ÝAGŞY NIÝET
Ak Welsapar-2008-07-18
Saparmyrat Nyýazow ölensoñ, Gulgeldi Annanyýazowyñ Türkmenistana bolan garaýşy görnetin üýtgedi. Elbetde, onuñ rejimiñ tarapyna geçmejegi bellidi. Ýöne şondan soñ ol dogduk depä has umytly garady. Dogrusy, Türkmenistana gaýdyp barmak höwesi soñra onuñ üçin gün tertibinde duran meselä öwrüldi. Iñ esasy zat-da, indi ol ýurda gizlin däl-de, açyk barmagyñ ugruna çykdy. ...Dowamy - وامی
Näme üçin Gulgeldi bu ýoly saýlap aldy? Näme üçin ol öz üstüne abanýan howpy äsgermezçilik etdi? Näme sebäpden ”gözsüz batyrlyga” ýüz urdy? Eýse S.Nyýazowyñ öleni bilen ýurtda syýasy taýdan entek ullakan bir özgerişligiñ ýoklugy belli dälmidi? Gurbanguly Berdimuhammedowyñ ýurtda demokratik reformalary başlamaga gyssanmaýanlygyny görmek kynmydy?
ReplyDeleteElbetde, syýasatdan gowy baş çykarýan adamlar üçin bu düşnüklidi. Ýöne şu ýerde, Gulgeldiniñ ”men syýasatçy däl” diýen boýun almasyny ýatlamaly bolýar. Häzirki ädimi bilen ol özüniñ syýasatçy däldigini añry ýany bilen subut etdi. Emma bu meselede başga bir zady hem ünsden düşürmek bolmaz: Gulgeldi syýasatçy bolmasa-da, syýasaty döretmäge ukyply şahsyýet! Ol eýýäm ikinji gezek bu ugurda özüniñ başarnygyny aýan etdi. Ozal 1995 ýylyñ 12-nji iýulynda, bu gezegem şondan 13 ýyl geçensoñ, 2008 ýylyñ iýunynda.
Gulgeldi Annanyýazowyñ öz üstüne abanýan ähli howp-hatary inkär edip, Türkmenistana barmagy – türkmen oppozisiýasynyñ ýürekgysgynç birsydyrgyn durmuşynda adatdan daşary waka. Beýle hadysa ozal mundan dogry 10 ýyl öñ, 1998-nji ýylda bolupdy. Şonda Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyñ lideri Avdy Kulyýev Türkmenistana gorky-ürküsiz barypdy. Özüniñ ýurda girjekdigini açyk aýdyp, başistik rejimiñ bäbenegine basyp, bu işi edipdi. Şol ädimi bilen merhum Avdy Kulyýev S.Nyýazovyñ rejiminiñ öz üstüne hem Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyñ üstüne atýan ähli aýyplamalaryny bir zarbada puja çykarypdy.
Şol gezek rejime Avdy Kulyny dürli intrigalaryñ kömegi bilen ýurtdan çykarmak başartdy. Indi Gulgeldi Annanyýazowyñ ykbaly nähili bolar? Eger rejim ony türmede saklasa, tiz wagtdan Gurbanguly Berdimuhammedowyñ Europa gelmesi, umuman, daşarky dünýä bilen aragatnaşygy gitdigiçe kynlaşar. Sebäbi häzir G.Annanyýazowy goramak boýunça başlanan hereket gün-günden güýçlenýär. Bu hereket geljekde hasam güýjär. Sebäbi türmä basar ýaly Gulgeldiniñ ullakan günäsiniñ ýoklugyna hemme kişi düşünýär.
Bu ýerde Türkmenistanyñ prezidentiniñ, hökümetiniñ we hukuk goraýjy guramalarynyñ hökman göz öñünde tutmaly zatlary bar. Birinjiden, G.Annanyýazow Türkmenistana gizlin däl-de, başyny dik tutup, açyk dolanyp bardy. Onuñ bu meselede resmi taýdan rugsat sorap, Türkmenistanyñ Gazagystandaky ilçihanasyna ýüz tutanlygy, emma bu kanuny haýyşynyñ ret edilenligi fakt. Bu Halkara hukuk goraýjy guramalaryna mälim. Ikinjiden, G.Annanyýazow Türkmenistana şol ýurduñ grajdanini hökmünde dolandy. Çünki ençeme ýyl Norwegiýada ýaşasa-da, ol öz ýurdunyñ grajdanlygyndan hiç haçan çykmandy. Diýmek, formal taýdan onuñ islendik wagtda öz ýurduna dolanmaga hukugy bardy. Üçünjiden, G.Annanyýazow Türkmenistana ýagşy niýet bilen dolandy. "Türkmenistanda oñyn özgerişleriñ tizleşmegi üçin täze prezidente goldaw gerek, meniñ bu ugurda kömegim deger" diýip, umyt etdi.
Saparmyrat Nyýazow ölensoñ, Gulgeldi diñe ýagşy umyt bilen gezdi. Diñe ýagşy umyt, ýagşy niýet bilen hem ol öz dogduk topragyny höwesledi. Ol Gurbanguly Berdimuhammedowy ozalky ganhor diktatordan kän tapawutly görýärdi. Şonuñ üçinem gizlenmän, bukulman, öz ojagyna dolandy. Eýse G.Annanyýazow ýalñyşdymyka? G.Berdimuhammedowyñ ozalky ganhor diktatordan hiç hili tapawudy ýokmuka? G.Berdimuhammedowyñ prezidentlik edýän döwründe-de, Türkmenistanda ýagşy niýetli, ýagşy pälli adamlara orun bolmajakmyka? Biz muny tiz wagtdan gutarnykly bileris. Bu soraglaryñ jogaby uzaga gitmän, belli bolar.
Ýagşy niýet bilen öz iline dolanan G.Annanyýazowyñ Türkmenistanda türme tussaglygynda oturanyna eýýäm bir aýdan gowrak wagt geçdi. Her geçen gün zoraýakdan syýasy tussaga öwrülen G.Annanyýazowa ölmez-ýitmez şöhrat, Türkmenistanyñ täze prezidenti G.Berdimuhammedowa-da soñra aşagyndan çykyp bolmajak masgaraçylyk getirýär. Eýse suña duşunmek kynmy?
Hamana döwletiñ bähbidini goraýan kişi bolup, bu masgaraçylygy döredenler prezident G.Berdimuhammedowyñ aýagyndan palta urýandyklaryny bilmeýärmikäler? Belki, olara geregi-de şoldur? Belki, olar prezidentiñ halkara arenasynda izolirlenmegini gazanjak bolýandyrlar?
Ol adamlar eýýäm ep-esli wagtdan bäri prezident G.Berdimuhammedowy Türkmenistanyñ halkyna ýigrendirip ýörler. Munuñ üçin olar başga pikirlileri, öz sözüni gorkman aýdan adamlary yzarlaýarlar, ýanaýarlar, olaryñ telefonlaryny kesýärler, olary dälihana dykýarlar. Görnüşine görä, ol güýçler indi prezidenti halkara arenasynda-da ýigrendirmegiñ ugruna çykana meñzeýärler. Häzirki başlan işlerini dowam etseler, onda, elbetde, olar özlerine gerek netijäni hökman gazanarlar. Şondan soñ G.Berdimuhammedow ol adamlaryñ elindäki oýnatga öwrüler.
Öz halky arkasynda durmaýan, halkara arenasynda izolirlenen prezidentiñ ykbalynyñ nähili gutarýandygyny G.Berdimuhammedow başga birinden sorap bilmeli däl, ol ony S.Nyýazowyñ ykbalynda görüpdi. Diýmek, oña özünden öñküniñ gödek ýalñyşlaryny gaýtalamagyñ düýbünden geregi ýok. Adam hukuklaryny bozmasañ, halkara arenasynda-da, ýurduñ öz içinde-de, abraýyñ uly boljak. Munuñ üçin artykmaç kän zat gerek däl. Etmeli iş: halkdan Konstitusiýanyñ berýän hukuklaryny gysganmaly däl, ýurdy tussaghana öwürmeli däl. Sözüñ bilen işiñ aýry çykmaly däl.
Elbetde, ýurduñ tebigy baýlyklaryna göz dikýänler biabraý prezident bilenem duşuşarlaram, gürleşerlerem. Ýöne Halkara Hukuk goraýjy guramalaryñ basyşy artdygyça olaryñ sany azalar. Öz halkynyñ ýigrenjine uçran, halkara arenasynda izolirlenen prezidenti ýurduñ tebigy baýlyklary uzak gorap bilmez. Meniñ pikirimçe, G.Annanyýazowyñ düýpli esas bolmazdan türmede saklanmagy halkara arenasynda G.Berdimuhammedowyñ abraýynyñ gaçmagynyñ başlangyjy bolar. Dogrusy, Sazak Durdymyradowyñ ”Azatlykda” çykyş edeni üçin dälihana salynmagy eýýäm G.Berdimuhammedowyñ abraýyna ep-esli zyýan ýetirdi. Norwegiýanyñ howandarlygyndaky G.Annanyýazowyñ Türkmenistanda tussag edilmegi ýurduñ hem onuñ ýolbaşçysynyñ abraýyna has-da güýçli urgy bolar.
G.Annanyýazow formal taýdan Türkmenistanyñ döwlet araçägini bozdy. Bu düşnükli. Ýöne bu ”düzgüni bozmagyñ” günäkäri Gulgeldiniñ özi däl, ony şol ýagdaýa iteklän, mejbur eden adamlar bar. Ol adamlar Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginde we ýurduñ Gazagystandaky ilçihanasynda otyrlar! Eger-de resmi taýdan ýüz tutanda, Türkmenistanyñ öz grajdany G.Annanyýazowa ýurda dolanmaga rugsat beren bolsadylar, onda bu ”düzgüni bozma” asla ýüze çykmazdy.
Sözümiñ soñunda men Gulgeldi Annanyýazowyñ Türkmenistana diñe ýagşy niýet bilen barandygyny doly subut edýän bir dokumenti, ýagny Gulgeldiniñ hut öz ses ýazgysyny köpçüligiñ we Türkmenistanyñ hukuk goraýjy edaralarynyñ, şol sanda Türkmenistanyñ Baş prokurorynyñ, şeýle-de G.Annanyýazowyñ aklawjysynyñ dykgatyna ýetirýärin.
Gulgeldi Annanyýazowyñ Türkmenistanyñ prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow barada Norwegiýadan Türkmenistana ugramazyndan öñ aýdan pikiri.
A.Welsapar, ýazyjy, adam hukuklaryny goraýjy