Ýewgeniý Bertels |
"ERTIR" Turkmen sayt: Daşary ýurtly alymlar, edebiýatçylar halkymyzyň baý edebi mirasynyň
bardygyna ir döwürlerde göz ýetiripdirler. XIX asyryň ahyrlarynda XX
asyryň birinji ýarymynda bolsa olar edebi geçmişimiz bilen has hem icgin
gyzyklanmaga başlaýarlar.
Ýewgeniý Eduardowiç Bertels hem edebi
mirasymyzy öwrenmekde uly iş bitiren alymlaryň biridir. Onuň «Türkmen
halkynyň edebi geçmişi (iň gadymy döwürlerden XVIII asyra çenli)» atly
iri göwrümli işi bolsa edebiýatymyza ýapylan gymmatly serpaýdyr.
Ol bu
işinde, öz döwründe mälim bolan maglumatlara esaslanmak bilen,
halkymyzyň edebi taryhyna göz aýlap, onuň çäklerini kesgitlemäge
synanyşyk edipdir hem-de çuňňur ylmy derňew esasynda edebiýatymyzy
öwrenmegiň esasy ugurlaryny salgy beripdir.
Alym ylmy hakykata wepaly
bolup galmak bilen, türkmen edebiýatynyň örüsiniň çak edilişinden has
giňdigini ynandyryjy deliller arkaly subut edipdir.
Onuň bu makalada öňe
süren wezipelerine çalymdaş wezipelere türkmen edebiýatçylary
tarapyndan belli bir derejede amal edilen hem bolsa, indi edilmeli
işleriň hem aňyrsy-bärsi ýok. Mysal üçin, Bertels öz makalasynda orta
asyrlarda pars dilinde döredilen kyssa eserleriniň aglabasynyň türkmen
edebiýatynyň bir bölegi bolup durýandygy hakdaky pikiri şu günler hem öz
möhümligini ýitirenok.
Şol kyssa eserleriniň köpüsi Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda
goralyp saklanyp, olaryň belli bir bölegi hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly daşary we içeri
syýasatynyň aýdyň alamaty bolan Berkararlyk döwletiniň bagtyýarlyk
döwründe türkmen okyjylaryna ýetirildi.
Şolaryň ählisi gutarnykly
seljerilip, ylmy dolanyşyga girizilse, edebiýatymyz baradaky garaýyşlar
has hem giňär. Biz Ýewgeniý Edurdowiç Bertelsiň bu gymmatly makalasyny
okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.
No comments:
Post a Comment