Saturday, July 19, 2008

Mertligiñ ölçegi – Alyñ ala meýdanydyr!

2008-07-12
Ak Welsapar - yazyjy
Gulgeldi Annanyýazowyñ Türkmenistana nämüçin gidenligini anyk bilýän ýok. Munuñ sebäbini, belki, Gulgeldiniñ özi-de anyk bilýän däldir. Ýöne ol Türkmenistansyz ýaşap biljek däldi, her demde watany küýseýärdi. ...Dowamy - دوامی

1 comment:

  1. Mejbur bolup ýurtdan çykyp gaýdalaryñ arasynda yzyny küýsemeýän az, mümkinçilik dörese olaryñ köpüsi, elbetde, watana dolanjaklar. Ýöne Gulgeldiniñ watany küýseýşi - başgaçady.

    Men onuñ bilen bu meselede ozal birnäçe gezek gürrüñleşip gördüm. Özara gürrüñde ol mydama şu meseläni gozgardy, men gitmesem boljak däl diýerdi. Menem oña: ”Seniñ o taýda bir özüñ näme iş etjek? Bu bir adamyñ başarjak işi däl. Barsañ, tutarlar, hiç zadam edip ýetişmersiñ” diýip, oña öwran-öwran gaýtalapdym. Ol, elbetde, muña düşünmän duranokdy, özüniñ tutuljagyna-da akly ýetýärdi. Ýöne şonda-da, nämüçin öz watanyñ baryp bolmajagyna hiç düşünenokdy, düşünesem gelenokdy.

    ”Meni şo taýyk oklañ, men onsoñ adamlar bilen duşuşaýyn, gürleşeýin. Adamlar hökman aýaga galarlar. Hudaýa şükür, entek hemme mert oglanlar gyrlyp gutaranok” diýip, ol maña mundan iki ýyl öñ, ýagny 2006-nji ýylyñ tomsunda ýüz tutdy.

    Men oña özümiñ hiç kimi Türkmenistana ”oklap” bilmejegimi aýtdym. Birinjiden, mende beýle mümkinçilik ýok. Ikinjiden, bolaýanda-da, birewiñ janynyñ jogapkärçiligini öz boýnuña alyp, ony ýanar oda oklamak – her kesiñ başarjak işi däl. Eger-de ýurda barmak mümkin bolsa, ili iteklemezdim, gowusy, özüm giderdim” diýip, men Gulgeldä açyk aýtdym.

    Emma Gulgeldini höre-köşe bilen öz niýetinden dändermek kyndy. Ol gije-gündiz Türkmenistana gaýdyp barmagyñ arzuwy bilen gezýärdi. Şol sebäpdenem ol 2006-yñ tomsunda: ”Onda sen Adam hukuklaryny goraýan” guramalar bilen gürleş, seniñ olar bilen arañ gowy. Goý, olar maña Türkmenistana girmäge kömek etsinler, iñ bolmanda material taýdan kömek etselerem bolýar. Galanyny özüm oñararyn” diýdi.

    Onsoñ men – bu haýyşyñ netijesizdigini bilsem-de – Gulgeldiniñ göwnüni ýykmajak bolup, Wena Helsinki Federasiýasy bilen gürleşdim. Ol ýerde işleýän Natalýa Lazarewa Türkmenistanyñ problemalaryny gowy bilýärdi. Emma ol edil şol wagt bolmansoñ, tomus onuñ ýerinde oturan bir işgär gyza Gulgeldiniñ haýyşyny ýetirdim. Ol gyz aljyrady: ”Biz nädip oña Türkmenistana girmäge kömek edeli? Tersine, biz ol ýerden horlanýan, yzarlanýan adamlary çykarmaga kömek edýäris. Emma o taýyk dolanyp barmaga hiç kime kömek edip bilmeris” diýdi. Türkmenistana aşmak üçin material kömegini-de edip bilmeris diýdiler.

    Men Gulgeldä bu aýdylanlary telefonda gürrüñ berdim. Onuñ bu jogaby hut özüniñ hem Helsinki Feredarsiýasyndan eşitmegi üçin, Natalýa Lazarewanyñ ýerinde oturan gyzyñ telefon nomerini berdim. ”Ol gyz bilen özüñem gürleşip gör” diýdim. Gulgeldi Wena jañ edip, ol gyz bilen gürleşensoñ, maña şeýle diýdi: ”Görýän welin, olardan maña kömek ýok. – soñam sözüni şeýle jemledi: - Asla bu taýda maña hiç kimden kömek ýok”…

    Şonda men oña: ”Gulgeldi, bu wagt sen Türkmenistana girmäge döwtalap adamyny bu taýdan tapmarsyñ. Sebäbi o taýyk baryp, bitirip boljak iş ýok. Barsañ, tutjaklar – bolany şol. Dolanyp barmak üçin, ilki ýurduñ içindäki ýagdaýy azajygam bolsa üýtgetmeli” diýdim.

    Elbetde, ol muña düşünmän duranokdy, düşünýärdi. Ýöne düşünse-de, ýüregi muny kabul edenokdy. Öz ýurduña nämüçin baryp bolmajagyna düşünesi gelenokdy. Ýurtdan horlanyp çykyp gaýtsa-da, gelenden soñ kän wagt geçmänkä, ol derrew yzyna dyzap ugrady. Ol Türkmenistanyñ adamsydy, şol ýurtsyz bagtly bolup bilenokdy. Günbataryñ artykmaçlyklary ony imrindirenokdy.

    Meniñ pikirmçe, ol daşary ýurda gaçyp gelmedi, daşary ýurtlardaky türkmen oppozision güýçlerini ukudan oýarmak, olaryñ hereketini janlandyrmak, sözden işe geçilmegini gazanmak üçin geldi. Emma bu taýda ol öz isleginiñ puja çykandygyny gördi. Daşary ýurt türkmen oppozisiýasy diñe dilde ýurda kömek etmäge taýýardy, olaryñ arasynda Gulgeldi ýaly ”gözsüz batyrlar” ýokdy.

    Onsoñam, Gulgeldiniñ göz öñünde tutmaýan bir zady bardy. Daşary ýurt türkmen oppozisiýasy diýilýän adamlaryñ agramly bölegi Nyýazowyñ ozalky ministrleri, deputatlary, çinownikleridi. Olaryñ köpüsiniñ arkasynda maliýe etmişleri bardy. Ýurda barsalar, özleriniñ añsat aw boljakladyklaryny bilýärdiler. Maliýe jenaýatynda aýyplanmadyklarynyñ-da iñ bärkisi işi suda düşendi, şol sebäpdenem olar yzyna dolanmaga gorkýardylar.

    Gulgeldi welin, 1995 nji ýylyñ 12-nji iýulyndaky meşhur gozgalañyñ iñ belli guramaçysy bolsa-da, ýurda dolanmakdan gorkanokdy. Ol baryp, şol ýerde türmede oturmaga taýýardy. Ýöne Norwegiýada galyp, işsiz ýatasy gelenokdy. Ol sözüñ däl-de, eýse anyk hereketiñ adamsydy. Geçen ýylyñ tomsunda biziñ saýtymyza intervýu berende ol: ”Men lider däl, bolup bilsem bir esger. Ýöne 1995 ýylyñ 12-nji iýulynda özüm ýaly ýönekeý oglanlar maña ynam bildirip, öñe çykardylar” diýdi. Şol intervýusynda ol mertlik bilen namartlygyñ ölçegi hakda gürrüñ etdi. Ine, onuñ bu meselede diýen sözi: ”Mertligiñ ölçegi – Alyñ ala meýdanydyr!”

    Ak Welsapar, ýazyjy, adam hukuklaryny goraýjy

    ReplyDelete