Tussaghanalar |
Türkmenlik: Hormatly Hojamly! " - Diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem Eýranda-da, adamzadyň hormat hem keramaty saklanmaýandygy şübhesizdir!”.
Türkmensähraly jurnalist we syýasy analitiker, Aman mohammet Hojamlynyň; “ - Türkmenistanyň Tussaghanalaryndaky jenaýatlar”, atly ýazgysyny “Ülkämiz” saýtynda neşir edip, Türkmenistanyň Tussaghanalarynda ýatan ýurtdaşlaryna, has hem Türkmensäraly ildeşleriniň hakynda bolýan jebir-u jenaýatlaryny ýazyp, ol ýurtda; “ - bir adamyň diktatorlygy bar hem-de, ynsan hukuklaryna hiç hilli üns berilmäni eýsem, ol wahşyçylyk bilen depelenýar!” – diýip, Eýran döwletiniň Daşary Işler Ministirleginden, Türkmenistan Tussaghanalarynda ýatan Eýranly watandaşlary hakynda haraý sorap, hemaýatçy bolup arka durmagyna çagyrýar!.
Hormatly Hojamly!
Diňe Türkmenistanda däl, eýsem Eýranda hem adamzadyň hormat we keramatyny saklanmaýandygy şübhesizdir.
Birisi Rus imperiýasynyň hem-de, Sowet döwletiniň gazaply syýasatynyň mirasdary bolsa, beýleki birisi, orta asyrlaryň tüm kada – kanunlaryny saklaýan, hem kulturynyň eýesidir!. Siz Türkmenistanda bolup geçýän syýasy ýagdaýlaryna meňzeş yurt gözläp, has uzaklarda ýerleşen “Demirgazyk Koreýa” gidip ýörmeli däl-de, Türmenistanyň goňşy döwleti bolan hut Eýranda; - tuwwelemesine, adamalary asyp, kesip ýa-da, atyp ýok etmekde ýakasyny dünýä tanadan hem elmydama halkara birinji we ýa-da, ikinji orna eýe bolup gelýändigini, hemmeler bilýän bolsa gerek! ...
Emma, hormatly Hojamly! Siz bu ýazgy bilen, Türkmenistanyň Tussaghanalarynda ýatan adamlaryň aladasyny etýärmisiňiz ýa-da, Türkmenistanda bir adam agalyk edip, höküm sürýänini açyklamak isleýärmiňiz? Eger birinji nuktaýinazar bolsa;
1. Siz Eýran döwletinden Türkmenistanda Tussagda ýatanlary boşatmak üçin, Türkmenistanyň tersine “ - Ykdysady gysyşlary ýola salmaly!” - diýyp, maslahat beripsiňiz!!
Hormatly ildeş! bu oýundan birinji diňe ýönekeý karam-aýak halk zyýan çeker, ikinji bir tarapdan, Eýran döwleti şu güne çenli daşary ýurtlarda Tussagda ýatan raýatlaryndan, diňe syýasy terrorçylyga gatnaşanlary boşatmak üçin alada etdi.
Emma, siziň ünsiňizi bir näçe aý mundan öň Eýran we Turkmenistan metbugatynda çykan habara çekesim gelýär.
Şol habar boýunça, “Turkmenistan döwleti, Eýranda Tussagda ýatan Raýatlaryny boşatmak üçin, Turkmenistan Tussaghanalarynda ýatan Eýran raýatlary bilen alyş -
beriş edmäge taýýar! - diýen, myş - myşy ýüze çykdy.
Eger-de, biz şol ýatan adamlara janymyz köýýän bolsa onda, Eýran döwletinide bolup geçýän myş - myşlary hakykata ýazdyrmagyna alada etmegini haýyşt etmeli.
2. Tussagda ýatanlaryň arasynda, Türkmensähraly ildeşlerimiz bar bolsa, onda, Türkmençilik ýollaryndan kömek ýetirmäge çemeleşmeli bolar.
Türkmenistanyň prezidentiniň kabinetine girip – çykyp ýören Eýran türkmenleri bar bolsa, şonuň üsti bilen ýaşulylar we ahunlary haýyşt bilen ýüzlendirilmeli, belki bu ýol netije berer.
Hormatly Hojamly! Gahar – gazap bilen aljak galamyz ýokdyr, iň gowusy berýan maslahatlarymyza we diýän sözlerimize seresap bolup, iki ýurtda ýaşaýan bir milletiň geljegine uzakdan garaýlyň we döwletlere mukaddes bolan serhetler bilen, gapylary berkitmäge olara ýardamjy bolmaýlyň!.
Türkmenlik
No comments:
Post a Comment