Friday, October 14, 2016

Ýewropa Türkmen Kultur Ojagynyň Bildiriş - یوروپا تورکمن کولتور اوجاغی نئنگ بیلدیریشی

Türkmen Kultur Ojagy-Koln
Hormatly ildeşler,
1996-njy ýylyň 2-nji Nowemberi Türkmen Kultur Ojagynyň guralan günüdir. Biz bu şanly wakanyň mübärek ýyldönümi günlerinde ojagymyzyň döredilmeginiň 20 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegi göz öňüne aldyk.
Bu baýramda kultur ojagynyň 20 ýyllyk geçmiş ýoluna gysga bir serediljekdir. Şunuň bilen baglylykda Sizden eliňizde bolan ojaga degişli gyzykly materiallardan (surat, wideo wşm.) bize bir nusgasyny iberip, ýardam etmegiňizi haýyş edýäris.
Toý meýlisimiz Siziň kultur ojagy bilen baglanyşykly pikirleriňiz, ýatlamalaryňyz we ündewleriňiz bilen etjek çykyşlaryňyza açykdyr.
Toýa geljek ýoluňyza garaşýarys!
Duşuşygymyzyň:
Ýeri: Allerweltshaus, Körner Str. 77, 50823 Köln
Zamany: Ýekşenbe, 13.11.2016, sagat: 11:00- 15:00
Hormat bilen:
Türkmen Kultur Ojagy Müdiriýet topary Köln, 25.09.2016

***

حورماتلی ایلدشلر!
1996 – نجی نوامبری توٚرکمن کولتور اوجاغی نئنگ غورولان گوٚنی دیر. بیز بو شانلی واقانئنگ موٚبأرک یئل دؤنوٚمی گوٚنلرینده اوجاغی مئزئنگ دؤره دیلمه گی نینگ 20 یئللئغئنی دابارالی بللأپ گچمگی گؤزاؤنگوٚنه آلدئق.
بو بایرام – دا، کولتور اوجاغی نئنگ 20 یئل لئق گچمیش یولونا غئسغا بیر سرادیلجک دیر. شونونگ بیلن باغلی لئقدا سیزدن الینگیزده بولان اوجاغا دگیشلی غئزئقلی ماتریال لاردان (صورات، ویدئو و ش.م.) بیزه بیر نوسخاسئنی اییبریپ، یاردام اتمگینگیزی خوایئش ادیأریس.
توی – میلسیمیز سیزینگ کولتور اوجاغی بیلن باغلانشئقلی پیکیرلرینگیز، یادلامالارئنگئز و اوٚندؤولرینگیز بیلن اتجک چئقئشلارئنگئزا آچئق دئر.
تویا گلجک یولونگئزا غاراشیارئس!
دوشوشئغئمئز:
یری: آللئ ولت شائوز، کؤرنر ستریت، 77، 50823 کؤلن
زامانی: یکشنبه، 13-11-2016، ساغات: 11:00 –15:00
حورمات بیلن:
توٚرکمن کولتور اوجاغی موٚدیریّت توپاری: کؤلن، 25.09.2016
اااا

No comments:

Post a Comment