"Dünýä türkmenleri we Nowruz" |
Azat Radio: Nowruz megerem türkmenleriň iň uly
baýramçylyklaryndan biri bolsa gerek. Türkmenleriň etniki azlyk bolup
ýaşaýan Eýran we Owganystan ýaly ýurtlarda Nowruz baýramy ýylyň
täzelenişini aňladýan bolsa, käbir ýurtlarda bu baýramçylyga bahar
paslynyň girişi hökmünde garalýar.
Türkmenistanda bolşy ýaly bu baýramçylyk dünýä türkmenleriniň
arasynda hem uly dabara bilen bellenilýär, saçaklar bezelýär, aýdym-saz
konsertleri gurnalýar, dürli köpçülikleýin çäreler geçirilýär.
Dünýä türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda her ýyl 21-nji
marta gabat gelýän Nowruz baýramçylygy barada gürrüň edip, bu dabaranyň
dürli ýurtlarda geçiriliş aýratynlyklaryna we däp-dessurlaryna üns
çekmekçi bolýarys.
Sizi hem Nowruz baýramçylygy boýunça öz adatlaryňyz we
aýratynlyklaryňyz bilen dünýä türkmenlerini tanyşdyrmaga çagyrýarys.
Gepleşigimize gatnaşyp, bu barada gürrüň bermek isleseňiz, biziň bilen
hat@azatradio.org elektronik hat salgysy arkaly aragatnaşyga geçip
bilersiňiz. Şeýle-de öz pikirleriňizi aşakdaky forumda hem galdyryp
bilersiňiz.
No comments:
Post a Comment