Saturday, September 06, 2014

“Saýat” sözüniň il arasynda “ly” goşulmasy hakynda oýlanmalar:

Dr. H Ownuk: 
Geçen (Saýatly – Hemra lyrikasynyň janeri (genre) nireden gelip çykypdyr? atly makalada “Saýat” sözi kä halatlarda, “Saýatly” diýilip berilmeginiň hem öz sebäpleri bar.
“Saýat – Hemra” dessanynyň adyny il arasynda aýdylanda welin, oňa “Saýatly – Hemra” diýilmeginiň hut özi hem ýönekeý ýerine gelip çkmandyr! Taryh çeşmelerinde türkmen taýpa-tireleriniň lakamyny atlandyrylanda, oňa “ly”, “lu” we “luý” ýaly goşulmalary berilipdir.

Onuň hem düýp gelip-çykyşy esasan orta asyrlarda türkmen taýpa-tireleriniň at goşulmasy bolupdyr. Şonuň üçin il arasynda “Saýat” sözüniň soňundan “ly” goşulmasynyň girizilmesi hem şol aýdylyşyndan gelip çykyar. Netije-de, “Saýatly – Hemra” görünüşinde dile getirilipdir. Ol aslynda Mürze Hemranyň lakamy goşulmasy, ýagny onuň Garagoýunly taýpasyna degişlidigini aňlatýär. …

No comments:

Post a Comment