Monday, December 10, 2007

Türkmenistanyň tebigy goraghanalary- Hazarýaka


Hazar döwlet goraghanasyny döretmegiň taryhy Türkmenistanyň Hökümetiniň ýörite çykaran karary esasynda 1932-nji ýylda başlanýar. Şonda Etrek derýasynyň aşaky akymyny we Esenguly deňiz aýlagyny öz içine alýan Esenguly ornitologik (guşlaryň) goraghanasyny döredilýär. Ol 1968-nji ýylda Krasnowodsk döwlet goraghanasyna öwrülýär. Oňa Krasnowodsk we Demirgazyk Çeleken diýlip umumylykda atlandyrylýan ýalpak suwly deňiz aýlaglarynyň tutuş ulgamy goşulýar. Garaşsyz Türkmenistan Hökümetiniň karary bilen 1994-nji ýylda ol Hazar döwlet goraghanasy diýlip atlandyrylýar we onuň düzümine uly deňiz adasy Ogurjaly zakaznigi hem goşulýar.

Goraghana adaty gury Zakaspi çöllüginiň, Kaspiniň deňiz suw ýüzüniň we Eýranyň Astrabat subtropiki welaýatynyň sepinde ýerleşýär. Onuň ýeri biri-birinden ep-esli uzaklykda ýerleşýän 3 sany bölekden ybarat : Hazar, Esenguly we Ogurjaly zakaznigi. Goraghananyň umumy tutýan meýdany deňiz suw ýüzi bilen bilelikde 269 müň gektar.
Hazar bölegi. Çöllüge gatnaşýan bir kilometrik gorag zolagy bilen gurşalan Türkmenbaşy (ozalky ady Krasnowodsk), Demirgazyk Çeleken, Balkan, Mihaýlowsk aýlaglaryny öz içine alýar, onuň tutýan meýdany 192,3 müň gektar. Şolardan 159,3 müň gektar ýokarda görkezilen aýlaglaryň akwatoriýalary tutýar. Galanlary kenar ýakasyndaky şorluk we çöllükdir, deňiz adalarydyr we burunlarydyr. Bu ýeri dürli suwasty ösümlikleriň, şonuň ýaly-da oňurgaly haýwanlaryň faunasynyň iňňän bol ýeridir. ...

DOWAMY