gelen uýamyz hormatly Meňli Rahymy, Afganistanda ýaşaýan ildeşlerimize, ylaýta-da çagalara arka bolup edilýän dalaşlardan gürrüň berdi. Ol şeýle hem barymyzyň bir saçagyň daşyna üýşüp, Pyragymyzy hem-de baý medeniýetimizi Europa tanytmak üçin bilelikde işlemelidiris, diýen pikiri orta goýdy.
Hormatly Dr. Abdurrahman Diýeji Türkiýäň Trakyýa uniwersitätinde, işläp ýören ýerinden, bu baýrama çagyrylyp, gelip goşuldy.
Dr. Diýeji “Sahra” neşriýesiniň çykarylmagynyň prosseslerini açyklap, 10 ýyl tümlükden, aşylan böwetlerden, görlen gynçylyklardan, çekilen ajylardan gürrüň berdi.
Türkmenistan jumhuriýetiniň garaşsyz bolmagynyň türkmensahrada Pyragyň baýramçylyklaryna ýetiren täsiri, şeýle-de Pyragy dabaralarynyň türkmen halkynyň özara gatnaşygynda goýýan täsirleri hem bu çykyşda açyklandy.
Türkmenistan jumhuriýetiniň garaşsyz bolmagynyň türkmensahrada Pyragyň baýramçylyklaryna ýetiren täsiri, şeýle-de Pyragy dabaralarynyň türkmen halkynyň özara gatnaşygynda goýýan täsirleri hem bu çykyşda açyklandy.
Taryh ylymlarynyň kandidaty hormatly Arne Goli bu baýrama kitap
sowgatlary bilen goşulyp, sözlerini türkmene degişli Maý aýynda bolup geçen taryhy wakalara göz aýlamak bilen başlady. Hormatly Arne Goli “Magtymguly Taryhyň Sahypasynda” diýen çykyşynda Bertels, Bartold, Nazym Hekmet we ýene ençeme uly şahsyýetleriň Magtymguly barada aýdan sözlerini hat hem surat bile görkezip, dürli zamanlarda Pyragyň diwanyny çapa çykaran adamlar hakda tanyşlyk berdi. Ol şeýle hem Pyragyň ýaşy, ýaşan döwri we diwany barada gürrüň berip, Pyragydan peýdalanmak üçin bolan hem bolýan syýasy dalaşlara göz aýlady.
Dabaraň ylmy çykyşlar bölümi soňlap, iňňan tagamly taýýarlanan iýmitler orta alyndy.
Agşamlykdan soň hormatly
ýoldaşymyz Eýýup Gerkeziniň ýazan we TKO- teater toparynyň işlap, ýetişdiren iki sany gysga teater oýunlary sahna çykarylyp, örän täsinli garşy alyndy.
Toýdaky adamlaryň bary köňlijem bolup, “Türmeniň” aýdymyny aýtdylar.
Dabaraň soňuna golaý birnäçe aýdym aýdyldy.
Ildeşimiz Elýas Seýdi agyzharmonysynda läle sazyny çalýar!
Türkmen Kultur Ojagynyň adyndan bu uly dabara gatnaşanlardan, sazyna -duzuna, filmine-suratyna, sahnasyna-teatera, aýdymyna-sazyna ýardam eden ildeşlerden tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.
Toýuňyzda gaýtsyn!
Türkmen Kultur Ojagy
Müdiriýet topary
Köln, 13.05.2012Toýuňyzda gaýtsyn!
Türkmen Kultur Ojagy
Müdiriýet topary
http://www.bmj.com/content/344/bmj.e2502
ReplyDelete