1943-nji ýylyň 21-nji iýulynda Orýolyň etegindäki Stepanowka obasynda geçen söweşde 31 ýaşyndaka wepat bolan kakam Tagan Öwez oglunyň hem dört çagany aýaga galdyran ejem Annagözel Pürli gyzy bilen enem Gurbanjemal ejäniň ruhlaryna bagyşla- ýaryn. Awtor. 2006ý | |
Атаджан Таган Hakda bilim | Berilen Ýeri: PELSEPE edebi portaly, 2014, KITAPHANA |
OKYJA BAŞKY ÝÜZLENME- Men 1967-nji ýylyň güýzünden 1994-nji ýylyň güýzüne çenli Moskwada SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi bolup işledim. Dünýäniň hemme ýurtlary bilen diýen ýaly iş salyşýan, gelim-gidimi kän, abraýly edarada gulluk etmegim Konstantin Fedin, Sergeý Mihalkow, Konstantin Simonow, Resul Gamzatow, Çingiz Aýtmatow, Berdi Kerbabaýew, Mürze Dursunzada, Nikolaý Tihonow, Mürze Ibragimow, Mihail Dudin, Maksim Tank, Petrus Browko, Kaýsyn Kulyýew, Mustaý Karim ýaly sowet edebiýatynyň wekilleri, daşary ýurt ýazyjylary bilen ýakyndan tanyşmagyma, olaryň käbirleri bilen dostluk gatnaşygyny etmegime getirdi.
Men şol adamlaryň birnäçesini öz mugallymlarym hasapladym, olaryň özboluşly hem manyly mekdebini geçdim. Şonuň üçinem meniň şu ýatlamamda olaryň atlarynyň, aýdan sözleriniň, hatlarynyň gabat gelmegi tötänlik däldir. Olar hakyky resminamalardyr.
Ýazgylaryň senenama tertipde gelmezligi bolsa, olaryň peýda bolan mahaly bölek-büçek kagyzlara ýazylyp, soňra hem gündelige gabat gelşine görä göçürileni sebäplidir. Gündelik-ýatlama ХХ-nji asyryň ellinji ýyllarynyň aýaklaryndan, has takygy altmyşynjy ýyllarynyň ortalaryndan yzgiderli ýöredilip başlandy. Şonuň üçinem oňa dürli ýyllarda ”Gizlin depder”, “Ýyllar ýatyr aramyzda”, “Moskwadan Murgaba çenli” diýen ýaly dürli-dürli at goýuldy. Ahyram gürrüň kyrk ýyllyk döwür barada gidýänligi sebäpli, “Kyrk ýylda ýazylan kitap” diýen at saýlanyp alyndy.
Bu kitaba awtoryň hiç kimiň ýüzüne göni garap aýdyp bilmejek pikirleri-de, durmuş, edebiýat, adamçylyk hakdaky oýlanmalary-da, ýatlamalary-da girizildi. Kitaby edil özüňiz ýaly millionlaryň biri bolan sada adamyň durmuş hakdaky, ömür hakdaky, ynsan gatnaşyklary hakdaky oýlanmasy diýip kabul ediň.
Ýazgylarymyň käbir bölegi ýazyjylar üçin täzeligem däldir, gyzykly hem bolmasa gerek. Sebäbi beýan edilýän wakalaryň köpüsi ýazyjylaryň dünýäsine degişli, şol dünýäden hem alyndy. Kitaba metbugatda, memuarlarda ozal çap bolan hem döredijilik adamlaryndan eşidilen pikirler-de girizildi. Çünki olar okyjy üçin has-da gyzykly bolar öýdýärin.
Ýene bir zat: Döredijilik adamlarynyň käte juda gödek ýaly bolup görünýän degişmelerini, garagolluklaryny beýan edýän setirleri okap, okyjy ony awtoryň öz galamdaşlarynyň mertebesini kemsitmäge synanyşygy diýip düşünmesin. Gülküsiz, degişmesiz durmuş ýok. Döredijilik adamlarynyň ömri bolsa, köplenç, degişmeden hem joşgundan ybarat.
Ikinjiden, kitapdaky käbir belliklere, pikirlere olaryň dörän, ýazylan wagtyndaky syýasy ýagdaýyň nukdaý-nazaryndan garamaly. Sebäbi şu gün örän batyrgaýlyk bilen gozgap bolaýjak dini, syýasy, ykdysady meselä ol döwürde düýpden başgaça garalýardy. Şonuň üçinem geçmişe şu günüň “batyrlarynyň” däl-de, gürrüňi edilýän döwrüň taryhy nukdaýnazaryndan seretmeli. Şeýle edilse, şu günüň “batyrlary-da”, düýnüň töwekgelleri-de öz degişli orunlaryny eýelärler.
Sarpaly okyjy! Ýazgylarymyň, iň bolmanda käbir ýeri göwnüňden turar diýip umyt edýärin. Yzyny dowam ediň! ....
No comments:
Post a Comment